Bütindünýä parahatçylyk güni

Şu gün bütindünýä parhatçylyk güni

Bütindünýä parahatçylyk güni

  Gitler Germaniýasynyň Polşa yglan eden urşunyň başlan güni ozalky Sowet respublikalarynda we Türkiýede “Bütindünýä parahatçylyk güni” hökmünde bellenilip geçilýär.

 2-nji Jahan urşundan soň şeýle uruşlaryň gaýtalanmazlygy üçin BMG-niň döredilmegi umuman alnananda köp sanly urşuň turmagynyň we ýaýbaňlanmagynyň öňüni aldy.

Emma muňa garamazdan wagtal-wagtal sebitleýin çaknyşyklar we uruşlar başdan geçirildi.

BMG-niň düýbi tutulýarka deňlik kadasyna bap gelmeýändigine garamazdan 5 agza ýurt BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşini döretdi.

Muňa köp sanly ýurduň garşy durandygyna garamazdan Howpsyzlyk Geňeşiniň 5 agzasy henizem işini dowam etdirýär. Palestina meselesinde bolşy ýaly şol 5 agzadan biriniň garşy durmagy sebäpli karar kabul edilip bilinmeýär.

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň erjellik bilen beýan eden “Dünýä bäşden uludyr” pikiri soňky ýyllarda güýçli goldaw tapýar.

BMG-niň dünýä parahatçylygyna has işjeň goşant goşmagyny arzuw edip ýene-de bir gezek Bütindünýä parahatçylyk gününi gutlaýarys.



Degişli Habarlar