GORKUT ATADAN GOŞGULAR

Dost-Doganlygyň Taryhy

GORKUT ATADAN GOŞGULAR

Dost-Doganlygyň Taryhy 

 

GORKUT ATADAN GOŞGULAR

 

Ýalňyz ýigit alp bolmaz.

Ýowşan düýbi berk bolmaz.

 

         Türkmenleriň “Gorkut ata” şadessany örän gadymy eserdir. Onda ata-babalarymyzyň ýaş nesle edep-terbiýe berşiniň edebi ýazgysy berilýär. Nesilme-nesil gelýän bu ýazgylar häzirki wagtda-da çuhhur many-mazmuna eýeligi bilen terbiýe işinde gerekli edebi hazynadyr.

 

         Han babamyň gaşyna men baraýyn,

         Agyr hazyna, bol leşger alaýyn;

         Azgyn dinli gäwürlere men baraýyn;

         Ýaralanyp, kazylyk atymdan inmeýänçäm,

         Ýeňim bilen alaja ganym sylmaýnçam,

         Gol, but olup ýer üstüne düşmeýänçäm,

         Gara başym gurban olsun, bu gün saňa! –

 

         – diýip, ili-güni, ýakyny-ýady üçin gyşda-ýazda gary eremeýän daga çykyp, pesden beýige çapyp, bedew atyny däbsäp ili-güni üçin ata çykan Oguzlaryň gadymy gahrymançylyk şadessany “Gorkut ata” ilkinji gezek professor Mäti Kösäýew tarapyndan 1945-nji ýylda “Sowet edebiýaty” jurnalynda çap etdirilýär. Soň bu şadessanyň bölekleri mekdepler üçin okuw hrestomatiýasyna girýär. Ahyrda bolsa bu şadessan professor Mäti Kösäýew tarapyndan 1950-nji ýylda özbaşdak kitap görnüşinde çapa taýýarlanýar. “Gorkut ata” şadessany 1951-nji ýylda Türkmenistan sowet sosýalistik respublikasynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp çapdan çykarylmalydy. Şeýlelikde “Gorkut ata” şadessanynyň Watikan we Drezden golýazmalary bilen Mäti Kösäýewiň taýynlan “Gorkut ata” eseriniň arasyndaky tapawutlar eser halka düşnükli bolar ýaly taýýarlandy.

         Türkmenleriň „Gorkut ata“ şadessany X-XI asyrlara, hatda käbir boýlary VI-VII asyrlara degişlidir. Kitap “Boý” diýip atlandyrylýan birnäçe bölümden ybaratdyr. Türkmenleriň dessanlarydyr şadessanlarynda kyssa, ýagny gürrüň bilen goşgyny gezekleşdirip bermek usuly ulanylypdyr. Gorkut atanyň özi hem kitabyň başyndan tä aýagyna çenli wakany gyzyklandyryjy, bölümleriň arasyny birleşdiriji şahyr we bagşy roluny oýnaýar.

        

– Bäri gelgil, agam Gazan!

Galkyban bedew atym saklardym

Bu gün üçin. Güni geldi.

Ak meýdanda sergedeýin seniň üçin.

Ala uzyn süýr jydamy sakladym

Bu gün üçin. Güni geldi.

 

Şahyrana türkmen halky aýdym-sazy örän oňat görýär. Özüniň şatlygyny, gaýgysyny aýdym bilen beýan edýär, her bir kynçylyga garşy, hatda duşmanyndan hem şygryň, aýdym-sazyň güýji arkaly üstün çykýar. Ýokardaky bir bent kynçylygyň hötdesinden gelme, duşmandan üstün çykma meselelerinden aýdym sazdyr, aýdyşyga mysal hökmünde getiren bolsak, aşakdaky bäş kelimelik bir bentde türkmen halkynyň diňe bir gahrymançylygyny, kynçylygyny däl-de eýsem diýarynyň dagdyr deresini, deňzinidir howasyny hem aýdym-saz bilen taryp edip bilýändigini şadessanyň „Bugaç han Derse han oglynyň boýy“ atly boýynda hem görmek bolýar. Ozanyň säher wagtyny taryp edişi. Gör, bak ozan näme diýýär:

 

         Salkym-salkym daň ýelleri ösdüginde,

         Sakally, bozlaç torgaý sayradykda,

         Sakaly uzyn datly ary wagladykda,

         Bedew atlar eýesin görüp okrandykda,

         Ak ile gara seçilen çagda,

         Göwsi gözel guba daglara gün degende.

