Tehnologiýa alynanda medeniýetem alynýarmy?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1263433
Tehnologiýa alynanda medeniýetem alynýarmy?

Türkiýede we musulman dünýäsinde medeniýet, tehnologiýa ýaly adalgalary hem-de şyk adalgalara nähili çemeleşilmelidigini ara alyp maslahatlaşýar. Tehnologiýa baradaky diskussiýalar ýakyn döwürde hasam ýaýbaňlandy. Tehnologiýanyň diňe bir tehnologiýadan ybarat bolmandygy, tehnologiýa arkaly medeniýet bilen bilelikde köp sanly islenmeýan zatlaryň hem geljekdigi, şol sebäpli tehnologiýadan çetde durulmalydygy baradaky garaýyşlar öňe sürülýär.

Günbatardan näme alynmaly?

İlki bilen diskussiýanyň täze we diňe tehnologiýa bilen bagly bolmandygyny belläp geçeliň. Diskussiýa aslyna seredilende günbatardan näme alyp-näme almaly däldigi baradaky diskussiýanyň dowamy. Mesele Osman döwletiniň soňky döwründe, maddy ösüş-ahlaky ösüş, medeniýet, hakyky medeniýet-senagat medeniýeti ýaly adalgalar bilen başga awtorlar tarapyndan giňden diskussiýa edilipdi.

Diskussiýanyň çägini Mehmet Akif Ersoýň goşgusynyň kesgitländigi aýtsak ýalňyşmarys:

“Alyň ylmyny garbyň, alyň sungadyny,

Beriň işe, ýokary depgini.

Çünki bularsyz ýaşamak mümkin däl,

Çünki milleti ýok sungadyň, ylmyň.”

Konstitutsion döwürdäki käbir türkçi alymlaryň, esasanda yslamçy alymlaryň çemeleşmeleri günbataryň ylmynyň alynmalydygy, emma ahlagynyň we özüne mahsus medeniýetiniň alynmaly däldigi görnüşinde beýan edilip bilner. Bu temadaky garaýyşlarym üçin “Günbatar boýunça nähili pozisiýa eýelenmeli” atly makalalarymy okap bilersiňis.

Akif we beýlekiler soňky ýyllarda günbatara dogry düşünmändikleri sebäpli tankyt edildiler. Men Akife nähak garalandygyny pikir edýänlerden. Çünki Akifiň aşakdaky tankytlary göz öňünde tutmandygyny pikir edemok.

Tehnologiýa-Medeniýet gatnaşygy

Tehnologiýa şübhesiz öndürilen jemgyýetiniň medeni aýratynlygyny beýan eder. Adamy gaýtadan ýaratmagy meýilleşdirýän emeli zehin tehnologiýasy ýüze çykarylan medeniýetinden garaşsyz göz öňüne getirilip bilnermi? Günbatar medeniýeti diýemok. İndi şeýle tehnologiýalar Hytaý ýaly günbatarly däl jemgyýetlerde-de öndürilýär.

Şol sanda duşman goşunlaryny däl, çykarylan sebitlerindäki ýüzlerçe müň asuda ilaty, ösümlikleri, jandarlary ýok edýän, ýetiren zyýan sebäpli çykarylan ýerlerini doly hatardan çykarýan atom bombasy, ony Ýaponiýa taşlan düşünjeden garaşsyz göz öňüne getirlip bilnermi?

Şol düşünjä garşy Kanuny Soltan Süleýmanyň garaýyşyny tapawutly tehnologiýa-medeniýet gatnaşygyna mysal getirmek ýerlikli bolar. Kanuny köşküň howlusyndaky garynjalaryň agaçlary guratmagyndan biynjalyk bolýar. Emma garynjalaryň hem janynyň bardygyny göz öňünde tutup, ony Şyhulyslam Abussuuda soraýar:

“Miwe agaçlaryny bassa garynja,

Zyýany barmy gyrylanda garynja.”

Abussudyň goşgy arkaly beren jogaby tapawutly tehnologiýa-medeniýet gatnaşygynyň kesgitli jogaby ýaly:

“Ertir hakyň diwanyna baranda,

Süleýmandan hakyn alar garynja.”

İki garaýyşyň öndürjek tehnologiýasy we şol tehnologiýanyň adamzadyň ýetirjek menzili elbetde tapawutly bolar.

Tehnogiýa bilen gelen çetleşme hem pikirlenmesi hökmany bolan beýleki bir tema.

Haýsy tehnologiýa?

