Takwa, ýörelgä, ärdeme ýakyn durmak

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Takwa, ýörelgä, ärdeme ýakyn durmak

 

Takwa, ýörelgä, ärdeme ýakyn durmak

Durmuş, uzak maraton ýaly, dynuwsyz aladalardan ybarat. Yzgiderli tagalla, nämedir bir zatlary ýetirdirmek we bir zatlaryň “hötdesinden gelme” aladasydyr. Durmuşda köp zadyň hötdesinden gelip bileris, emma ýüregimizde elmydama bir sanjy galýar. Hötdesinden gelme basyşy bilen üznüksiz aladalaryň arasynda käte durmak, ünsden düşürenlerimize ýönelmek isleýäris. Kim döwrebap, post-modern, post-hakykat zyňylymlaryň arasynda ýitirenlerimizi, geljegimize/çagalarymyza berip bilmediklerimizi, bize mahsus gymmatlyklarymyzy ýatlamak, olara dolanmak islemez ähwetin!

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ine baýramçylyklar şeýle pursatlardyr. Durmuşyň aladalarynyň arasynda durmagyň, saplanmagyň wagty…

Gurban dört müň ýyllyk däpdir. Ýene-de bir gezek gurbanlygy we gurban baýramyny başdan geçirýäris. Klassiki edebiýatlar üç sany din, ýehudilik, hristianlyk we yslam tarapyndan pygamber kabul edilýän Hezreti Ybraýymyň b.e.ozal 2000-nji ýyllarda ýaşap geçendigini beýan edýär. Ybraýym wepadarlygyny görkezmek üçin ogly Ysmaýyly alla gurban etmek isläpdi. Ybraýymyň wepadarlygy görülenden soň gurban üçin öldürilen ilkinji goçdan bäri gurban däbi 4 müň ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Gurban edilen şol goç nähili bagtyýar, adaty däl ýagdaýda jany belkem dünýäniň in gadymy, iň mukaddes däplerinden biri, ýörelgesine, ärdemine hyzmat edýär.

Gurban bölüşmekdir, infakdyr. Şeýle bir däp welin, gurban baýramlarynda öldürilen gurbanlyklaryň zerur bolanlara paýlanmagy global derejede köpçülikleýin adat ýaly. Başga wagtlarda-da şükür etmegiň alamaty hökmünde gurbanlyk mal öldürmek we zerur bolanlara paýlamaklyk höweslendirilýär.

Döwrebap adamlaryň gedonist çemeleşme bilen şahsy sapasynyň yzynda ylgaýan, başgalary üçin ýaşamagy pikir etmegiň, gazananlaryny olar bilen hem paýlaşmagyň geçen döwürlere degişli ýaly kabul edilýän zamanasynda gurban hamala diýersiňiz taryhyň çuňluklaryndan edilýän çagyryş bolsa gerek.

Gurban ýatlamaklykdyr, rahyma dolanmaklykdyr. Gurban diňe bir maddy taýdan bölüşmeklik däl, şol bir wagtda duýgyny paýlaşmaklykdyr. Özüne bagyşlanandygy üçin gurban bir tarapdan allany ýatlamak bolsa, baýramçylyk tarapy bilen dost-ýarymyzy, ene-atalarymyzy, aýatda bolan ýa-da dünýeden öten ýakynlarymyzy hatyralamakdyr. Döwrebap durmuşyň aladalasy bilen ünsden düşüren gymmatlyklarymyz bilen jebisleşmekdir. Durmuşyň içinde işjeň bolanlar belkem şol ýatlamanyň gymmatyna doly düşünmän biler. Bir ýyllap ýatlanmaga, gapylarynyň kakylmagyna garaşýanlar näme? Ýetişdirip, ulaldanlarynyň dolanyp hormat-sylag etmegine garaşýanlar! Olar üçin baýramlaryň gymmaty näme bilen ölçelip bilnerkä?

