Özboluşly türk alkogolsyz içgilerinden biri bolan salebiň orhideýadan taýarlanýandygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-geňdir dünýe 06

Özboluşly türk alkogolsyz içgilerinden biri bolan salebiň orhideýadan taýarlanýandygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-geňdir dünýe 

 

Özboluşly türk alkogolsyz içgilerinden biri bolan salebiň orhideýadan taýarlanýandygyny bilýäňizmi?

Orhideýa diýlen ýada düşýän zat, umuman tropiki sebitlerde ösýän güllerdir. Eýsem Türkiýe tebigy ýagdaýda ösýän orhideýalar taýdan Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň  iň baý ýurtlaryndan biri.

Anadolyda orhideýa görnüşlerine umuman “salep” ýa-da “şalep” diýilýär. Salep sözi gadymy Anadoly dillerinden gelip çykýan söz bolup, şypa bermek we gowulandyrmak adalgalary bilen bagly. Müňlerçe ýyldan bäri Anadoly ynsanlary orhideýalardan azyk we derman maksatly salep öndürýändigi üçin şol ösümlikleri salep atlandyrypdyr.

140 töweregi orhideýa görnüşine eýe bolan Türkiýede şolaryň 40-a golaýy Anadola mahsus endemiki görnüşlerdir. Giňden ýaýran we Anadolyda salep ýa-da salep güli atlandyrylýan endemiki “Daktiloriza osmanika” atly orhideýanyň ýapraklary salep üçin peýdalanylýar. Maý we iýun aýlarynda gyzyk reňkli gül açýan şol orhideýanyň ýapraklary Gümüşhane welaýatynyň etraplarynda üwelenden soň, süýt bilen bişirilip, azyk hökmünde sarp edilýär. Şol orhideýanyň ilkinji tapylan we iň köp ösýän ýeri Kahramanmaraş welaýatynyň Elbistan etrabydyr. Bu orhideýadan edilýän salep hem gyş aýlarynda gyzgyn içilýär, hem Maraş doňdurmasyna goşulyp, özboluşly aromat tagamy emele getirilýär.


Etiketkalar: tagam , salep , orhideýa

Degişli Habarlar