Siriýada Wekilçilik Söweşleri

Hepdäniň Syny

1494193
Siriýada Wekilçilik Söweşleri

 

2011-nji ýylda başlan Siriýa ynkylaby diňe bir içerki göreşiň däl, eýsem sebitleýin we global güýç göreşiniň merkezlerinden birine öwrüldi. Ýurduň çägindäki göreş ençeme güýjüň daşardan goşulyşmagy bilen wekilleriň söweşine öwrülen bolsa, güýçler we olaryň ýaranlary hem özgerdi. Ynkylabyň başyndan bäri Siriýa syýasaty durnukly bolan ýurtlar bolsa Türkiýe, Russiýa we Eýran hökmünde öňe saýlandy. Türkiýe siriýaly oppozisionerleri goldaýan bolsa Russiýa we Eýran Başar Asadyň arkasynda durmaga dowam edýär. ABŞ bolsa Siriýa syýasatynda ikirjiňli.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýa ynkylabynyň ilkinji ýyllarynda ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlary hökümete garşy oppozisiýasy goldan bolsa, DAIŞ-in güýçlenmegi we Russiýanyň tagallasy bilen oppozisionerleri goldamakdan el çekdiler. ABŞ terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG we onuň syýasy bölümi bolan PÝD bilen harby hyzmatdaşlyk edip, esasanda ýurduň demigazyk gündogarynda gözegçilik zolagyny emele getirdi. Beýleki günbatar ýurtlary bolsa henizem Siriýanyň oppozisiýasyny kanuny diýip kabul edýän hem bolsalar, indi konkret goldaw bermeýärler. ABŞ bolsa Siriýa syýasatynda durnuksyz bolmagynda galýar. Obama döwründe şertler goýup, soň birnäçe gezek egilşik eden bolsa, soňky döwürde Obamanyň aslyna seredilende Russiýanyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda Siriýa harby operasiýa guramagy üçin şert döredendigi ýüze çykdy. Trampyň iş başyna geçmeginden soň bolsa Amerika esgerlerini yza çekmek islän hem bolsa ABŞ-nyň Merkezi güýçleri bilen käbir pozisiýalaryň Trampa doly yza çekilmekden ýüz öwürtmegiň hötdesinden geldiler. Bu meselede nebit Trampa garşy esasy kozer hökmünde öňe sürüldi. Häzirki wagtda ABŞ-nyň esgerleri Ýefrat derýasynyň gündogarynda Rimalan etrabyndan Deýrez Zora çenli bolan nebit känlerine baý bolan zolaklaryň gözegçiligini dowam etdirýär. Aýratynam SDG ady bilen PÝD/ÝPG-äni hem goldamaga dowam edýär.

Russiýa bolsa resmi Damask bilen birnäçe düşnüşmezliklere garamazdan ony goldamaga dowam edýär. Ýurduň dolulygyna Asadyň gözegçiligine degişli bolmalydygyny beýan edýän hem bolsa, onuň iş ýüzünde mümkin däldigini görýändigi üçin Türkiýe bilen Astana tapgyryna laýyklykda syýasy-harby gatnaşygyny dowam etdirýär. Idlibde harby basyş emele getirip, Türkiýäni öz bähbidi üçin başlangyçlar etdirmäge dyrjaşýar. Bir tarapdan bolsa Tel Rifatda we Manbijde ÝPG bilen gatnaşyklaryny dowam etdirýär. Aýratynam ABŞ bilen Ýefradyň gündogarynda, esasanda Malikie-Fişhabur zolagynda çekeleşýär. Şol ýerde ýygy-ýygydan harby gözegçilik geçirip, Amerikan esgerleri bilen gönüden garşy durmalary başdan geçirýär. ABŞ-ny zolakdan çykarmak üçin taktiki göreş alyp barýar. Russiýa üçin Siriýada möhüm bolan beýleki bir mesele bolsa Eýran bilen dowam edýän bäsleşigi. Oppozisionerlere we DAIŞ-iň galyndylaryna garşy Eýran bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýän bolsa hem, bir tarapdan-da Eýranyň gözegçiligini we pozisiýasyny gowşatmak isleýär. Hökümetiň öňündäki pozisiýasyny bolsa Eýrana garşy güýçlendirmek isleýär.


Etiketkalar: #söweş , #wekilçilik , #Siriýa

Degişli Habarlar