Gurban kimsizleriň kimi bolmaklykdyr. Gurban bölüşmek we baýramçylyk taýdan şübhesiz ýakyn töwerekden başlaýar. Emma gutarýan ýeriniň çägi ýok. Çünki köňüliň çägi bolmaýar. Garrylary, ýetimleri görmek bilen başlap, alys ýurtlara gurbanlyk alyp gitmäge, ol ýerdäki zerurlyk çäkýen adamlaryň dertleri bilen dertlenmäge çenli uzap gidýär.

Gurban saplanma, takwa ýakyn durmakdlykdyr. Gurban, söz taýdan ýakyn durmak, şükür duýgularynyň beýany, sowgat, bagşetme diýmekligi aňladýar.  Gurban allaga ýakyn durmak üçin bir sebäpdir. Eger şeýle bolsa aýatda nähili ýerlikli beýan edilipdir: “Gurbanlaryňyzyň etlerem, ganlaram allaga barmaz. Oňa siziň takwaňyz barar. Şeýlelikde dogry ýoly salgy berendigi  sebäpli allany beýik tanamagyňyz üçin gurbanlyklary siziň hyzmatyňyza berdi. Ýagşylyk edenleri buşla.”

Şu günki günde günbatarda we gündogarda iň esasy zerurlyklary şular dälmi eýsem? Ýörelgä, gymmatlyga, ärdeme, bölüşmeklige, ýagşylyga ýakyn durmak, içginlik, ýagşy niýet, jogapkärçilik bilen hereket etmek?

Gurban el çekmek we terk etmeklikdir. Gurban, şular bilen bilelikde gerek bolan halatnda malyňy we janyňy pida etmeklikdir. Allaga ýakynlaşmak, diňe bir onuň özüne ýakynlaşmak diýmek däldir. Oňa alyp gidýän ähli zada ýakynlaşmak, ondan daşlaşdyrýan ähli zatdan elçekmek we ähli zady terk etmeklikdir. Ýagny adalatdan, ýagşylykdan, gözellikden, bölüşmekden, yhsandan mahrum edýän ähli zatdan el çekmek, olaryň ählisini terk etmek…

Gurban, hasabat, wyjdan we mümkinçilikdir. Ähli zady maddy durmuş, bähbit we peýda görmek bilen düşündirmeýän, alyslaryň alysyndan gelýän sese gulak asmak, çuňňur adalat, wyjdan we mümkinçilik bilen durmuşa çemeleşmeklikdir.

Gurban boýun egmeklikdir. Adamzat üçin esasy zat legal, halal we makul bolany utgaşykdyryp hereket etmeklikdir. Sebäbi her kanuny bolan legal, her legal bolan halal, her halal bolan kabul edilmän biliner. Hukukda kanunylyk, jemgyýetde legallyk, yslamda halallyk, köňülde-wyjdanda göwnejaýlyk talap edilýär. Näderejede agyr, gussaly we çydamasy kyn hem bolsa, ärdeme boýun bolmak adamzat üçin çözülmedik mesele galmazmyka diýýän.

Gurbanlyklarymyz dört müňden ýyldan bäri ylahy buýruga boýun bolýar, biz hem haka boýun bolup bilsek…

Şahyr Abdurrahim Karakoç “Ynjytma” atly goşgusynda ähli gözellikleriň we adalatyň öňünde boýnumyzyň gyldan inçe bolmalydygyny ine şeýle beýan edýär:

“Ýollar uzyn, ýollar inçe

Ýol gysgalar yşk gelende

Ýat, gurban bolsa Ysmaýylça

Pyçan senden ynjymasyn”

 

Elmydama kadalara, gymmatlyklara, takwa ýakyn durmak, hakykata boýun synmak we elmydama yhsan duýgusy bilen ýaşamagyňyzy arzuw edip, Gurban baýramyňyzy gutlaýaryn. Dertler bölüşikdigi saýyn azalar, şatlyklar bölüşildigi saýyn artar. Bütin adamzat maşgalasyna asuda, köňülleri rahatlandyryjy baýram dileýärin.


Etiketkalar: ene-ata , ýetim , Gurban baýramy

Degişli Habarlar