“Bahar Galkany Operasiýasy”

SETA-nyň Hovpsyzlyk barlaglar boýunça Direktory ýazywy Dosent dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça syny...

1373744
“Bahar Galkany Operasiýasy”

 

“Bahar Galkany Operasiýasy”

 

Soňky hepdelerde Idlib bilen baglylykda başdan geçirilýän vakalar Siriýadaky çaknyşyklaryň täze bir tapgyra geçendigini görkezýär. Russiýa tarapyndan goldanýan Siriýanyň hökümetine degişli guryýer ve hova güýçleriniň İdlibde strategik ähmiýetli M4 ve M5 gara ýollarynyň gözegçiligini ele geçirmek ugrundaky synanşygyna Türkiýäniň berk garşylyk görkezmegi İdlibi birdenkä dünýäniň gün tertibiniň esasy meselesine övürdi. Soňky gezek 27-nwi fevral güni Siriýanyň hökümetine degişli hova güýçleriniň Türk ýaragly güýçlerine hüwüm etmegi sebäpli Türkiýäniň 33 esgeriniň şehit bolmagy Idlib meselesini hasam çuňlaşdyrdy ve Türkiýäniň hökümete berk ve giň gerimli gaýtavul görkezmegine sebäp boldy. Hova hüwüminiň Russiýa tarapyndan guralandygynyň bilinýändigine garamazdan resmi Ankara hüwüme Asadyň wogapkärçiligi hökmünde çemeleşdi ve İdlibiň etraplarynda hökümete agyr zarbalar urdy. Bu vaka Siriýa urşunda iki dövletiň ilkinwi gezek şeýle uly derewede göreşmegi mansyny aňlatmak bilen birlikde, Türkiýäniň operasiýasy Siriýa meselesi bilen gyzyklanýan ähli taraplaryň pozisiýasyny selwermegine sebäp boldy.

SETA-nyň Hovpsyzlyk barlaglar boýunça Direktory ýazywy Dosent dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýaris.

Türkiýäniň “Bahar galkany” atlandyran operasiýasy onuň güýwüni hem görkezdi. Siriýadaky içerki urşuň dovamynda Türkiýe bilen Siriýa şeýle uly derewede çaknyşmandy. Türkiýe, hova giňişliginiň türk harby uçarlaryna ýapykdygyna garamazdan ýaragly doronlary bilen Siriýanyň hova giňişligini girdi ve Idlibiň golaýynda Siriýanyň hökümetine degişli ähli hereket edýän elementleri ýok etdi. Operasiýanyň ikinwi gününde Siriýanyn hökümeti öz tarapynda söveşýän 2500-den govrak (resmi görkeziwiler) esgerini ve söveşiwisini ýitirdi. Şol sanda 100-e golaý tanky hatardan çykaryldy, iki sany SU 24 ve L 36 kysymly harby uçary Türkiýe tarapyndan urlup düşürilýär. Hökümetiň ýitgileri bular bilen hem çäkli däl; hova goranyş ulgamlary, artilleriýa batareýalary ve köp sanly sovutly ulag hem hatardan çykaryldy. Şeýlelikde Türkiýe diňe bir esgerlerine garşy guralan hüwüme garşylyk görkezmän, hökümetiň agyr ýitgi çekmegine sebäp bolan harby taktikany ve strategiýany iş ýüzüne geçirdi. Resmi Ankara esasanda ýaragly dronlar bilen hüwüm gurap, söveş taryhynde täze bir tapgyra geçilmegine sebäp boldy.

Strategiýanyň maksady bolsa mälim; hökümete degişli güýçleri Soçi ylalaşygynda kesgitlenen zolaga çekmek. Emma ýerlerden gelip govuşýan habarlar hökümetiň agyr ýitgi çekýändigine garamazdan ýerleşýän pozisiýalaryndan çekilmewekdigini görkezýär. M4 ve M5 gara ýolunyň şol bir vagtda gözegçilik edilmegi taýdan strategik ähmiýetli Sarakib etrabyna yzgiderli häsýetde gözegçilik edýän tarapyň üýtgäp durmagy onuň subutnamasy bolsa gerek. Üssesine resmi Moskva operasiýanyň birinwi gününde hökümetiň agyr ýitgi çekmegine garamazdan hiç hili pozisiýa eýelemedik hem bolsa, soňky günlerde pozisiýasyny aç-açan beýan etdi. Sarakip etrabyna Russiýanyň harby polis güýçlerini getiren resmi Moskva, Türkiýäniň operasiýany giňeltme ähtimallygyna garşy öz pozisiýasyny berkitdi. Ol hem Türkiýäniň ünsli çemeleşmegine sebäp bolýar. Eýsem iki ýurt hem gönüden çaknyşmagyň tarapynda durmaýar. Türkiýe Soçi ylalaşygynda kesgitlenen serhede çekilme boýunça egilşiksiz çemeleşýän bolsa, resmi Moskvanyň niýetiniň tapavutlydygy görülýär. Iki ýurduň hem çaknyşygy güýçlendirmegiň tarapynda durmaýandygy bolsa hemmelere mälim.

5-nwi martda duşuşan Putin bilen Erdogan 2018-nwi ýylda kabul edilen Soçi ylalaşygyna ýene-de 3 madda goşup, Idlib meselesinde täze bir ylalaşyk zolagynyň döredilmegini üpwün etdiler ve dartgynlygyň mövwemeginiň öňüni aldylar. Ylalaşygyň yglan edilmegi bilen bilelikde M4 gara ýolunyň demirgazygynda ve günortasynda 6 kilometr zolagynda hovpsyz zolagyň dördilmegi boýunça ylalaşyldy. Beýleki tarapda türk ve rus bilelikdäki gözegçiliginiň M4 gara ýolunyň ugrunda geçirilmäge başlanmagy boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şeýlelikde Türkiýe režimiň ve Russiýanyň başga ýerleri almagynyň öňüni alyp, täze bir bosgun meselesiniň ýüze çykmagyny hem ortadan aýyrdy ve oppozisionerleriň pozisiýalaryny goramak üçin vagt utdy. Moskvadaky ýokary dereweli maslahatda Idlib meselesine düýpli çözgüt tapylmadyk hem bolsa, vagtlaýyn çykalga bilen meseläniň çykgynsyzlaşmagynyň öňi alyndy. Russiýanyň ve režimin mundan soň täze bir hüwüme girişmewekdigi kepillendirilmedik hem bolsa, Türkiýe bar bolan şertlere laýyklykda häkimiýetini güýçlendirip, Idlib meselesiniň gaýtalanmagynyň öňüni alyp biler. Moskvadaky maslahatyň esasy netiwesi bolsa türk-rus gatnaşyklaryna beýleki ugurlaryň hasam möhümdigi üçin Idlib sebäpli zyýan ýetirilmändigi. Emma netiwede Idlib meselesi özara gatnaşyklara nähilem bolanda zyýan ýetirdi.



Degişli Habarlar