“Demokratiýanyň ýeňişi, milletiň dessany"

FETÖ-niň gandöküşikli agdarlyşyk synanşygynyň 3-nji ýyly

15 temmuz askeri darbe girişimi.jpg
15 temmuz.jpg
15 temmuz, tank.JPG
15 Temmuz Kahramanlık Destanı 9.jpg
15 Temmuz_İstanbul.jpg

 

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň gandöküşikli agdarlyşyk synanşygynyň 3-nji ýyly

Demokratik ulgamy agdarmagy maksat edinen guramanyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda 251 adam şehit boldy, 2 müň 194 adam hem ýaralandy

FETÖ-niň hyýanatçylykly synanşygynyň merkezi paýtagt Ankara boldy

Türk ýaragly güýçleriniň hataryndaky FETÖ agza we şol guramanyň aksiýalaryna goldaw berýän 8 müňe golaý harby hünärmen, harby uçarlar bilen birlikde 35 uçar, 3 gämi, 37 dik uçar, 74 tank, 246 sowutly ulag we 4 müňe golaý ýeňil ýarag bilen hökümeti agdarmaga synanşdy we şol agdarlyşyk synanşygy Türkiýe Respublikasynyň taryhynda gara tegmil hökmünde ýer aldy.

Synanşygyň dolanşyk merkezi Akynjy harby merkeziniň hem ýerleşýän ýeri bolan paýtagt Ankarada 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda “garaňky” gije başdan geçirildi.

Şol gije Prezidentiň Baş sekretary bolan Fahri Kasyr we şol döwürde Baş ştabyň başlygy bolan goşun generaly Hulusi Akar bilen birlikde ýokary çinli serkerdeler huntaçylar tarapyndan zamun alyndy

Şäheriň çar tarapynda pesden uçan harby uçarlar Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisini, Prezidentiň kompleksini, Içeri işler müdürligini, Milli howpsyzlyk gullugyny we TÜRKSAT-y bombalady.

Şäherdäki harby merkezlerdäki tanklar bilen sowutly ulaglar bilen köça çykdy.

Stambul şäherinde bolsa strategik ýerleri nyşana alan huntaçylar, ilki şäheriň iki kenaryny birleşdirýän Bogaziçi we Fatyh Soltan Mehmet köprülerini sagat 22.00 töweregi gatnawa ýapdy. Köprüde bir ýere jemlenşen halka garşy ot açdy

Kuleli harby litseýinde bolsa adatdan daşary ýagdaýa geçildi we harby ulaglar Bogaziçi, Fatih Soltan Mehmet köprüsüne we Kandilli-Beýkoza tarap ýola çykdy. Litseýiň öňünde jemlenşen halka garşy hem ot açdylar.

Huntaçylaryň bir bölegi şäher häkimligine girdi, bir bölegi bolsa Atatürk adyndaky howa menzilini ele geçirmek isledi.

Uçuş gözegçilik diňini ele geçiren huntaçylar, ähli uçuşlary saklady. F-16 kysymly harby uçarlar bilen uçaglaryň gonmagyna we uçmagyna böwet boldular.

Halkyň harby hereketlilige göz ýetirmäge çalyşýan pursatlarynda döwrüň Premýer ministri Binali Ýyldyrym sagat 23.02-de telewideniýe arkaly, wakalaryň agdarlyşyk synanşygy bolup biljekdigini aýtdy we synanşyga gatnaşanlaryň agyr jezalandyryljakdygyny nygtady.

Huntaçylaryň dik uçarlary Milli howpsyzlyk gullugyny bombalaýarka, Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-ä giden huntaçylar sagat 00.13-de zor bilen agdarlyşyk jarnamasyny okatdy.

Prezident R. T. Erdogan sagat 00.24-de CNN Türk kanaly arkaly beren ýüzlenmesinde “Bu waka gynansakda Türk ýaragly güýçleriniň hataryndaky parralell döwlet ulgamyna agza we hökümete garşy durýan kiçi toparyň başladan agdarlyşyk synanşygydyr”diýdi.

Halk, Erdoganyň huntaçylara garşy hereket geçmek barada  beren çagyryşyndan soň köçä çykdy.

Paýtagt Ankaranyň we Stambulyň başda durmagynda Türkiýäniň çar tarapynda demokratiýa goldaw bermek üçin meýdanlara çykan raýatlar, janlaryny pidä edip tanklaryň üstüne çykdy, huntaçylaryň ýaraglarynyň öňünde göwüs gerip, olaryň maksadyna ýetmegine rugsat bermedi we agdarlyşyk synanşygyny basyp ýatyrdy.

Ertesi gün günorta çenli dowam eden wakalarda raýatlar gahrymanlarça göreşdi.

Agdarlyşyk synanşygynyň netijesizdigine göz ýetiren harbylar, ertiriň irki sagatlarynda Baş ştabyň karargahinden çykyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egmäge başlady.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ertesi gün 12.57-de Çankaýa köşgünde beren beýanatynda, agdarlyşyk synanşygynyň basylyp ýatyrlandygyny resmi taýdan habar berdi.

Agdarlyşyk synanşygyna garşy ýurduň dürli künjeginde türk halkynyň alyp baran göreşi “Demokratiýanyň ýenişi, milletiň dessany” hökmünde taryhda öçmejek yz galdyrdy



Degişli Habarlar