Gözümizde ýaş galmady

HDP partiýasynyň welaýat merkeziniň öňünde oturma hereketini başladan Diýarbakyrly eneleriň protestleri 2 aýdan bäri dowam edýar

1299869
Gözümizde ýaş galmady

Gözümizde ýaş galmady

 

Zor bilen daga alnyp gidilen perzentleri üçin HDP partiýasynyň welaýat merkeziniň öňünde oturma hereketini başladan Diýarbakyrly eneleriň protestleri 2 aýdan bäri dowam edýar.

Diýarbakyrly ene Hajire Akar, ogly Mehmet Akaryň zor bilen daga alnyp gidilmeginden HDP partiýasynyň jogapkärdigini öňe sürüp, partiýanyň welaýat merkeziniň öňünde 22-nji awgustda oturma hereketini başladypdy

Oglyny terrora pida etmezlik üçin başladan oturma hereketi oňyn netije beren Hajire Akar 24-nji awgustda ogluny bağryna basýar. Hajire enäniň oglu üçin başladan hereketi, şuňa meňzeş gam gussany başdan geçiren ýüregi perzendi üçin urýan beýleki enelere hem görelde boldy.

Maşgalalaryň sany 55-e ýetdi

Hajire Akaryň göreşinden görelde alan Fewzire Çetinkaýanyň, Remziýe Akkoýunyň we Aýşegül Biçeriň 3-nji sentýabrda başladan oturma hereketine goşulan maşgalalaryň sany 55-e ýetdi.

Partiýanyň welaýat merkeziniň öňünde oturma hereketini başladyp perzentlerine garaşýan eneleriň ýanyna baryp olara goldaw berýänleriň sany gün saýyn köpelýär.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň we Maşgala we sosýal üpjünçilik minizrei Zehre Zümrüt Selçugyň başda durmagyna şehitleriň hossarlary, syýasatçylar, sungat ussatlary, žurnalistler, ýazyjylar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolmak bilen jemgyýetiň her bir gatlagyndan raýatlar hereketi başladan maşgalalaryň ýanyna baryp olaryň gynanjyny paýlaşdy we hereketlerine goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Ellerinde çagalarynyň suratlary bilen oturma hereketine dowam edýän eneler, sabyrsyzlyk bilen perzentlerine garaşýar.

Ojagymyzy söndürdiler”

Stambuldan 4 ýyl ozal daga alnyp gidilen ogly Mehmet üçin Diýarbakyra gelip oturma hereketine goşulan ene Immihan Nilifyrka, ogluny bağryna basmak isleýändigini aýtdy.

 

Perzendiniň zor bilen daga alnyp gidilmeginden HDP partiýasynyň jogapkärdigini aýdan Nilifyrka, “HDP perzendigimi zor bilen daga alyp gitdi. Perzendimi maňa bersinler. Ondan hiç hili habar ýok, ýekeje gezek telefon hem etmedi. Ojagymyzy söndürdiler, perzendigimi zor bilen aldylar. Gözümizde ýaş galmady. Meniň perzendimden näme isleýärler? Oglum gaty merhemetlidi we okuwynda başarjaňdy” diýdi.

Nilifyrka 2 aýdan bäri oturma hereketini dowam etdirýändigini nygtap, HDP-den jogaba garaşýandygyna ünsi çekdi.

“Çyksynlar bize jogap bersinler, olar hem kürt bolsa gelip bizin bilen otursynlar. Men kürtleriň beýle bolmagyny islemeýärin. Men hem kürt. Perzendimi syýasy serişde hökmünde ulanmasynlar, oglumyň azatlyğyny we geljegini elimden aldylar” diýen Nilifyrka “Netije alýançak oturma hereketimizi dowam etdireris” diýdi.

“Perzendimizi alman öýümize gaýtmarys”

Stambuldan 5 ýyl ozal 14 ýaşynda zor bilen daga alnyp gidilen ogly Tunjaý üçin oturma hereketine goşulan 5 çaganyň enesi Fatma Bingöl, perzendini bagryna basmak isleýändigini, ony göresi gelýändigini gürrüň berdi.

5 ýyldan bäri ogluny görmeýändigini aýdan Fatma Bingöl, “Perzentlerimizi getirsinler. Eneleri aglatmaga, olar ynjytmaga hiç kimiň haky ýok. Perzentleri daga alnyp gidilen eneler hökmünde biz balamyzy alman bu ýerden gitmeriz. Bizi öldürip bilerler emma biz ölümden gorkmaýarys” diýdi.

“PKK-nyň kürtlere edýän zulumyny görsünler”

Watana bolan gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin ýola çykan Müslüm 2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Tunjeli welaýatynyň Pülmür etrabynda terrorçylar tarapyndan alnyp gidilýär. Müslümiň ejesi Songül Altynbaş perzendinden 4 ýyldan bäri habar alyp bilmändigini aýdýar.

“60 günden bäri partiýanyň welaýat merkezinde perzendime garaşýaryn we 60 ýyl ýene-de garaşaryn. Perzendim gelýänçe garaşaryn” diýen Fatma Altyntaş, çagalary dagda bolan ene-atalara oturma hereketine goşulmak barada çagyryş berdi.

Altyntaş “Kürt eneleri perzentleriniň gözüniň öňünde elinden alynýandygyny görsün. PKK-nyň kürtlere edýän zulumyny görsünler. Biziň ýeke-täk düşmanymyz bar ol hem PKK” diýdi.

“Gyzymy alman bu ýerden gitmeris”

Agryda 4 ýyl ozal 17 ýaşynda daga alnyp gidilen gyzy  Çigdem üçin oturma hereketine goşulan Ýasin Kaýa hem perzendine garaşýandygyny aýtdy

Oturma hereketine goşulan ene-atalaryň gyş paslyna garamazdan perzendine garaşmaga dowam etjekdigini aýdan Kaýa: “Biz jogaba garaşýarys. Gyzym gelmän öýüme gitmerin. Olar kürtdiklerini aýdýar emma kürt däl. Asyl biz kürt. Perzendimizi daga alyp giden HDP. Biziň ýanymyza gelip “Ýok bolsun PKK, biz PKK goldaw bermeýäris” diýsinler. Biz hem ýok bolup gideris” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar