Liwiýa Meselesi we Çözgüt Tagallalary

Hepdäniň Syny

1498320
Liwiýa Meselesi we Çözgüt Tagallalary

 

Liwiýadaky harby şertlerden syýasy arena tarap süýşen soňky wakalary tapawutly dinamikalar herekete geçirdi. Marokkoda we Montrda geçirilen dialog gepleşiklerinden soň Prezident geňeşiniň üýtgedilip gurulmagy hakynda diskurslara esas döredildi. Şol sebäpli Tripolide we Bengazide ýüze çykan halk ýörişleriniň sebäp bolan içerki syýasy dartgynlygyna parallellikde Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer-ministri Sarraj bilen Haftaryň Premýer-ministri Tynni wezipeden çekiljekdikdigini beýan etdi. Sarrajyň oktýabr aýynda wezipäni tabşyrjakdygyny beýan etmegi bilen Prezident geňeşiniň täze düzümi we syýasy şertleriň durnuksyzlygy täze dartgynlyklaryň ýüze çykjakdygyny görkezýär.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary boýunça direktory Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Haftary goldaýan döwletlerin öz tarapdarlaryny döwlet edaralarynyň esasy wezipelerine belleme tagallasynyň güýçlenjekdigini aýtmak ýerlikli bolsa gerek. Şeýle bolan halatynda Liwiýada özüne syýasy gelejek döretmegiň yzyna düşen adamlaryň we toparlaryň tebigy şetlerde daşardan goldaw tapmak üçin işe girişmegine sebäp bolar. Şol sebäpli Liwiýanyň bäsleşige esaslanýan jemgyýetçilik we syýasy gurluşy täze şärikliklere ýa-da bölünşiklere sezewar bolup biler. Ýagny Liwiýanyň içeri syýasy bäsleşigi aldym-berdimli ýyla taýarlyk görýär.

Syýasy çözgüt üçin Ýokary döwlet geňeşiniň Başlygy Halid Myşri bilen Wekiller Mejlisiniň Başlygy Akila Salihiň arasynda Marokkoda geçirilen gepleşikler Liwiýadaky düşnüşmezligiň çözülmeginde kesgitleýiji boljaga meňzeýär. Açyk beýannama berilmedik hem bolsa, hepdäniň dowamynda Myşriniň Ankarada, Haftaryň we Salihiň bolsa Kairde gepleşikler geçirmegi üns çekiji. Aýratynam aralarynyň açykdygy bilinýän Haftar bilen Salihi ylalaşdyrma tagallasy Sisä zor salýar. Liwiýa Dialogy atlandyrylan Montr gepleşikleri bolsa has anyk netijeler berdi. Syýasy tapgyryň başladylmagy we Prezident geňeşiniň üýtgedilip gurulmagy ylalaşyk ugry hökmünde yglan edildi. Şeýlelikde Sarraj hem syýasy özgerlişik diskursyny şol beýannamadan soň yglan etdi.

Görülşi ýaly Liwiýa syýasaty gyzyşmaga başlady. Syýasy atmosfera dartgynlaşdygy saýyn Liwiýa gözegçilik etmek isleýän döwletleriň diskurslary we gönükdirmeler has gowy duýulmaga başlady. Şeýlelikde Türkiýäniň we Russiýanyň Liwiýa üçin geçirýän gepleşikleri hem beýleki döwletleri aladalandyrýar. Lawrowyň hepdäniň dowamynda “Türkiýe bilen ylalaşygy” habar berýän beýannamalary hem wagt taýdan üns çekiji. Sebäbi iki ýurduň hem Liwiýada harby güýçleri bar.

Liwiýanyň syýasy geljegi bilen bagly Hafatar-Salih ikiligi we olara ýaran döwletleriň umumy talaby Russiýanyň we Türkiýäniň Liwiýadaky güýçlerini çekmegi. Şeýlelikde rus güýçlerine bildirýän reaksiýasy ABŞ-nyň Afrika serkerdeliginiň beýannamasynda aç-açan duýulýar. ABŞ-nyň Türkiýäni hem Russiýa bilen bir tarapda görme meýili güýçlenýär. Aýratynam ABŞ-nyň harby we syýasy aladalarynyň aňyrsynda ykdysady tarpy bolan başlangyçlary ünsleri çekýär. Mysal üçin ABŞ Liwiýada nebitden alynýan girdejä Amerikan banklaryndan birinde gözegçilik etmek isleýär. Amerikan firmalaryndan biriniň eli bilen Merkezi bankyn hasaplaryna gözegçilik etmek we maliýe pudagyny dolandyrmagyň kül-külünde. Aýratyna Liwiýanyň howpsyzlyk pudagyndaky özgertmesini “Jones” atly Amerikan firmasyna berip, goranyş enjamlaryny eksport etmek isleýär. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň beýan edilen niýetlerine ýetmek üçin Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmegi onuň üçin mejburlyk bolup durýar.

ABŞ bilen birlikde Germaniýanyň hem halkara jemgyýetçiligiň ýanynda liwialy liderler bilen syýasy gepleşikleriniň depginini güýçlendirendigi görülýär. Nemes Ilçisi Oliwer Owza hepdäniň dowamynda bir tarapdan liwiýaly ministrler bilen tarapdan bolsa Liwiýanyň guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Gün tertibinde Liwiýanyň infrastrukturasyny ösdürmek üçin pikir alyşmak.

Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda geçirilen gepleşiklere parallellikde Liwiýada ygyýary ele geçirmek möhüm. Şonuň hem hem Liwiýanyň syýasatyny ugrukdyrmak hemde beýleki döwletleri meýdandan çykarmak gerek. Şol çäkde Türk-Rus ylalaşygyna jogap hökmünde ABŞ-nyň we Germaniýanyň başlangyjy bilen ikinji Berlin maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Maslahatda ylalaşyk we syýasy çözgüt diskursyny yzgiderli gaýtalan liderler, özlerine ýazdyryljak çözgüdi kabul etmäge mejbur edilip bilner. Şol çäkde Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda alynyp barylýan gepleşikleriň Liwiýa böleginiň netijesiz bolmagy mümkin. Şeýlelikde maslahatda daşary ýurt güýçleriniň Liwiýadan çekilmegi hakyndaky talap esasanda amerikalylar tarapyndan gün tertibine getiriler. Liwiýa meselesinde tagalla edýän döwletleriň arasynda täze bir hyzmatdaşlyk düzüminiň emele gelmegi ähtimal görünýär. Liwiýa siýasatynyň hem şol düzüme täsirini ýetirmegi hem-de olardan peýdalanmaga synanşmagy ähtimal.



Degişli Habarlar