OÇMEJEK TALANT ÝA-DA BERDI KERBABAÝEWIŇ TERJIMEHALYNDAN

Dost-Doganlygyň Taryhy

1242894
OÇMEJEK TALANT ÝA-DA BERDI KERBABAÝEWIŇ TERJIMEHALYNDAN

 

OÇMEJEK TALANT ÝA-DA BERDI KERBABAÝEWIŇ TERJIMEHALYNDAN

 

Köpmilletli sowet edebiýatynyň ösmegine önjeýli goşant goşan ajaýyp söz ussatlarynyň hatarynda hormatly orunda durýan, türkmen sowet edebiýtynyň kerwenbaşysy, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Myradowiç Kerbabaýew, bütün ömrüni, köptaraply döredijiligini zähmetkeş halkyň bagty bilen baglanşykly arzuwlaryny beýan edýän eserleri döretmeklige bagyşlady. Söz ussadynyň ýarym asyrdanam uzak wagtyň dowamynda döreden eserlerinden «Aýgytly ädim», «Nebitdag», «Gaýgysyz Atabaý», «Suw damjasy — altyn dänesi» romanlarynda, powestleridir, pýesalarynda, goşgularydyr poemalarynda, oçerkleridir hekaýalarynda ülkämiziň özüne mahsus bolan keşbini, onuň, geçmişidir şol günki günleri, halkyň isleg-arzuwlary, halkymyzyň azatlyk ugrunda alyp baran göreşleri, adamzadyň röwşen geljegi bolan kommunistik jemgyýeti gurmak ugrunda alyp barýan işleri her taraplaýyn açylyp görkezilýär.

Berdi Kerbbaýew 1923-nji ýyldan başlap gazýet-jurnallaryň sahypalarynda goşgylar, felýetonlar, oçerkler, hekaýalar bilen çykyş edip ugraýar. Onuň şol döwürde döreden goşgulary gahrymançylykly ýyllaryň romantikasyna ýugrulandyr. Şahyr giň okyjylar köpçüligine düşnükli bolan dilde durmuşyň ösüşüne päsgel berýän zatlary ýepbekleýärdi, täze döwür ugrundaky göreşe çagyrýardy.  

Täze döwrüň ähli alamatlary, daýhanlaryň durmuşynda, zähmetinde hem aň-düşünjesinde ýüze çykan düýpli özgerişlikler onuň kalbyna şatlyk, ylhamyna ganat berýär. B. Kerbabaýewiň möwritini ötürip, durmuşyň öňe gitmegine aýakbagy bolup asylýan zyýanly zatlaryň garşysyna ot açan goşgulary özleriniň ýazylyşy boýunça göniden-göni öwüt-ündew beriji häsiýete eýedi.

Şahyryň «Gyzlar dünýäsi», «Adatyň gurbany», «Ýaz möwsüminde bir gözel» poemalary türkmen sowet edebiýatynyň ösüşine önjeýli goşant goşdy. B. Kerbabaýewiň otuzynjy ýyllardaky döredijiligine ser salanymyzda, onuň hem pikir hem de mowzuk jähtden baýlaşandygyna göz ýetirýäris. Şahyryň 30-njy ýyllardaky ýokary watansöýüjili äheňine ýugrulan lirikasynyň mowzuklarynyň dürlüligi çäksiz giň, ol şahyrana oýlanmalara baý. Respublikamyzda hem ýurtda bolup geçýän ähli möhüm durmuş-syýasy wakalar onuň goşgularynda öz beýanyny tapýar.

Ýazyjynyň otuzynjy ýyllaryň ortalarynda A. M. Gorkiniň «Ene», M. Şolohowyň «Göterilen tarp» romanlaryny türkmen diline terjime etmäge girişmegi ýöne ýerden däldir. Bu ýagdaý B. Kerbabaýewiň giň gerimli eserleri döretmekdäki çeperçilik tärlerini özleşdirmek, ajaýyp söz ussatlarynyň döredijilik ussahanalaryna aralaşmak meýli bilen baglanyşyklydyr. Soňra ýazyjy «Ene» hem «Göterilen tarp» romanlarynyň terjimesiniň üstünde ägirt uly gyzyklanma, lezzet bilen işländigini, wakalary ýaýbaňlandyrmakda, hasiýetleri her taraplaýyn açyp görkezmekde, beýan edýän mahalynda töweregindäki bolup geçýän zatlardan ýerlikli peýdalanmakda, gahrymanlaryň içki dünýäsini açyp görkezmekde A. M. Gorkiniň, M. Şolohowyň döredijilik tejribesinden köp zatlar öwrenendigini belleýär. Şeýle uly ussatlardan tälim almagy onuň öz uly göwrümli eserlerini döretmegine oňaýly täsirini ýetirýär.

