“Kürt Syýasaty”

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kuduret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

“Kürt Syýasaty”

Günbatarda we Türkiýede käbir gatlaklar tarapyndan yzgiderli häsýetde PKK ýa-da PKK bilen arasyny açmaýan HDP üçin “Kürt hereketi”, “Kürt syýasaty” ýaly frazalar ulanylýar. Şeýle frazalar bilen terror guramalaryndan biri ýa-da onuň bilen arabaglanşykly bolan syýasy partiýa bir milletiň “herketi”, “syýasaty” ýaly görkezilýär.

PKK, dürli ýurtlarda, Türkiýede, Siriýada, Eýranda we Yrakda başga atar bilen köpçülikleýin we yzgiderli häsýetde, köp sanly günbatar ýurdunda bolsa şahsy görnüşde we wagtal-wagtal terror aksiýalaryny guran terror guramasy. PKK-nyň şol ýurtlarda guran hüjümlerinde raýat-esger, aýal-erkek, ýaş-garry onlarça müň adam öldürildi, millionlarça adam ýaşaýan ýerlerini terk etmeli boldy, bolmaga-da dowam edýär. ýakyn Gündogary dizaýn etmek isleýän güýçleriň oýnatgysy bolan PKK-nyň özüni kürtleriň wekili hökmünde görkezme tagallasyna onuň syýasaty jähtden düşünmek mümkin. Türkiýäni, Siriýany, Yragy we Eýrany bölüp, asyrlaryň dowamynda türkler we araplar bilen bilelikde yslama öňbaşçylyk eden kürtleri gurdurjak terror döwleti bilen Ysraýylyň howpsyzlygyna hyzmat etdirmek isleýän imperalist güýçleriň hem-de olara ilteşdirilen alymlaryň, ýazyjylaryň çemeleşmelerine-de düşünmek mümkin.

Emma şol ýaňyş ugrukdyrmanyň ne rasional, ne ylmy ne-de jemgyýetçilik netijesi bolmaz. Ähli nemesleri, araplary, türkleri bir hereket/syýasat hökmünde kabul etmek nähili ylmy we hakykata laýyk çemeleşme bolsa, ähli kürtleri hem şeýle kabul etmek ýerlikli bolmasa gerek. Millionlarça adamdan emele gelýän tapawutly gatlaklary bolan halky bir bitewi görmek totalitar garaýyşyň  beýanydyr. “Kürt syýasaty” sözünden hereket edenimizde, kürtler diňe Türkiýedäkilerden ybarat däl. Türkiýe bilen bilelikde Eýranda, Yrakda, Siriýada we günbatar ýurtlaryndaky halky göz öňünde tutýarys. Hawa, döwletler hakda aýdyp bolar. Emma bir jemgyýet hökmünde italian, fransuz, türk syýasaty barada aýdyp bolarmy? Türkleriň syýasaty? Göz öňünde tutulýan Türkiýedäki kürtleriň syýasaty bolsa, her bir asuda we demokratik jemgyýetde bolşy ýaly, kürtler hem bir bölek däl, dürli-dürli. İlki bilen ähli kürtler her bir jemgyýetde bolşy ýaly syýasat bilen gyzyklanman biler. Syýasat bilen gyzyklanmaýanlaryň ähli ses berýän däldir. Ses berýänleriň ähli HDP-ä ses berýän däldir. Ak Partiýa hem kürtlerden azyndan HPD-çe ses alýar. HÜDAPAR-yň ses mukdary az hem bolsa, käbir demonstrasiýalarda millionlarça adamy ýygnaýandygyny görýäris. HDP-ä ses berýänleriň ählisi hem PKK-nyň terror aksiýalaryny tassyklamaýan bolsa gerek. Jemläp aýdanymyzda başga jemgyýetler üçin beýan edilmeýäň garaýyşyň bir taýpa ýa-da tire ýaly, kürtler üçin beýan edilmeginiň haýsydyr bir düşnükli tarapy ýok. Bu beýan kürtleri kemsidiji we ideologik çemeleşmedir.

Men şahsy taýdan Türkiýede köp sanly sagdyn pikirli raýat ýaly PKK bilen HDP-niň baglanşdyrylmazlygynyň, HDP-niň alyp barjak syýasatyna ýol berilmeginiň tarapdary. Emma HDP-niň ýolbaşçylarynyň yzgiderli häsýetde daga salam berýän şertlerinde meniň ýaly adamlaryň edýän pikiriniň ähmiýeti galmaýar. Syýasat demokratiýanyň, azatlygyň, asuda ýaşaýyşyň däl, terror guramasynyň we onuň totolitar basyşynyň serişdesine öwrülen halatynda, jemgyýetçilik we demokratik sferada çykalga galmaýar.

