Bosgun strategiýasy nähili bolmaly 1?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Bosgun strategiýasy nähili bolmaly 1?

Türkiýe, taryhy çeşmelere ser salynanda we beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, göçlere belkem iň köp sezewar bolan ýurtdyr. Türkiýe taryhyň ähli döwürlerinde gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan bosgun kabul eden ýurt bolupdyr. Şu günki gün hem sebitinde durnuklylyk adasy hökmünde, ýurtlarynda başyndan geçiren kynçylyklary sebäpli, ýene-de ençeme geografiýadan  göçüp gelmek isleýän adamlaryň ýurdy boldy. Ýurdumyza edilýän emigrasiýa talaplaryna garşy nähili strategiýa alynyp barylmaly?

Indi bolsa Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Siýasy ylymlar fakultetiniň dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň şu günki temamyz bilen bglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Bu babatda bellemek isleýän zadym, eger dogry ýagdaýda ugrukdyrylsa, emigrasiýa ýurtlara köp peýda getirip bilýär. Munyň aýdyň mysaly hökmünde öz taryhymyzy görkezip bileris. Biz emigrasiýa medeniýetiniň çagalary ýalydyrys. Uzyn medeniýet ýörüşimiz, bir emigrasiýa ýörüşidir. Bu ýörüşde adalat, paýlaşmak, bilelikde ýaşamak, tolerantlyk, köp medeniýetlilik ýaly şu günki gün adamzadyň iň mätäçlik çekýän, Türkiýäni Türkiýe eden örän möhüm gymmatlyklary bir ýere jemläpdiris. Emma göçleriň ýurtlara goşandy bolsa başga bir makalanyň temasydyr.

Anadoly bir emigrasiýa geografiýasydyr...

Musulman türklerden ozal hem, bir geçiş nokady, bir ýol menzili bolmagy sebäpli tayhyň dowmynda Anadola ençeme göçler boldy. Musulman türkleriň Anadola göçüp başlamagy bolsa b.e. soň 1000-nji ýyllarda başlady. Türkleriň Anadola gelmegindan soň, taryh Anadolyda bir çaknyşygyň bolandygyny, başga ýurtlarda bolşy ýaly köpçülikleýin gyrgynçylyklaryň başdan geçirilendigini ýa-da Anadolyda ýaşaýan ozalky halklaryň, ýaşaýan ýerlerini köpçülikleýin häsýetde terk edendigini ýazmaýar. Bu ýagdaý Anadolynyň wagtal-wagtal Horasandan göçüp gelenleriň reňkleri bilen bezelendiginiň görkezijisidir.

Anadolyda göçler diňe 1000-nji ýyllarda bolmady, 18 we 19-njy asyrlarda Balkanlarda we Kawkazlarda başdan geçirilen agyr ýitgiler sebäpli, 18-nji we 19-njy asyrlarda hem dowam etdi.

Bu emigrasiýalaryň Respublika döwründe hem dowam edendigine taryh şaýatlyk edýär.

Türkiýä soňky köpçülikleýin emigrasiýa bolsa Todor Žiwkowyň eden-etdilikleri sebäpli, 1989-njy ýyldaky Bolgariýadaky türkleriň göçleri boldy. Todor Žiwkowyň şol wagtlar “Türkler Bolgariýadan göçürilmese, Bolgariýa diýen bir ýurt galmaz, Bolgariýa başga bir Kipre öwrüler” diýendigi aýdylýar.

Gysgaça aýdanymyzda, Anadoly geografiýasy Adriatik deňizinden Hytaý diwaryna, Türkiýä köňlüni beren adamlar üçin hemişe 2-nji öý, kynçylyga sezewar bolan mahallary gidip biljek ýurtlary bolupdyr. Türkiýe diňe türk we musulman jemgyýetleriň gidip biljek bir durnuklylyk adasy bolmandyr. Taryhymyz Türkiýäniň musulman bolmadyk halklaryň hem sygynyp biljek bir ýurdudygyna şaýatlyk edýär. Bu babatdaky iň uly mysal bolsa 500 ýyl ozal Ýewropadan kowulyşlary ýaly, Gitleriň zulumy sebäpli Germaniýadan gaçyp Türkiýä ýerleşen jöhitlerdir.

Anadolydan göçler...

Türkiýe ýa-da Anadoly diňe bosgun kabul eden däl, eýsem şol bir wagtda örän köp göçüň bolan ýeridir. Anadoly Osmanlynyň diňe esger däl, şol bir wagtda baran ýerlerinde täze ýaşaýyş ýerlerini açmak üçin adam çeşmesi bolupdyr. Esasan hem Balkan ýurtlaryna Anadolyndan uly-uly göçler boldy. Balkan ýurtlarynda üç aýry ýerde Konýa atly ýaşaýyş ýeriniň bardygy aýdylýar.

