Migrasiýa Strategiýasy Nähili Bolmaly-2?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Migrasiýa Strategiýasy Nähili Bolmaly-2?

Migrasiýa Strategiýasy Nähili Bolmaly-2?

Gepleşigimiziň geçen sanynda Türkiýäniň taryh boýy göç kabul eden we ugradan ýurtlardan biridigini, Anadolynyň migrasiýa sebitidigini, şu günki günde-de Türkiýäniň iňňän uly göç tolkunlaryna duçar bolýandygyny beýan edipdik. Köplenç daşary ýurtlardaky raýatlarymyzyň we kowumdaşlarymyzyň ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur edilendiklerini we käbir imperialist ýurtlaryň esasanda kowumdaşlarymyzdan öz imperial maksatlaryna laýyklykda peýdalanma isleglerine ünsi çekip, şol göç basyşlary sebäpli käbir jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Türkiýä göçmegiň goldanandygyny beýan edipdik.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gepleşigimizi alynyp barylmaly migrasiýa strategiýasy boýunça konkret teklipler bilen dowam etdirmek isleýäris.

Migrasiýa strategiýasynyň başlangyç faktorlaryndan käbirleri şulardan ybarat:

Strategiýa boýunça käbir teklipler

Ýaşaýan ýerlerini terk etmezlik: Eýe bolan taryhy tejribämiz bize ynsanlarymyzyň ýaşaýan ýerlerini terk etmezligi üçin ähli şertlerden peýdalanmalydygyny görkezýär. Çünki terk edilen sebitde ynsanlarymyzyňam, Türkiýäniň hem pozisiýasy gowşaýar. Adamlaryň gaýtmagy sebäpli gaýtmadyklar hem güýçden gaçýar. Bu Balkan ýurtlarynda aç-açan görülen tejribe. Hawa, şertler iňňän agyrdy, belkem çydamasy mümkin däldi, emma ynsanlarymyzy Balkan ýurtlarynda galmaga razy edip bilen bolsadyk, şu günki günde Balkan ýurtlaryndaky şertler başgaça bolardy. Belkem şol sebäpli Balkan ýurtlarynda käbir alymlar göçmegiň haramdygy barada fetwa berdipdirler.

Ýerinde güýçlenmek: Türkiýe güýçli taryhy we medeni gatnaşyklary bolan ýerlerdäki adamlaryny näçe kyn hem bolsa, ilkinji nobatda ýerlerinde galdyrmagy ilerde tutmaly. Şonuň üçin Türkiýäniň degişli edaralary şol sebitler bilen bagly jemgyýetçilik guramalary şol ýerlerde galan adamlaryň ýerinde güýçlendirilmegi üçin syýasat alyp barmaly, strategiýalar taýarlamaly, iş alyp barmaly. Ýaşalýan sebitlerde ykdysadyýetden medeniýete, syýasatdan sporta, köp ugurly gatnaşyk höweslendirilmeli. Daşary ýurtlarda Türkiýe bilen gatnaşykda bolan ynsanlarymyzyň ýaşaýan ýurduna köp ugurly gatnaşyk etmegi we goşant goşmagy, özlerine-de, ýaşaýan ýurdunada, Türkiýe hem peýdaly bolar.

Günbatarda ýaşaýan ynsanlarymyzy ýerinde güýçlendirjek iň esasy başlangyç, ýaşaýan ýurdunyň raýatlygyny almagy bolsa gerek. Emma raýatlarymyzyň esasy bölegi şol başlangyjy etmekden çekinýändigini ýa-da raýatlygy iňňän giç alýandygyny bilýäris. Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygykam Ýewropa ýurtlaryna guran saparlarymdan birinde ynsanlarymyzyň gürrüň berenleri başdan geçirýän duýgularyny beýan etmegi taýdan mende uly täsir galdyrypdy. Ozalky premýer ministrlerimizden Prof.Dr. Nejmettin Erbakan 1980-nji ýyllarda guran saparlaryndan birinde olara raýatlyk almaklaryny teklip edipdir. Şol maslahatyň onlarça ýyl soň nähili ýerliklidigini beýan eden raýatymyz: “Emma şol gün Hormatly Erbakan bize dinimizi üýtgediň diýen ýaly agyr degipdi” diýipdi.

