10-njy dekabr Adam hukuklarynyň bütin dünýä güni

Adam hukuklarynyň bütin dünýä güni 71 ýyl ozal yglan edilipdi

1320907
10-njy dekabr Adam hukuklarynyň bütin dünýä güni

Şu gün Adam hukuklarynyň Bütin dünýä gününi belläp geçýäris. Bütin adamzadyn erkin we deň derejelidigi düşünjesinden ugur alýan BMG-niň Baş Assambleýasy 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda, mundan 71 ýyl ozal şu güni adam hukuklarynyň Bütin dünýä güni hökmünde yglan edipdi. Türkiýe 1949-njy ýylyň aprel aýynda BMG-niň esaslandyryjy jarnamasyny tassyklady. 1949-njy ýyldan bäri Türkiýede-de bütin dünýäde bolşy ýaly 10-njy dekabr adam hukuklary güni bellenilip geçilýär. Adam hukuklarynyň dünýä derejesinde bellenilip geçilmegi elbetde adam hukuklary düşünjesiniň ýaýbaňlanmagynyň netijesi amala aşdy. 2-nji Jahan urşunda diýdimzor dikdatorlaryn dünýäni kert gaýanyň kenaryna alyp barmagy millionlarça adamyň pida bolmagy, sürgün edilmegi, gyrylmagy ynsan bolmakdan gelip çykýan hukuklaryň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, kepillendirilmegini üpjün etdi. Häzirki döwürde uly göwrümli uruşlar bolmasa hem Yrak, Siriýa ýaly ýerlerde başdan geçirilýän çaknyşyklar, adam hukuklarynyň basgylanmagy BMG ýaly halkara guramalary tarapyndan bes edilmäge synanşylýar. Dünýäniň niresinde bolsa bolsun, çaknyşyklaryň, dartgynlyklaryň we adam hukuklaryna edilýän äsgermezçilikleriň ortadan aýrylmagyny arzuw edip, siziň bilen hoşlaşýarys.



Degişli Habarlar