Anadolydan daşaryk bolan soňky uly emigrasiýalaryň biri hem 1960-njy ýyllardaky Günbatar ýurtlaryna, işgär gatlagyň göçleridir. Şu gün resmi ýagdaýda 5 million türk ilatynyň bardygy bilinýär. Men bolsa, bellige alynmadyk, raýatlykdan çykarylan adamlar bilen birlikde bu sanyň has hem köpdügini pikir edýärin.

Şu günki ýagdaý...

Türkiýe şu günki gün Balkanlardaky, Türk dünýäsindäki, Uzak Gündogardaky meseleler sebäpli örän köp bosgun kabul edýär. Soňky gezek bolsa Siriýadan Türkiýä ägirt uly bosgun tolkuny geldi. Bu emigrasiýalaryň esasy sebäpleriniň biri bolsa, sebitimzdäki ýurtlara we Günbatar ýurtlaryň pozisiýasyna ser salynanda, Türkiýeden daşary gidip biljekleri başga bir ýurtlarynyň bolmazlygydyr. Esasy sebäpler bolsa, ýaşaýan geografiýlaryndaky meseleler, imperialist ýurtlaryň strategiýalary we şuňa meňzeş sebäpler bilen ýurtlarynyň barha ýaşap bolmajak ýagdaýa öwrülmegidir.

Türkiýe şu günki gün diňe Siriýa, Eýran, Yrak, Owgaystan, Liwiýa, Hytaý, Russiýa, Ukraina, Afrika ýurtlardan däl, eýsem, Günbatar ýurtlaryndan hem bosgun kabul edýär. Günbatar ýurtlaryndaky ykdysady çökgünlik we artan yslam we türk duşmançylygy ýaly sebäpler bilen ozal bu ýurtlara giden raýatlarymyz hem yzyna gaýdyp gelmäge başladylar, çagalarynyň bir bölegi iş mümkinçiliklerini Türkiýede gözleýär. Ozalky ýyllarda hyýal hem edip bolmajak ýagdaýda, Günbatar ýurtlarynda ýaşaýan raýatlarymyzyň çagalary okamak üçin Türkiýäni saýlaýarlar.

Hem Günbatar ýurtlarynda, ham Balkan ýurtlarynda, hem Krymda hem-de Hytaýyň Uýgur sebitinde başdan geçirilýän agyr şertler sebäpli bu sebitler bilen baglanşykly käbir jemgyýetçilik guramalarymyz ol ýerdäki raýatlaryň Türkiýä gelmek proseslerine we emigrasiýalaryna kömek berýär.

Günbatar we Gündogar ýurtlarynda türk we musulman ilaty islemeýän ýurtlar we rasist töwerekler hem tapawutly mehanizmleri bilen, ol ýerlerdäki ýaşaýjylaryň ýaşaýan ýerlerini terk etmekleri üçin biri-birinden tapawutly hilelere ýüz tutýarlar.

Esasan hem Krym we Uýgur meselesinde bolşy ýaly, ol ýerlerdäki kowumdaşlarymyzam käbir imperialist ýurtlar tarapyndan, Russiýa we Hytaýa zyýan ýetirmek maksady bilen ulanmak we öz syýasatlarynyň enjamyna öwürmek isleýärler.

Hawa, sebitinde durnukylyk adasy, adamzadyň gaçybatalgasy we wyždany bolandygy üçin Türkiýä buýsanalyň. Emma Türkiýäniň ýeke başyna ähli bu göçleriň hötdesinden gelmegi mümkin däldir. Strategik taýdan dogry hem däldir. Adamlaryň ýaşaýan ýerlerini terk edip, Türkiýä göçmekleri, degişli ýurtlaryň arzuw edýän we mejbur edýän bir syýsatydyr.  

Türkiýe daşary ýurtlarda ýaşaýan we özi bilen gatnaşykda bolan adamlar bilen bagly, olaryň käbir Günbatar ýurtlaryň imperialist makatlarynyň enjamy bolmagyna rugsat bermeden, özüniň we esasan hem raýatlarynyň bähbitlerine peýda getirjek ýagdaýda syýasat alyp barmalydyr.

Türkiýäniň döwlet guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýanlarymyzyň we kowumdaşlarymyzyň alyp barmaly bosgun strategiýasy bilen baglanşykly tekliplerimizi has hem konkretleşdirip gepleşigimiziň indiki sanynda dowam ederis.

Siz gepleşigimiziň bu günki sanynda Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Siýasy ylymlar fakultediniň dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny diňlediňiz.  



Degişli Habarlar