18-nji mart Çanakgala Deňiz Ýeňişiniň Güni

Türk goşunlary duşman goşunlaryny Dardanel bogazynda derbi dagyn edýär

1380243
18-nji mart Çanakgala Deňiz Ýeňişiniň Güni

1-nji Jahan urşuna gatnaşan Osman imperiýasynyň Stambuly basyp alyp, uruşdan çetleşdirmek islän Britaniýanyň we Fransiýanyň deňiz flotlary Dardanel bogazyny deňiz ýoly bilen geçmäge synanşypdy. Osman goşunynyň we deňiz güýçleriniň beýik ýeňişi bilen tamamlanan şol hüjüm iňlis we fransuz deňiz flotlarynyň agyr ýitgä sezewar bolup, yza çekilmegi bilen gutardy. İňlis we fransuz güýçleri bogazy deňizden geçip bilmejekdiklerine göz ýetirip, gury ýerden urşa girişýärler. Türk milletiniň batyrgaýlygy we pidakärligi bilen uly ýitgi çekilendigine garamazdan Dardanel bogazy basyp alyjy güýçlere ýol bermedi. “Çanakgala geçilmez” sözi dostuň duşmanyň düşünjek dilinde gaýtalandy. Dardanel deňiz ýeňişi ýene-de bir gezek dabara bilen belläp geçilýär.



Degişli Habarlar