Degişli döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek: Ozallar Balkan ýurtlary bilen häzirki döwürde bolsa Krym we uýgur meselesi sebäpli ynsanlarymyzyň ýaşaýan ýurtlarynda kynçylyk çekmegi tebigy ýagdaý. Çünki kowumdaşlarymyz şol ýerlerde kynçylyk çekýärkä, gynamalara sezewar edilýärkä görmediksiräp bilmeris. Bulary beýan etmekden hem çetde durmarys. Şonuň bilen bilelikde şol ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzyň has-da dartgynlaşmagy esasan şol ýurtlarda ýaşaýan kowumdaşlarymyza zyýan ýetirer. Gatnaşyklaryň has-da dartgynlaşmagy belki kowumdaşlarymyzyň üsti bilen imperialist maksatlaryna ýetmek isleýän ýurtlar üçin bähbitli bolar. Şol sebäpli hem kowumdaşlarymyz we günbatar ýurtlarynda ýaşaýan raýatlarymyz taýdan olary ýerinde güýçlendirmek üçin ýaşaýan döwletleri bilen ýokary derejede hyzmatdaşlyk edilmeli. Syýasy, medeni, jemgyýetçilik, ykdysady we beýleki ugurlarda goşant goşmaklarynyň ýollary gözlenmeli.

Mariginal hereketlere garşy çäre: Hem raýatlarymyzyň ýaşaýan günbatar ýurtlaryndaky hem-de kowumdaşlarymyzyň ýaşaýan ýurtlaryndaky käbir resmiler, esasan syýasatçylar ol ýerlerdäki ynsanlarymyzyň käbirleriniň mariginal, aşa toparlaryň täsirinde galýandygyny, terrorçylykly aksiýalara goşulyşýandygyny beýan edýärler. Şol günäkärlemeler ýerliksiz bolup biler. Degişli ýurtlar strategiýalaryna laýyklykda şeýle günäkärlemeleri edip bilerler. Emma adamlaryň duçar bolýan kynçylyklary sebäpli mariginal toparlaryň girme ähtimallygy elmydama bardyr. Şol sebäpli şeýle howplara garşy döwlet edaralarymyz we degişlli jemgyýetçilik guramalarymyz ýerlikli çäreleri görmeli.

Soňky Çäre Türkiýe: Ýüze çykan her bir meselede şol bada Türkiýä göçmek düşünjesi iň soňky çözgüt bolmaly. Soňky çärä ýüz tutmak üçin ýokarda beýan edilen ýa-da edilmedik ähli çykalgalar seljerilmeli. Ol tebigy ýagdaýda iňnän strategik, çylşylymly syýasat we irginsiz zähmet talap edýär. Ýaşalýan sebiti terk etmegiň şahsy we jemgyýetçilik gymmaty göz öňünde tutulanda köplenç halatda ynsanlarymyzy ýerinde galdyrmagyň ýoluny tapmak mümkindir.

Soňky iki geplegimizde üýtgewsiz ýaly görünýän göçler barada durup geçdik. Şol strategiýanyň belli bir derejede Siriýadan, Eýrandan, Yrakdan, Müsürden, Liwiýadan, Owganystandan gelýän wagtlaýyn ýa-da Türkiýeden üstaşyr geçýän migrantlara hem degişlidigini aýtsak ýalňyşmarys. Emma iki şertde-de eger ýaşaýyşa howp abanýan bolsa, Türkiýe hiç haçan günbatar ýa-da Ýewropa ýurtlary ýaly çemeleşmez. Özünden pena soranlary ölüme mejbur etmez. Günbatardan we onuň medeniýetinden tapawutlylykda Türkiýe bütin taryhy boýunça özünden başpena soran biçäreler üçin gymmady näçe düşýändigine garamazdan umydyň, adamkärçiligiň soňky gapysy, wyždanyň sesi, azatlygyň ady boldy. Şu günki günde ÝB-ne agza ýurtlar, geçmişde başgalary düşünmedik bolsalar hem taryh boýy Türkiýäniň aňladýan manysy we tapawudy şundan ybarat bolupdy.


Etiketkalar: Günbatar , terk etmek , migrant

Degişli Habarlar