Mesele Osman döwletine bolan garaýyş my?

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy YlymlarFakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Mesele Osman döwletine bolan garaýyş my?

 

Mesele Osman döwletine bolan garaýyş my?

Käbir kynçylyklary çözmek üçin seniň mamla bolmagyň ýetmeýär. Osman döwletinden galan miras hem inha şol meselelerden biri. Osmanla nähili çemeleşiljekdigi jedelleşikli mesele bolmaga dowam edýär. Soňky gezek Liwanyň Prezidenti Mişel Aoun, Liwanyň gurlan gününiň 100 ýyllygy mynasibetli geçirlen dabarada fransuzlaryň goldaw bermeginde garaşsyzlyklaryna eýe bolandyklaryny belledi we Osman döwletini döwlet terroryny alyp barmakda günäkärledi we töhmet atdy. Şuňa meňzeş günäkärlemelere Günbatar edebiýatynda we käbir Arap ýurtlarynyň ders kitaplarynda hem wagtal-wagtal gabat gelinýär

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy YlymlarFakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

600 ýyl höküm süren döwlet we alyp baran syýasatlary elbetde birnaçe nukdaý nazardan tankyt edilip bilner. Emma Osman döwleti imperýalist döwletleriň edişi ýaly tapawutly medeniýetlere we şahsiýetlere basyş etmekde günakärlenip bilinmez bu meselede töhmet atylyp bilinmez. Türkiýede käbir gatlaklar  tersine Osman döwletini tapawutly medeniýetlere garşy assimilýasiýa syýasatyny alyp barmandygy üçin tankyt edýär. Olara görä şeýle syýasat alnyp barylan bolsada, Osmanlynyň häkimiýeti astyndaky geografiýada şu günki günde has köp türk we musulman bolardy.

Britaniýa we Fransiýa tarapyndan dolandyrylan jemgyýetleriň şu günki günde şol ýurtlara meňzeş taraplarynyň has köpdügi göz öňünde tutulan ýagdaýynda bu garaýyş asylsyz bolmasa gerek. Osman döwletiniň şeýle syýasat alyp barmazlygy, ony imperýalist ýurtlaryndan aýyrýan esasy ugurlardan biridir.

Pax Ottomana (Osmanly parahatçylygy)

Osman döwletiniň uzak ýyllaryň dowamynda höküm süren geografiýalary şu günki günde göýä diýersiň gan kölüne öwrülen ýaly. Osman döwleti Balkanlary, Ýakyn Gündogary we Afrikany asyrlaryň dowamynda asuda ýagdaýda tapawutly dinlere we medeniýetlere sarpa goýmak bilen dolandyrdy. Şol ýagdaýyň esasy görkezijilerinden biri Osman döwletiniň häkimiýeti astynda mahaly, Osmanlynyň territoriasyndaky tapawutly dilleriň, medeniýetlerin we dinleriň jebislikde ýaşamagy we Osmanlynyň çekilmeginden soň şol tapawutlylyklaryny ozalkysy ýaly dowam etdirmekleridir.

Osmanly hoşniýetliligi edebiýatda Pax Ottomana ýagny (Osmanly parahatçylygy) hökünde bilinýär.

Osmanlynyň tapawutlylyklara sarpa goýan tutumy, Amerikanyň “açylmagyndan” soň amerikanyň ýerlilerine edilen basyş we zulum, ýerlileriň dinleriniň, dilleriniň medeniýetleriniň ýok bolmagy; Britaniýanyň Hindi okeannynyň aşakky materiginde 150 ýyl öz barlygyny dowam etirendigine garamazdan, şol ýurtlarda gurlan ýurtlaryň resmi dilleriniň iňlis dili bolmagy bilen deňeşdirilende elbetde takdyr edilmeli.

Eger öňe sürülşi ýaly Osman döwleti, Günbatarly käbir ýurtlar ýaly hereket edip basyp alyjy syýasat alyp baran bolsady, Liwanyň Prezidentiniň adynyň “Mişel Aoun” bolmagy we hrystiýan bolmagy etlbetde gaty kyn bolardy. Özü ýaly Liwanly we hrystiýan bolan, birnäçe esgeriň awtory ýazyjy Amin Maaloufyň imperýalist ýurtlar bilen osmanlynyň alyp barýan syýasatyny deňeşdirýän şu sözleri ýurdunyň Prezidentine berlen jogap ýalydyr: “Eger atalarymyz, musulman goşunlary tarapyndan zabt edilen ýurtda hrystiýan bolmagyň ýerine, Hrystiýanlar tarapyndan zabt edilen ýurtda musulman bolan bolsady, olaryň ynançlaryny gorap 14 asyryň dowamynda obalarynda we şäherlerinde ýaşamaklary elbetde mümkin däldi. Hakykatdan hem İspaniýadaky musulmanlara näme boldy? Ýa Sisilýadaky musulmanlar? Ýok boldular, olaryň ählisini gyrgyna berdiler, sürgün etdiler ýada hrystyýanlygy kabul etmeli boldular?”