 

         – diňe bir ozanyň dilinde „Göwsi gözel guba daglar“ taryp edilmek bilen galman, şol daglar türkmenleriň goragçysy, gaçybatalgasy, awlagy, durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolany üçin „Göwsi gözel guba daglar“ diýýärler, söýýärler. Daglaryň diňe bir ozanlaryň diline dessan däl-de bagy bossan, gaçybatalgadygyny şadessanyň „Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy“ boýunda, Gazan begiň ogly Oraza aýdan: „– Ogul-ogul, aý ogul! Ýaga girip baş kesmediň, adam öldürip, gan dökmediň. Ala gözli kyrk ýigidi ýanyňa algyl, göwsi gözel guba daglaryň başyna çykgyl. Meniň söweşimi, meniň döwşümi, meniň çekişimi, meniň gylyçlaşymy görgül, öwrengil.“ diýýär.

 

         Şadessanda şahyrana türkmen halky aýdym-sazy bilen özüniň şatlygyny, gaýgysyny beýan edýär. Bu ýagdaýy „Bugaç han Derse han oglynyň boýy“ atly boýynda, Derse hanyň Baýyndyr hanyň buýrugyny duýanda aýdanlarynda hem görmek bolýar.  

         Onda Derse han öz ýigitlerine:

– Turuň gideliň, bu ýagdaýyň günäkäri menmi ýa meniň aýalymmy? – diýip ýerinden turdy. Derse han, öýüne geldi we aýalyny çagyryp, oňa şeýle diýdi:

 

Bäri gelgil, başym bagty, öýüm tagty,

Öýden çykyp ýöriýende, selbi boýlym,

Topugynda sarmaşanda, gara saçlym,

Gurugly ýaýa meňzär – çatma gaşym,

Goşa badam sygmaýan dar agyzlym,

Güýz almasyna meňzär – al ýaňaklaň,

Hatynym, diregim, tüwlegim!  

 

– diýip kyn günlerinde hem şahyrany şygyr bilen derdinişip, dertlerine derman tapmany bilipdirler.

 

         Gorkut ata şadessanynda şygyrlar diňe bir derde derman tapmak üçin däl, eýsem şatlykly habarlary paýlaşmak, buşlamak, buşluk sözleri üçin hem ulanylypdyr. “…gyz Biregi tanady, durmuşy bilen özüni Biregiň aýagyna taşlady.

Hadymlar Biregi bezediler.

Banu Çeçek syçrap ata mündi, Biregiň ata-enesine buşlamaga gitdi. Ol baryp:

– Yrgap-argap gara dagyň ýykylypdy, gaýtadan dikeldi ahyry. Akgynly suwlaryň sogulypdy, gaýtadan çogdy ahyry. Uly-uly agaçlaryň gurapdy, ýaşardy ahyry. Gyzyl düýeleriň garrapdy, köşek berdi ahyry. On alty ýyllap hasratyny çeken olguň Birek geldi ahyry! Gaýyn ata, gaýyn ene, buşluk! Maňa näme berersiňiz? – diýdi.

Biregiň ata-enesi aýdar:

 

– Diliň üçin öleýin, gelinjigim,

Ýoluňa gurban bolaýyn, gelinjigim,

Sag-esen çykyp gelse,

Garşy ýatan gara daglar saňa ýaýla bolsun,

…Tüýnügi altyn bowun öýüm saňa kölge bolsun,

Gara başym gurban bolsun, saňa gelinjigim!”

 

         – diýen ýaly setirler arkaly şadessanyň gahrymanlary myratlaryna ýetişlerini, bagtly boluşlaryny şahyrana beýan edipdirler.

 

 

 

 


Etiketkalar: şygyr , gahryman , dessan , Gorkut Ata

Degişli Habarlar