Global Öwrülşik Sanjysy

Hepdäniň Syny 06.06.2020

1430834
Global Öwrülşik Sanjysy

 

Koronawirus epidemiýasy bütin dünýä üçin agyr zar boldy. Zol zarba ABŞ-daky demonstrasiýalar bilen bilelikde hasam agyrlaşdy. Käbirlerine görä epidemiýa 2-nji Jahan urşundan bäri halkara jemgyýetçiliginiň başdan geçiren iň agyr çökgünligi.

Çökgünlik global jemgyýet saglygy bilen bagly hem bolsa, halkara syýasatyň uzak möhletden bäri diskussiýa edilýän ugurlaryndan biri bolan dünýä ulgamy bilen bagly jedelleri ýaňadandan güýçlendirdi. Käbirleri epideniýanyň Hytaýyň liderlik etmegindäki täze dünýä ulgamyny ýüze çykarjakdygyny çaklaýar, beýlekiler bolsa ABŞ-nyň liderliginiň ortadan aýrylmagyna sebäp boljakdygyny beýan edýär. Käbirleri epidemiýanyň globallaşmany ýok etjekdigini aýdýar, beýlekiler bolsa global hyzmatdaşlyk taýdan täze döwrüň başlajakdygyny tama edýär.

Çaklamar bular bilen hem çäkli däl. Epidemiýanyň global derejede milletçiligi güýçlendirjekdigi, global söwda torlaryny gowşatjakdygy we dürli ýurtlarda dolanşyk ulgamynyň üýtgemegine sebäp boljakdygyny çaklaýar.

Şol gerimi giň özgerlişik şemalyndan halkara syýasatynyň hem nesibesini almajakdygyny aýtmak ýerlikli bolmaz. Eýsem korona epidemiýasynyň global ulgamda düýpli özgertmelere sebäp boljakdygyny öňe sürmek iňňän kyn. Bar bolan çökgünlik global güýç mümkinçiliginiň ýaňadandan bölüşilmegi bilen bagly mesele bolmakdan aňyrda, global dolanşygyň duçar bolan çökgünligi hökmünde ýüze çykdy we şeýle hem dowam etdi. Şol çökgünligiň bar bolan global ulgamyň özgerliş tapgyryna has agyr basyş emele getirme ähtimallygy ýokary. Şonuň bilen bilelikde koronadan soň dünýä ne täze Hytaý parahatçylygynyň ne-de Amerikan parahatçylygynyň beýgelmegine şaýatlyk eder. Tersine iki güýç hem bir-birleri bilen girişen bäsleşiginde ejirläp, has deňagramly dünýä ulgamynyň döremegi üçin ençeme pursat dörär. Hasam möhümi, ABŞ bilen Hytaýyň arasynda başdan geçirilýän geosyýasy we ykdysady göreşiň düzümine we gerimine baglylykda halkara ulgamynyň umumy özboluşlygy we sebitleýin ulgamlarda başdan geçirilýän geosyýasy bäsleşik täze döwürde üýtgese gerek.

Çökgünlik halkara derejesinde ykdysadyýetde global derejede aşaklama we azalma görnüşinde duýular. Global ykdysadyýetdäki kadalaşma we adatylaşma tapgyry bolsa epidemiýanyň haçan gutarjakdygyna bagly bolar.

Beýleki tarapdan ABŞ-Hytaý bäsleşigi käbir geosyýasy netijeleri ýüze çykarar. ABŞ-nyň Hytaýa garşy berk pozisiýa eýeläp, basyşa esaslanýan strategiýa kabul etmegi, Aziýa-Ýuwaş Umman sebitini öz içine alýan gesyýasy we howpsyzlyk meseleleriniň çuňlaşmagy hem-de ABŞ-nyň käbir halkara şertnamalaryndan we guramalaryndan çekilip, global derejede çuňlaşýan dolanşyk meseleleriniň hasam artmagyna sebäp bolar.

ABŞ-Hytaý arasyndaky bäsleşigiň beýleki sebitleýin aşakky ulgamlara ýaramaz täsir ýetirmegi bolsa ýokary ähtimallyklar hökmünde kabul edilýär. Şol sebäpli ÝB, Trans-Atlantik gatnaşyklar, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerini öz içine alýan durnuksyzlygyň ýüze çykmagy ähtimal. Emma bularyň ähli dünýä ulgamynyň soňuny yglan etmek üçin ýeterlik däl.

Korona epidemiýasynyň dünýäni nägili özgertjekdigi ABŞ-da nämeler boljakdygy bilen gönüden baglanşykly. Soňky demonstrasiýalar bilen bilelkikde emele gelen çaýryklar ABŞ-nyň global liderlerini hasam ejizleder. Koronanyň täsiri bilen täze syýasat üçin şert döredi. Şol şert Amerikada rasizme garşy aksiýalar görnüşinde ýüze çykan bolsa, başga sebitlerde başga sebäplerden ýüze çykarar we ýaýbaňlanar.



Degişli Habarlar