Eýsem şertler beýle çylşyrymly bolmandygyna garamazdan Türkiýedäki belli gatlaklaryň PKK-ny we HDP-ni “Kürt syýasaty” hökmünde görkezmek ugrundaky egilşiksiz tagallalarynyň sebäbi nämekä? Näme üçin PKK-nyň we imperializmiň diline boýun egýärler? Şol ýalňyş ugrukdyrma tagallasy diňe bir Türkiýede däl, sebit ýurtlarynda-da bolup biler.

İlki bada ýada düşýän birnäçe sebäbiň üstünde durup geçeliň.

PKK gorkusy: Durmuşda demokratik, erkin we plýuralist şertlerde ýaşaýan biziň ýaly adamlar köplenç terror guramalarynyň basyşlaryny, emele getiren elhenç gorkularyny ýatdan çykarmaýar. Çünki terror guramalary diňe terror bilen gün tertibinde orun alýarlar we birnäçe wagtdan soň gün tertibinden çykýarlar. Eýsem terror guramalarynyň gorky döretmek, basyş emele getirmek, belli adamlary gönüden nyşana alyp, gorkuzmak ýaly usulyýeti bar. Şeýlelikde kürtleriň ählisini “Kürt syýasaty” bilen totolitarlaşdyrma tagallasynyň bir bölegi PKK-nyň emele getirýän gorkusy bilen düşündirlip bilner. PKK-nyň özüne garşy çykan we başgaça diskursa eýe bolan kürt intellektuallaryny, asuda ilaty ýok edýändigi bilinýär.

Ýoldaş basyşy: “Kürt syýasaty” frazasyny ulanýanlaryň esasy bölegi türk çepine degişli. Türk çepçiniň belli wekilleriniň esasy böleginiň bolsa rewolýusion geçmişe eýedigi bilinýär. “Kürt syýasaty” frazasyny egilşiksiz ulanýan türk çepiniň içindäki gatlaklaryň bu tagallasy Marksist-Leninçi iodelogiýadan gelýän PKK bilen “ynkylapçy arkalaşyk” hökmünde görlüp bilner. Şol gatlaklaryň totolitar garaýyşa ýykgyn etmekleriniň beýleki bir sebäbi bolsa eýe bolan rewolýusion geçmişinden halas bolmandyklary, demokratiýa, azatlyk, plýuralizm ýaly adalgalary ýeterlik derejede özleşdirmändikleri bilen düşündirlip bilner.

Türkiýä garşy durýan halkara töwereklere integrirlenmek: “Kürt syýasaty” frazasyny egilşiksiz ulanýanlaryn bir bölegi bolsa Türkiýä garşy durýan halkara töwerekler bilen integrirlenendiklerini görýäris. Degişli töwerekler tarapyndan goldanýan şol gatlaklar goldaýan gatlaklar bilen utgaşykly çemeleşmä eýe.

Hökümete garşy durmak: Hökümete garşy durmagyň käbir intellektuallaryň özüni alyp baryşyna düşünmek taýdan aýdyňlaşdyryjyodygyny aýtmak ýerlik bolar. Hökümete we Erdogana garşy durmak üçin käbir intellektuallar geroin söwdasyny edýän, bigünä çagalary gyrýan terror guramasyny goldamagy hem saýlap alýarlar.

İntellektuallaryň öz ýurduna ýat bolmagy: Jemgyýete garşydaş hem diýip bolar. İntellektuallaryň öz ýurduna ýat bolmagy günbatarly bolmadyk jemgyýetleriň ýüz ýyllyk günbatarlaşma taryhynyň gussaly kyssasydyr. Şol gussaly kyssany şahys Sezai Karakoç: “Erteki” atly goşgusynda iňňän ýerlikli beýan edýär. Osman döwründe ylymyny, tehnologiýasyny alyp, ýurduna goşant goşsun diýip, günbatara bilim almaga ugradylanlaryň esasy bölegi öz jemgyýetinden çetleşip, günbatara aşyk adamlar hökmünde ýurlaryna dolanyp gelipdi. Respuplika döwründe başdan geçirilen bolsa öz medeniýetinden, taryhyndan doly üzňeleşip, medeni taýdan günbatara boýun egmeklik.

Jemläp aýdanymyzda çepçi terror guramasy bolan we esasanda türklerden emele gelýän DHKPJ we mariginal çepçi partiýa üçin “türk syýasaty” diýmek nähili ýerlikli bolsa, PKK we HDP üçin “kürt syýasaty” diýmek hem şonça ýerliklidir. PKK gorkusy, ýoldaş basyşy we sebäbi näme bolsa bolsun, PKK-ny ýa-da HDP-ni “kürt syýasaty” hökmünde kabul etmek azatlygyň tarapynda durýan, buýsançly we parahatçylygy söýüji kürtleri kemsitmeklikdir. Özüni intellektuall hasap edýänlere terroryň we imperializmiň diskurslaryna boýun egmek däl, oňa garşy durmak we hakykaty beýan etmek gelişer.



Degişli Habarlar