“25 Ýyl Soň Srebrenitsa”: TRT World Forum Srebrenitsa Genosidini Seljerýär

Srebrenitsada näme bolupdy?

1450757
“25 Ýyl Soň Srebrenitsa”: TRT World Forum Srebrenitsa Genosidini Seljerýär

 “25 Ýyl Soň Srebrenitsa”: TRT World Forum Srebrenitsa Genosidini Seljerýär

         TRT World Forum tarapyndan guralan “Digital Diskussiýalar” gepleşigi Srebrenitsa genosidiniň 25-nji ýylynda bilermenleriň gatnaşmagynda bir hepdäniň dowamynda analitik bölümler geçirer. Şol maslahatlarda 8 müňden gowrak boşnýagyň gyrylan Srebrenitsa genosidi adam hukuklarynyň, harby jenaýatlaryň we “Hemaýat Etme Borjunyň” çäklerinde seljeriler.

         TRT World Forum tarapyndan guraljak “Digital Diskussiýalar” gepleşiginiň ilkinji bölümi şu gün (7-nji iýul sişenbe) “25 Ýyl Soň Srebrenitsa: Genoside Hemişelik Garşy Durmak” temasy bilen sagat 20:00-da TRT World Forum Youtube, Twitter we Facebook hasaplaryndan göni ýaýlyma beriler. Srebrenitsany Hatyralama gaznasynyň başlygy Dr. Wagnar Azminiň gatnaşjak bölüminde ylalaşyga bökdençlik döreden sebäpler, genosidi inkär edenleriň strategiýalary, Serp Respublikasyndan aýrylmak hakyndaky çagyryşlaryň ylalaşyga nähili täsir ýetirendigi seljeriler.

Hepdäniň dowamynda geçiriljek beýleki bölümler:

8-nji iýul, çarşenbe sagat 20:00

“Ozalky Ýugoslawiýanyň Jenaýat Kazyýeti we Harby Jenaýatlar Prokuroturasyndan”- Dr. Newenka Tromp Wrkij,

Amsterdam uniwersitetiniň mugallymy

9-njy iýul, penşenbe, sagat 19:00

“BMG-niň Srebrenitsany Goramak Borjy”- Bobi Kadman, Halkara Adalat Birleşmeleriniň esaslandyryjy şärigi we Başlygy

10-njy iýul, anna, sagat 20:00

“Srebrenitsada Halkara Adalat Näme Üçin Üstünlik Gazanyp Bilmedi?”- Serp Geffri Nis, Ozalky Ýugoslawiýada edilen jeneýatlary derňemek üçin döredilen Halkara Jenaýat Kazyýetinde jenaýat jogapkärçiligine çekilen Ozalky Ýugoslawiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Slobodan Milosewijiň kazyýet diňlenşigindäki baş prokuror.

11-nji iýul, şenbe, sagat 20:00

“Bosniýa Urşunyň we Srebrenisa Genosidiniň Gumanitar Çägi”- Ketrin Bomberg, Dereksiz Ýiten Adamlar Boýunça Halkara Toparynyň Baş Müdiri.

Gatnaşyjylar  gepleşiklere TRT World Forumyň sosial media hasaplary arkaly tomaşa edip bilerler;

 

Youtube: @trtworldforum

Facebook: @trtworldforum

Twitter: @trtworldforum

 

Srebrenitsada näme bolupdy?

 

Ýurduň gündogaryndaky Srebrenitsanyň 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ratko Mladijiň serkerdelik edýän serp goşunlary tarapyndan basylyp alynmagyndan soň BMG-niň garamagyndaky gollandiýaly esgerlerden hemaýat soran boşnýak raýatlar, soň serplere tabşyrylýar.

 

Zenanlaryň we çagalaryň boşnýak esgerleriň gözegçilik edýän zolagyna rugsat beren serpler azyndan 8,372 boşnýagy tokaýlykda, fabriklerde we ammarlarda zalymlarça gyrdy we köpçülikleýin mazarlara gömdi.

 

Söweşden soň ýitenleri tapmak üçin başladylan gözleglerde köpçülikleýin mazarlarda jesetleri tapylan gurbanlar, şahsyýetleriniň anyklanmagyndan soň her ýylyň 11-nji iýulynda Potoçari Gonamçylygynda geçirilýän hatyralama çäreleri bilen jaýlanýar.



Degişli Habarlar