Idlibde Dartgynlyk

Hepdäniň syny

1461759
Idlibde Dartgynlyk

 

Siriýada uly göwrümli çaknyşyklaryň bolmaýan döwründe-de iňňän möhüm wakalar başdan geçirilýär. Köp sanly içerki we daşarky güýç öz bähbidine laýyklykda harby hem-de syýasy göçümler edip, pozisiýasyny güýçlendirmäge synanşýar. 8 ýyldan bäri dowam edýän Siriýadaky içerki söweş dinamiki bolmagynda galýar. Käbir güýçler öz bähbidine laýyklykda strategiýalar düzmäge synanşýan bolsa, kabirleri onuň öňüni alýan göçümler edip, ýurtdaky haosyň dowam etmegini isleýär. Soňky döwürde İdlibde türk-rus bilelikdäki gözegçilik toparyna guralan hüjüm hem şol çäkde analiz edilmeli.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji hünärmeni Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Oppozisionerleriň soňky merkezi bolan we 3,5 million ilatly Idlibe hökümete degişli güýçler hem-de onuň ýaranlary tarapyndan hüjüm guralyp, ýüzlerçe müň adam başga ýerlere göçmeli bolýar, müňlerçesi bolsa aradan çykýar. Şol hüjümler Türkiýäniň tagallasy bilen togtadylypdy. Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyk bilen bolsa hüjümler bes edilipdi. Şol çäkde türk we rus esgerleri strategik ähmiýetli M4 gara ýolunyň ugrunda gözegçilik işlerine başlady we şol zolak barha giňelýärdi.

Idlib sebitinde geçirilen 20-nji Bilelikdäki gözegçilik toparynyň Badama ýetmeginden soň geçirilen 21-nji gözegçiligiň bolsa Moskwada kesgitlenen gözegçilik zolagyny öz içine almagy we gözegçilik işleriniň netijeli bolmagyna garaşylýardy. Emma gözegçilik zolagynda rus esgerlerine garşy bombaly ulag bilen hüjüm guraldy we Türkiýe bilen Russiýanyň ylalaşan gözegçilik liniýasy tamamlanyp bilinmedi.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Hattap Şişani” atly gurama öz üstüne aldy. guramanyň ulýan “Hattap Şişani” Russiýa üçin iňňän geň. Çeçenlere salgylanylýan şol gurama: Russiýa gönüden duýduryş berýär. Idlibde ýa-da Siriýanyň oppozisionerlere degişli sebitlerinde Hattap Şişani ady bilen bilinýän guramanyň ýokdugyny göz öňünde tutanymyzda möhüm soraglar ýüze çykýar. Kagyz ýüzünde döredilendigi belli bolan guramanyň Hurasaddin atly Al Kaýda bilen baglanşykly toparyň adyndan hüjüm gurama ähtimallygy bilen türk-rus ylalaşygyny bozmak isleýän üçünji güýjiň işi hem bolup biler.

Şeýlelikde rus harby howa güýçleri Idlibdäki hüjümden soň birnäçe howa hüjümini gurap, Idlibdäki oppozision toparlary bombalan bolsa, şol bir wagtda Bab şäherini bombalap, birnäçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Russiýanyň esgerlerine garşy hüjümden peýdalanyp, Türkiýä ýakyn durýan parasatly oppozision toparlary bombalamagy Moskwa ylalaşygynyň nähili ynjykdygyny görkezýän bolsa, Siriýada Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikde pozisiýa eýelemeginiň öňüni almaga synanşýan güýçleriň boş oturmaýandygy we meçew beriji aksiýalar bilen bar bolan şertlere zyýan ýetirmek isleýandigi ýene-de bir gezek görüldi.


Etiketkalar: #Russiýa , #dartgynlyk , #Idlib

Degişli Habarlar