Ysraýylly taryhçy Professor, soňky döwürleriň meşhur ýazyjysy, Ýuwal Noah Harariniň Hürriýet gazetindäki makalasynda belleýşi ýaly, Pax Ottomanany, Osmanly barlyşygyny, hoşniýetliligini açyk aýdyn beýan edýär: “Orta asyrda Ýewropada geçirimlilik diýilýän zat ýokdy… 1600-njy ýylda Parižde her bir adam katolikdi. Protestan biri şähere giren badyna ony öldürýärdler. Londonda bolsa hemmeler protestandy. Bu gezek Katolik biri şähere giren badyna ony öldürýärdiler. Şol ýyllarda Ýewropada ýehudiler sürgün edilýärdi… Hiç kim musulmanlary kabul etmek islemeýärdi. Emma şol döwürde Stambulda tapawutly messeplerden bolan musulmanlar, katolikler, ermeniler, rumlar we bulgarlar agzybirlikde bir ýerde ýaşaýardy”.

Taryhy instumentallaşdyrmak ýada Osman döwletiniň territoriýasyny bölmäge dowam etmek…

Osmanly döwetine atylýan töhmetlere ýokardaky mysallar bilen hem jogap bermek bolýar. Emma esasy mesele bu däl. Mesele imperýalizmin “böl, dolandyr” strategiýasydyr. Asyrlaryň dowamynda bölünşigiň öňüniň alynmagynda we parahatçylygyň ýola goýulmagynda esasy rol oýnan yslam dininiň, şu günki günde esasy gymmatlyk hökmünde kabul edilip edilmezligidir. Osman döwletiniň bölünmeginden soň Osmanly territoriýasyna degişli bolan ýurtlarda ( Balkanlar, Ýakyn Gündogar, Afrika) bölünşigiň dowam etdirilmegi islenýär. Mikro derejesinde emele gelen, emele getirlen etniki, dini, medeni we milli täze şahsyýetler bilen şol territoriýada henizem bölünşik dowam edýär. Şol ýerlerdäki çaknyşyklar, operasiýalar, täze serhetleriň kesgitlenilmegi maksady bilen guralýar

Şeýle ýagdaýda eýsem näme edilmeli?

Günbatarlaşmak bilen öz jemgyýetinden, däp-dessuryndan, gymmatlyklaryndan çetleşen intellektuallar we syýasatçylar, Günbatarda emele gelen we Osmanlyny bölýän pikirleri orta atypdyr. Şu günki günde Osmanly territoriýasyndaky beýleki ýurtlaryň günbatarlaşma süzgejinden geçen intellektuallaryň we syýasatçylaryň Osmanla we öz jemgyýetlerine bolan garaýşy hem mundan tapawutly däl.

Balkanlardaky, Ýakyn Gündogardaky we Afrikadaky şu günki ýagdaý geçmişdäki ýagdaýdan tapawutly däl. Şol ýurtlar henizem bölünmek howpyna sezewar. Öz jemgyýetinden, taryhyndan, däp-dessurundan,  adatlaryndan üzňe bolan intellektuallaryň we syýasatçylaryň ýurtlaryny alyp gitjek ýeri, jemgyýetlerininiň bölek büçek bolmagyndan başga ýer däl däl. Şol sebäpli imperýalist maksatlara göz ýetirip, geçmişe we şu güne taryhy, jemgyýeti we sebiti bilen has ysnyşykly ýagdaýda garalmaly.

Alymlar, intellektuallar, uly tire-taýpalaryň ýolbaşçylary, syýasatçylar, her sebitiň parasatly adamlary tutanýerli tutum alyp baryp sebitiň bölünmegine garşy durmaly. Şeýle bolman halatynda sebitde ýerleşýän ýurtlar we halklar biri-birine düşman ýagdaýyna geler we imperýalizmiň oýunjagyna öwrüler.

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar