Türkiýäniň PKK Terroryna Garşy Göreşi

Hepdäniň Syny

1477714
Türkiýäniň PKK Terroryna Garşy Göreşi

 

Yrakda yzly yzyna öldürilen terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylary bilen bagly habarlaryň habar beriş serişdelerine gelip gowuşýan günlerinde Türkiýe terrorizme garşy göreşde soňky birnäçe ýylda özgerden strategiýasynyň netijesini almaga başlana meňzeýär. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň täze bir howpsyzlyk doktrinasy bilen howpy gözbaşynda ýok etme strategiýasyny iş ýüzüne geçirýän Türkiýe, şol bir wagtda milli şertlerde eýe bolan täze tehniki ukyby hem-de güýçli maglumat tory bilen terror guramasy PKK-ny diýseň ejizletdi.

 

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe soňky ýyllarda terror guramasy PKK garşy doly basyş häsýetli strategiýa bilen egilşiksiz göreşýär. Guramanyň Türkiýede, Yrakda we Siriýada ornaşan toparlaryny yzgiderli basyş astyna alýan, lider toparyny nyşana alyp dolanşyk gurluşyny nyşana alýan operasion usuly iş ýüzüne geçirýär. 15-nji iýuldan birnäçe wagtd soň “Ýefrat Galkany” opeasiýassy bilen serhetaşa operasiýalaryny başladan Türkiýe, “Zeýtun Şahajygy”, “Parahatçylyk Çeşmesi”, “Berkararlyk” we häzirki wagtda dowam edýän “Penje-Gaplaň” operasiýalary bilen terror guramasyny Yrak-Siriýa zolagynda ýersizleşdirip, basyş astyna alýar we onuň operasiýa ukybyny ortadan aýyrmagyň ýollaryny gözleýär. Türkiýe ozallar serhetaşa operasiýalary geçirip, yza çekilýän bolsa, indi yzgiderli häsýetde gözegçiligi ýola goýup guramanyň täze ýaran toplamagyna ýol bermeýär.

Türkiýe bularyň ýany bilen indi terror guramasynyň liderlerini nyşana alyp, guramanyň gözegçilik-dolanşyk ulgamyny strategik häsýetde ortadan aýyrmagy maksat edinýär. Soňky birnäçe ýylda KJK-niň dolandyryş geňeşine agza eneçeme terrorçy, aýratynam Türkiýedäki, Yrakdaky we Siriýadaky ýerli ýolbaşçylaryň esasy bölegi täsirsiz ýagdaýa getirildi. Bu taýdan maglumat ýygnaýyş ulgamynyň üstünlikli işlemeginiň ýany bilen Türkiýäniň öz milli mümkinçiliklerine laýyklykda uçarmansyz howa ulaglarynyň uly goşandy bar.

Türkiýe tarapyndan öndürilen we dünýäde ünsleri özünde jemlän “TB2” we “Anka” ýaly ýaragly uçarmansyz howa ulaglary terror guramasynyň opeasion ukybyny tas ýok etdi. Guramanyň ruhy taýdan hem derbi-dagyn bolmagyny gazandy. Türkiýede häzirki wagtda bar bolan terrorçy sanyny üç ýüze çenli azaldylan bolsa, terror guramasy Yrakda we Siriýada goranyş pozisiýasyna geçdi hem-de operasiýa gurama we goranyş ukybyny hem ýitirip barýar.



Degişli Habarlar