Tehnologiýanyň medeniýet bilen bolan gatnaşygy şübhesiz bolup, tapawutly medeniýetleriň ähli tehnologik önümleriniň erbetdigini pikirlenmek çetleşdiriji we ýekiriji garaýyşdyr. Her bir medeniýet durmuşyň adaty aymynda öz isleglerini kanagatlandyrýan tehnologik enjamlary öndürer. Nämäniň gerekdigini diskussiýa edip bileris. emma adamyň islegleriniň tapawutly medeniýetlerde şahslar bilen bap gelmeýändigini aýtmak ýerlikli bolmaz.

Öz däplerimize, medeni we milli kodlarymyza laýyk garaýyşa eýe bolmakdan tebigy çemeleşme bolmasa gerek. “Bilim Hytaýda-da bolsa alyň.” “Hikmet möminiň ýiten malydyr”, “Duşmanyňyzyň ýaragy bilen ýaralanyň”, “güýçli musulman ejiz musulmandan has harylydyr” hadyslary bize tehnologiýa meselesinde hem ünsli hem-de seresaply bolmagymyzy salgy berýär.

 

Näme Teklip Edilýär?

Tehnologiýa şübheli ýa-da oňaýsyz çemeleşýänler garşydaşlykdan başga anyk teklipler hödürlemeýärler. Umuman günbatar tehnologiýasy, günbatary gülledýän düşünjäniň dowamy hökmünde görülýär. Günbatar dini ynanjy, pelsepesi, ylymy bilen bitewi kabul edilýär. Bu tankydy garaýyş şübhesiz belli bir hüşgärlik döredýär. Emma ylmyň Hytaýdan hem alynyp bilinmejekdigi garaýyşy çemeleşmäniň tersine ýerliksiz garaýyş. Bu umumy kabul etmek ýa-da garşy durmak şol pikiriň tarapynda durýanlaryň radikallaşmagyna sebäp bolýar. Tehnologiýa öndürmek beýlede dursun, öndürilen tehnologiýa garşy durmak, üzňeleşýän, gettolaşýan, fanatikleşýän jemgyýetiň ýüze çykmagyna sebäp bolar.

Beýleki tarapdan tehnologiýadan az peýdalanyp, musulmanlarça ýaşamak, şoňa laýyk ýaşaýyş üçin tehnologiýa öndürmek hem teklip edilýär. Elbetde bu teklipler hem möhüm. Musulmanlar musulmançylyga laýyk ýaşamaly we öz ýaşaýyşlaryna laýyk tehnologiýa öndürmäge girişmeli. Şeýle teklipler durmuşyň hakykatlaryna bap gelip, döwrebap ösüşler bilen bilelikde göz öňünde tutulanda hasam uly ähmiýete eýe bolýarlar.

Osman döwletinde 1838-nji ýylda kabul edilen Balta Limany söwda şertnamasyna çenli daşary ýurt harytlarynyň ýurda getirilmegine uly çäklendirmeler we gadagançylyklar bardy. Hindistanda Gandiniň passiw garşylygy, ABŞ-da amişleriň tehnologiýany ret edýan ýaşaýyşlary mälim. Ýetilen sepgitde henizem gün bataryň hökmürowanlygy we täze potensiallary barada söz açýan bolsak, dünýäden üzňe, döwrebap ösüşlerden alysda bolan ýaşaýyş teklibiniň alternatiw bolmajakdygy äşgär bolsa gerek.

Tehnologiýa gorkusy, garşydaşlygy

Tehnologiýa şübheçilligi beýan edilen çäklerde bolan halatynda düşnükli. Ondan daşgary tehnologiýa garşy durmak reaksionerliň, dünýäden üzňeleşmegi teklip etmegiň, yza çekilmegiň we ynamsyzlygyň beýany bolup biler. tehnologiýa gorkusy ýa-da garşydaşlygy boýun egiji çemeleşmäni hem ýada salýar.

Jemläp aýdanymyzda tehnologiýanyň emele getirýän howplary, ýaramazlyklary adamzadyň soňuny getirjekdigi garaýyşy diňe bize mahsus däl. Özüne mahsus aýratynlyga eýe bolan tehnologiýanyň öňünde eýelenmeli pozisiýadyr. Tehnologiýa garşy tapawut goýmazdan doly ret ediji pozisiýa eelemek intellektual taýdan özüne çekiji bolsa gerek. Emma praktiki hakykatyň ýerine hyýaly garaýyşy çözgüt hökmünde görkezmek tapylmasy mümkin bolan çözgütleri hem ortadan aýyrýar we oňa garşy durulýan zadyň giňden özleşdirilmegine, ýaýbaňlanmagyna hyzmat eder.



Degişli Habarlar