Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygynyň Sebäpleri

Hepdäniň syny

1466495
Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygynyň Sebäpleri

 

 

12-nji iýulda Ermenistan serhedinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Towuz welaýatyna ermeni güýçleri od açdy. Hüjüm sebäpli 7 Azerbaýjan esgeri şehit boldy. Soň başdan geçirilen kiçi çaknyşyklarda bolsa iki tarapdan hem adam pidalary çekildi. Ermenistan Azerbaýjany günäkärleýän bolsa, azerbaýjanly resmiler bolsa hüjümiň “ermeni meçew bermesidigini” beýan etdiler. Bu çaknyşyk uzak ýollardan bäri asuda bolan Ermenistan-Azerbaýjan dartgynlygyny ýaňadandan halkara syýasatynyň gün tertibine getirdi.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň Müdiri, ýazyjy Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

1992-njiýylda ermeni harby güýçleri we ermeniler tarapyndan goldanýan ýaragly toparlar Daglyk Garabagy we golaýdaky 7 etrap bilen Azerbaýjanyň tas 20 göterimini basyp alypdy. Millionlarça Azerbaýjan türki öýlerinden kowuldy we häzirki wagtda ýurduň içinde bosgunlykda ýaşaýarlar. Onlarça müň azerbaýjanly bolsa aradan çykdy. 1994-nji ýylda hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy we şol günden bäri çaknyşyk “doňduryldy”. Emma 2016-njy ýylyň aprelinde 4 gün dowam eden dartgynlyk söweşde 200 adam pida boldy. 2018-nji ýylyň tomusynda Azerbaýjanyň harby güýçleri Nahiçewan Awtanomiýasynyň daglyk etrabynda strategik ähmiýetli Gunnut obasynyň etrabyny ýaňadandan operasiýa başlatdy. Şol iki waka 1994-nji ýyldan bäri sebitde ýeke-täk özgerlişik boldy.

Towuza guralan hüjüm Ermenistan-Azerbaýjan düşnüşmezliginde täze bir perdäniň açylandygyny aňladýar. Şol çaknyşyk ozalkylar ýaly häzirem ýerli çaknyşyk däl, Russiýa, Eýran we Türkiýe bilen birlikde sebitde ýaýbaňlanan geosyýasy bäsleşigiň esasy bölegini emele getirýär. Towuz welaýatyna guralan hüjümiň aňyrsynda şol jähtden birnäçe sebäp durýar.

Şol sebäpleriň birinjisi; sebitleýin bäsleşigiň Kawkaz liniýasynda ýaýbaňlandyrylmaga synanşylmagy. Şu ýerde Russiýanyň iki ýurduň arasyndaky çaknyşykdan peýdalanýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Şol çaknyşyk Russiýa sebitdäki häkimiýetini berkitmek üçin täze şertler döredýär. Russiýa strategiýasyny Ermenistana laýyklykda alyp barýan hem bolsa, hem Ermenistan hem-de Azerbaýjan üçin esasy ýarag üpjün ediji. Sebitdäki durnuksyzlygyň Russiýanyň iki ýurda ýarag satmagy üçin täze bir sebäp döretmegi ine şol jähtden möhüm sebäp bolup durýar.

Ermensitan-Azerbaýjan çaknyşygyna goşulýan beýleki bir sebitleýin güýç bolsa Eýran. Eýranyň Azerbaýjanyň baş duşmany Ermenistan bilen bolan ýakynlygy resmi Bakuwy biynjalyk edýär. 1990-njy ýyllaryň başlaryndaky Daglyk Garabag söweşinde Eýran Azerbaýjanyň sebitdäki pozisiýasyny mariginallaşdyrmagyň ýollaryndan biri hökmünde Ermenistany goldapdy. Ermenistan-Eýran söwda ganaşygy 2019-njy ýylda rekord derejä ýetdi. Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa geçen ýyl Ermenistana guran saparynda şeýle diýipdi: “Dostumyz we goňşymyz Ermenistan bilen ähli ugurlarda gatnaşyklaryň ösmegine we giňeldilmegine aýratyn uly ähmet berýäris.”

Elbetde taryhy we medeni sebäplerden Türkiýe hem sebitiň esasy güýçlerinden biri we Azerbaýjany goldaýar. Russiýanyň Türkiýäniň ünsüni Siriýa we Liwiýa ýaly ýerlerden sowmagyň ýoly hökmünde Günorta Kawkazdaky şertleri dartgynlaşdyrmaga karar berme ähtimallygy Türkiýäniň pozisiýasynyň ähmiýetini hasam güýçlendirýär. Resmi Moskwanyň Ýerewan bilen bolan gatnaşygy göz öňünde tutulanda onuň mümkindigini aýdyp bileris.

Şol sebitleýin bäsleşik bilen birlikde çaknyşyklaryň aňyrsynda durýan ykdysady sebäpler hem bar. Nyşana alynan Agdam obasy Ýewraziýa ýer böleginiň merkezinde, Hazar oazisini Ýewropa we halkara energiýa bazarlaryna birikdirýän esasy nebit we tebigy gaz liniýalaryna iňňän golaýda ýerleşýär. Karta seredilende energiýanyň we söwdanyň Ýewropa bilen Aziuýanyň arasynda gatnadylmagy üçin üç ýol bar: Eýran, Russiýa ýa-da Azerbaýjan. 100 kilometr giňiligi bolan şol kiçijik söwda koridory, Azerbaýjanyň esasy şäherlerinden biri we sebitde ýerleşýän taryhy Ýüpek Ýolunyň söwda merkezlerinden Genjäniň göterýän “Genje Boşlugy” atlandyrylýar. Soňky çaknyşyklaryň başdan geçirilen ýeri bolsa Genje Boşlugynyň ortasynda ýerleşýär.

Häzirki wagtda Russiýa we Eýrana garaşly bolmadyk hem-de Genje Boşlugyndan geçýän üç sany esasy nebit we tebigy gaz turba geçirijisi bar; Baku -Tibilisi- Jeýhan, Baku-Supsa we Günorta gaz koridory geçirijileri. Günbatar Ýewropany Hazar oazisine birikdirýän fiber optiki kabeller hem esasy awtoýollar we demir ýollary ýaly Genje Boşlugyndan geçýär. Açyk aýdylanda Towuz hüjümi gönüden şol geo-ykdysady deňlemäni nyşana alýar. Eger Russiýa şol bir wagtda hem Ýewropa hem-de Liwiýa we Siriýa sebäpli Türkiýä basyş etmek isleýän bolsa, Genje Boşlugyndan amatly nyşana bolmasa gerek. Şonuň üçin hem Ermenistanyň özünden peýdalandyrmaga ençeme sebäbi bar. İçeri syýasatdan ykdysady şertleriň agyrlaşmagyna çenli Ermenistanyň Azerbaýjany biynjalyk etmek üçin eneçeme bahanasy bar.

Ermenistan-Azerbaýjan dartgynlygy täze bir sebitleýin çykgynsyzlygyň habarçysyna meňzeýär. Şol jähtden ýakyndan gyzyklanyp, çaknyşyklaryň ýaýbaňlanma ähtimallygyna taýarlykly bolunmaly.



Degişli Habarlar