Liwiýada Soňky Deňagramlyk

Hepdäniň syny

1453703
Liwiýada Soňky Deňagramlyk

 

Türkiýäniň Milli ylalaşyk hökümetiniň bähbidine gören çäreleri bilen ähli deňagramlyklary özgeren Liwiýada hem harby hem-de syýasy wakalar başdan geçirilmäge dowam edýär. Türk ýaragly güýçleri tarapyndan goldanýan Milli ylalaşyk hökümetine degişli güýçler Sirte we Jufra şäherlerini almak üçin uly taýarlyk görüp, şol sebitleriň golaýyna ornaşýan bolsa, bir tarapda-da howa goranyş ulgamlary bilen güýçleriniň üstüni ýetirmegiň gözleginde. Haftara tabynlykdaky güýçler bolsa Russiýanyň Siriýanyň üsti bilen Jufra geçiren harby uçarlarynyň ýany bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýeleşdirmeginde Siriýanyň harby güýçlerine tabynlykdaky söweşijileri sebite getirmegi netijesinde harby taýdan garşylyk görkezmäge synanşýar. Harby wakalaryň ýany bilen diplomatik taýdan-da Liwiýa iňňän gelim-gidimli. Türkiýäniň ýany bilen Fransiýa we İtaliýa uly tagalla alyp barýan bolsa, Birleşen Arap Emirlikleriniň ugrukdyrmagynda Müsürdäki huntaçy general Abdulfattah As Sisi Liwiýadaky çaknyşyklara goşuljakdygyny aç-açan beýan etdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Liwiýada uzak dowam eden çaknyşyklaryň netijesi Türkiýäniň goşulmagy we Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky güýçlere beren goldawy bilen özgerenden soň, Haftary goldaýan güýçler gönüden çäre görmegiň ýoluny gözlemäge mejbur bolana meňzeýärler. Russiýa, Fransiýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Müsür ýaly ýurtlaryň emele getirýän koalisiýasy; öz aralarynda tapawutly bähbitlere eýe hem bolsalar, işiň özeninde Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky güýçleriň Haftary dolulygyna derbi dagyn edip, Liwiýada dolulygyna höküm sürmeginiň öňüni almak üçin göçüm etmäge başladylar. İlkinji nobatda diplomatik tagallalaryň depginini güýçlendirip, belli bir möhlet üçin hem bolsa hüjümleriň bes edilmegini gazanyp, Haftara tabynlykdaky güýçleriň ýeňilişini duruzmaga synanşdylar. Şol möhletde Russiýanyň köp sanly harby uçar getirmegi, Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe goldawy bilen Siriýa tabynlykdaky ýaragly güýçleriň Liwiýadaky front liniýasyna getirilmegi netijesinde häzirlikçe yza çekilmeler durana meňzeýär.

BAE-niň ýurduň günbataryndaky Watiýýe harby howa bazasyna howa hüjümini gyramagy, koalisiýanyň nähili egilşiksizdigini görkezmegi taýdan möhüm waka boldy. Şol ýurtlar azyndan bar bolan şertleri dowam etdirmek we nebit Ýarymaýy bilen bilelikde Sirte hem-de Jufra ýaly şäherleriň Milli ylalaşyk hökümetine degişli güýçleriň gözegçiligine geçmeginiň öňüni almak isleýärler. Türkiýe bolsa legal hökümete goldawyny dowam etdirýär. Soňky hepdede Türkiýeden Tripola guralan ýokary derejeli saparlar we yzy süre gol çekişilen ylalaşyklar hem şertleri güýçlendirdi.

Türkiýe elbetde diplomatiýa bilen Liwiýa meselesini çözmek isleýär we ilki bilen hüjümleriň doly bes edilmeginden soň bolsa syýasy çözgüt tapgyrynyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin tagalla edýär. Emma onuň üçin ähli güýçler 2015-nji ýylda Marokkoda gol çekişilen Suhaýrat ylalaşygynyň çäklerine çekilmeli, ýagny Sirte we Jufra ýaly möhüm ähmiýetli sebitiň Milli ylalaşyk hökümetine degişli güýçleriň gözegçiligine degişli bolmalydygyny beýan edýär. Emma taraplaryň şol şertlere laýyklykda ylalaşmagy mümkin görünmeýän bolsa-da, golaýda Milli ylalaşyk hökümetine degişli güýçleriň Sirtäni almak üçin operasiýa başlatjakdygyny aýtmak ýerliksiz bolmasa gerek.



Degişli Habarlar