Dört Ýyl Sonky 15-nji ýul

Hepdäniň syny

1457474
Dört Ýyl Sonky 15-nji ýul

 

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda saýlanan hökümeti häkimiýet başyndan agdarmak üçin FETÖ tarapyndan guralan, emma yza serpikdirilen harby agdarlyşykdan bäri 4 ýyl geçdi.

SETA-nyň Howpsyzlyk boýunça ylmy barlaglar bölüminiň Direktory Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňza ýetirýär.

Agdarlyşygyň üstünliksiz bolmagynyň aňyrsynda bir sebäp bardy. Şolaryň iň esasysy halkyň agdarlyşygyň öňüni almak üçin köçä çykyp, huntaçylaryň garşysynda egilşiksiz durmagydy. Netijede halk üstün çykdy, huntaçylar bolsa ýeňildi. Syýasatyň agdarlyşyklara garşy eýeleýän pozisiýasy hem agdarlyşygyň netijesiz bolmagynyň aňyrsynda durýan esasy sebäplerden biridi. 2007-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türk ýaragly güýçleriniň hökümete garşy beren beýannamasyna hökümet berk reaksiýa bildirip, berilen beýannamanyň harbylaryň borçlaryna girmeýän aksiýadygy nygtalypdy. Şol çemeleşme syýasatyň hasam güýçlenmegine sebäp boldy we raýat-esger gatnaşyklarynyň demokratiýalaşmagy taýdan taryhy öwrülşik nokady boldy.

15-nji iýuldan soň türk içeri we daşary syýasatynda birnäçe möhüm wakalar başdan geçirildi. Içeri syýasatda agdarlyşyk synanşygynyň yz ýanyndan başlan FETÖ-ni saplaýyş tapgyry üstünlikli amala aşyryldy. Howpsyzlyk, adalat, saglygy goraýyş we bilim ýaly möhüm pudaklarda FETÖ bilen gatnaşygy bolan adamlar wezipelerinden çetleşdirildi. Esasy bölegi günäli diýlip tapyldy. Şolaryň uly bölegi türk ýaragly güýçleriniň düzüminden çetleşdirilenlerdi. Möhüm wezipeleri eýelän harby personal wezipeden çetleşdirildi we goşunyň hataryndan çykaryldy. Şonuň ýaly hem içeri işler bölümlerinde işleýän we FETÖ bilen aragatnaşygy bolan müňlerçe polis gullukçysy işden boşadyldy.

15-nji iýuldan soň howpsyzlyk pudagynda edilen özgertmeler hem iňňän möhümdi. Şol çäkde Jandarm we Kenarýaka Howpsyzlyk serkerdelikleri Içeri işler ministrligine birikdirildi. Baş ştabyň başlygynyň harby goşun serkerdeleri bilen bolan gatnaşyk tertibi üýtgedilip, Milli goranmak ministrliginiň ygtyýary giňeldildi. Howpsyzlyk pudagynyň býurokratiýasynyň FETÖ-den saplanmagynyň we howpsyzlyk pudagynda edilen özgertmäniň ilkinji netijesi terrorçylyga garşy göreşde alyndy. Ýurduň içinde PKK garşy has netijeli strategiýa alynyp barylan bolsa, Siriýada DAIŞ-e garşy “Ýefrat Galkany” operasiýasy başladylyp, iki terror guramasynyň hem pozisiýalaryna agyr zarba uruldy.

Içeri syýasatda başdan geçirilen wakalardan biri iňňän möhümdi. 2917-nji ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen referendum bilen Türkiýede hökümet ulgamy özgerdilip, Prezident dolanşygyna geçildi. Şol özgertme bilen bilelikde parlamentar ulgam bes edildi. Soň geçirilen ilkinji saýlawda Türkiýe täze ulgama doly geçdi.

Daşary syýasatda bolsa 15-nji iýul hamala diýersiňiz öwrülşik nokady boldy. 15-nji iýuldan ozal güýçli harby goşunlaryndan Siriýa meselesi seäpli ýüze çykan howpsyzlyk meselelerini ortadan aýyrmak üçin ýerlikli peýdalanyp bilmedik hökümet, agdarlyşyk synanşygyndan bir aý soň Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy harby operasiýa geçirdi. Şol operasiýanyň netijeleri Türkiýäniň Siriýa syýasatynda-da täze sahypanyň açylandygyny görkezýärdi. “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen DAIŞ-i serhetlerinden çetleşdiren Türkiýe terror guramasy PKK-nyň Ýefrat derýasynyň günbatarynda iş alyp barmagyna ýol bermedi. Şeýlelikde “Ýefrat Galkany” operasiýasyndan soň PKK gönüden nyşana alyndy. 2018-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda başlan “Afrin” operasiýasy bilen PKK Afrinden çykarylýar. Şeýlelikde Türkiýe Siriýada has aktiw pozisiýa eýelemäge başlady. 2019-njy ýylyň oktýabrynda geçirilen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen PKK Ýefradyň gündogarynda zarba uran Türkiýe, şeýlelikde PKK-nyň Siriýada güýçlenip, demirgazykda döwlet gurmagynyň öňüni almagyň hötdesinden geldi. İdlib meselesiniň çözülmegi üçin hem tagalla eden Türkiýe 2020-nji ýylyň martynda Siriýanyň hökümetine İdlibde agyr zarba urýar. Ähli harby operasiýalar Türkiýäniň 15-nji iýuldan soň diplomatik taýdan has güýçli bolmagyny üpjün etdi.

Şol güýjiň iň netijeli ýeri bolsa Liwiýa. Liwiýa meselesinde 2011-nji ýyldan bäri diplomatik usullary saýlap alan Türkiýe, 2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda BMG tarapyndan ykrar edilen legal Tripoli hökümetini agdarmaga synanşlan Haftara garşy Milli ylalaşyk hökümetini goldady. Şol çäkde Milli ylalaşyk hökümeti bilen ylalaşyga gol çekişip, Haftara tabynlykdaky güýçleriň Tripolini almagyna ýol bermedi. Soň bolsa Haftaryň yza çekilmegini üpjün edip, Liwiýanyň üsti bilen sebitde oýnalýan oýuny dolulygyna bozýar.

Jemläp aýdanymyzda 15-nji iýul Türkiýe üçin köp tarapdan öwrülşik nokady boldy. Içeri syýasatda pozisiýasyny berkiden Türkiýe daşary syýasatda-da garaşsyz we işjeň hereket etmäge başlady. Türkiýe esasanda Ýakyn Gündogar meselesinde geosyýasy basyşa sezewar boldy. Bir tarapdan günbatar, esasanda ABŞ bilen 15-nji iýuldan soň agyr dartgynlyklary başdan geçirdi.



Degişli Habarlar