Liwiýada Deňagramlyklar Özgerýär

Hepdäniň Syny

1440104
Liwiýada Deňagramlyklar Özgerýär

 

Liwiýada Deňagramlyklar Özgerýär

SETA-nyň Howpsyzlyk Barlaglar bölüminiň Direktory, ýazyjy, Dosent doktor Murat Ýeşiltaşyň Liwiýa temasyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türk daşary syýasatynyň ýakyn taryhynda Liwiýa meňzeýän başga waka ýok bolsa gerek. Türkiýe Liwiýada harby güýjünden peýdalanyp, stoluň başynda hiç haçan alyp bilmejek netijesini aldy. Başdan geçirilenlere nobaty bilen ser salmak ýerlikli bolsa gerek. 2019-njy ýylyň aprelinde başladan agdarlyşyk synanşygy bilen Tripoliniň içerki etrapçalaryna çenli baryp ýeten huntaçy Haftar, Türkiýe Liwiýanyň hökümetine goldaw bermedik bolanda hem Tripolini alardy, hem-de Milli ylalaşyk hökümeti agdarylardy. Tripoliniň synmagy Ortaýer deňzi sebitindäki geosyýasy bäsleşikde Türkiýäni goranyş pozisiýasynda ýeke goýardy. Şol netijäniň öňüni almak üçin Türkiýe iki ugurly strategiýany iş ýüzüne geçirdi. Ilki Milli ylalaşyk hökümetiniň frontda çaknyşygy guramagyny üpjün etmegini ýola goýan harby strategiýa taýarlady. Şeýlelikde frontda yzgiderli häsýetde Haftardan ýeňilýän Milli jebislik hökümetine degişli güýçler öz aralarynda guramaçylykly hereket etmegiň hötdesinden gelip, goranyş pozisiýalaryny berkitdiler. Ikinjiden bolsa Türkiýe Milli ylalaşyk hökümetine degişli güýçlere Haftar garşy goldaw berip, hüjüme geçmeklerine şert döretdi. Şeýlelikde sowutly ulaglardan ýaragly we ýaragsyz dronlar Liwiýanyň höklümetine gury ýerde hereket erkinligi we tizlik döreden bolsa, howa güýçlerinde Haftardan güýçli pozisiýa eýelemegine şert döretdi.

Bu tapgyryň netijesinde Milli ylalaşygyk hökümetine degişli güýçler Haftaryň ysa serpikdirilip bilinjekdigine göz ýetirmäge başladylar. Şeýlelikde Haftar ilki Tripoliniň günortasyndaky etraplary elden giderdi, soň bolsa yza çekilmäge mejbur boldy.

Watiýäniň alynmagy bir tarapdan Tripolä garşy operasiýa basyşyny azaldan bolsa, beýleki tarapdan-da Haftara degişli güýçlere garşy operasiýa gurama alternatiwini artdyrdy. Watiýeniň alynmagyndan soň ilki Terhuna synýar, soň bolsa Sirtä giň gerimli operasiýa başladylýar. Şondan soň üstünlikleriň strategik gazanylanlara öwrülmegi hasam möhüm. Şeýlelikde türk resmiler 17-nji iýunda Tripola ýokary derejeli sapar guradylar.

Saparyň maksady diýseň açyk: Liwiýanyň bitewileşdirilip, durnuklaşdyrylmagy. Eger onuň hötdesinden gelinen halatynda Türkiýäniň Ortaýer deňizindäki pozisiýasyny berkitmegi mümkin bolar. Şol maksadyň amala aşmagy bolsa gazanylan üstünligiň diplomatik şertlerde dowam etdirilmegi bilen mümkin bolar. Bu barasynda birnäçe hususy nygtap geçmek ýerlikli bolar.

Ilkinji hususlardan biri Liwiýa meselesiniň Saud Arabystany-BAE-Müsür taýdan sebitleýin mesele bolmagy. Ol Türkiýäniň hereket giňişligini diýseň çäklendirýär. Türkiýäniň adybir ýurtlar bilen hem ýokary derejeli özara düşnüşmezlikleriniň bolşy ýaly, sebitleýin garaýyşlar taýdan hem uly tapawutlyklar bar. Liwiýada Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasy şol üçlügi hasam gazaplandyrdy. Emma Liwiýada syýasy çözgüde ýetmek üçin şol ýurtlaryň haýsam bolsa bir görnüşde tapgyra degişlidigi ýatdan çykarylmaly däl. Şol sebäpden hem adybir ýurtlar diplomatik arenada tutmak iňňän möhüm.

Ine şu ýerde bolsa Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda Liwiýa boýunça ylalaşmak möhüm. Russiýada Siriýada bolşy ýaly Liwiýada harby pozisiýasyny doly berkidip bilmedige meňzeýär. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Russiýanyň Liwiýa göçüminden biynjalyk bolýandygy hem fakt. Şol sebäpli Russiýanyň harby güýjüni Liwiýa ornaşdyrmazdan ozal çözgüt şertleriniň döredilmegi hökmany. Şeýlelikde Müsür-Saud Arabystany-BAE hyzmatdaşlygynyň hereket ukyby çäklendiriler.

ABŞ-nyň Liwiýa meselesine gönüden goşulmagy mümkin bolmasa hem Ortaýer deňizi bilen bagly strategiýalary taýdan Liwiýa ähmiýet berýändigi hem möhüm fakt. Şol sebäpli Türkiýe ABŞ-nyň Russiýa garşy pozisiýasyndan peýdalanyp, Liwiýada deňagramlyk döredip biler.

Türkiýäniň Liwiýa strategiýasynyň esasy bölegini bolsa Milli ylalaşyk hökümetiniň pozisiýasyny berkitjek özgerlişik başlangyçlaryna gyssagly girişmegi emele getirýär. Şonuň üçin Liwiýadaky howpsyzlyk faktorynyň başda durmagynda syýasy geçiş tapgyry üçin möhüm bolan syýasy, jemgyýetçilik we sosiologik şertleriň döredilmegi iňňän möhüm.



Degişli Habarlar