B. Kerbabaýewiň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda döreden eserleri ýalkymly watançynyň Watana söýgi, duşmana ýigrenç duýgulary bilen dem alýar. Şahyryň şol ýyllarda ýazan goşgularynda sowet halkynyň güýjüne, gaýduwsyzlygyna bolan ynam belent ses bilen ýaňlanýar.

Urşun ahyrlarynda B. Kerbabaýew «Aýgytly ädim» romanyny ýazyp gutarýar. Eser rus diline geçirilip, bada-bat okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýar, ýazyjynyň adyny bütin Soýuzymyza tanadýar. «Aýgytly ädim» diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem köpmilletli sowet edebiýatynyňam ajaýyp eserleriniň hatarynda durýar. 1948-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolan «Aýgytly ädim» romany biziň ýurdumyzyň hem daşary ýurt halklarynyň dillerinde ençeme gezek neşir edildi.

Beýik Watançylyk urşundan soň ähli adamzat parahatçylygy gorap saklamak ugrunda göreşe galkyndy. Şol döwrüň möhüm wakalaryna seslenmek bilen, B. Kerbabaýew bu ýyllarda parahatçylyk ugrundaky göreşe öz mynasyp goşandyny goşmaga ymtylýan türkmen halkynyň, uruşdan soňky döwürdäki zähmetine bagyşlanan «Aýsoltan» powestini döredýär. Bu eser 1950-nji ýylda SSSR-iň Döwlet bayragyna mynasyp bolýar.

Öz döwrüniň durmuşuny wasp edýän, 1957-nji ýylda döredilen, türkmen edebiýagynda milli işçiler synpy hakynda gürrüň berýän ilkinji çeper eser bolan «Nebitdag» romany şol döwürlerde iň bir döwrebap eser hasaplanýar. Berdi Kerbabaýew bu romanyny ýazmak üçin üç ýyla ýakyn wagtlap öz gahrymanlarynyň arasynda ýaşamaýar. 

1964-nji ýylda TSSR-iň hem Turkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 40 ýyllygyna gabatlap, Berdi Kerbabaýew «Gaýgysyz Atabaý» romanyny tamamlady. Türkmenistan Sowet Sosisalistik Respublikasynyň Döredilmegi hem sosisalistik ýol bilen ösmegi ajaýyp partiýa hem döwlet işgäri bolan Gaýgysyz Atabaýewiň ady, işleri bilen baglydyr.

Berdi Kerbabaýewiň iň soňky eseri 1974-nji ýylda işçiler synpy hakynda döredilen iň gowy eserleriň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji baýraga mynasyp bolan «Suw damjasy — altyn dänesi» romany diňe bir türkmen edebiýaty däl, eýsem köp milletli sowet edebiýaty üçin hem guwançly waka boldy. Edil «Nebitdag» romanyndaky ýaly, ýazyjy bu eserinde-de Garagum kanalynyň köp milletli işçiler kollektiwiniň durmuşyny giň gerimde açyp görkezýär. 

Berdi Kerbabaýewiň döredijiligi köp taraplydyr. Şahyr, ýazyjy, dramaturg, publisist bolmagynyň daşyndan, ol çagalar üçinem gowy eserler döretdi. Ýazyjynyň «Batyr», «Atasynyň ogly», «Serhetde», «Japbaklar», «Mekirje serçejik», «Jonnuk batyr» hem beýleki eserleri häzirki güne çenli çagalarymyzyň elinden düşürmän okaýan kitaplarydyr.

Berdi Kerbabaýew edebi tankyt janrynam ünsden düşürmedi. Terjimeçi hökmünde hem uly hyzmatlar bitirdi. Ussatlygy, işehhirli netijesinde Berdi Kerbabaýew biziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda diňe bir uly ýazyjy däl, eýsem görnükli jemgyýetçilik işgäri hökmünde-de tanalýardy.

 



Degişli Habarlar