Türkiýe Tejribesi: Horosan Ýoly

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Türkiýe Tejribesi: Horosan Ýoly

 

Türkiýe Tejribesi: Horosan Ýoly

 

Durmuşa oňyn garaýan adamlar üçin göwniçökgün makalalar ýazmak ýeňil bolmasa gerek. Siziň dykgatyňyza parahatçylyga, asudalyga, eşrete tarap barýan dünýä barada, azatlyk aýdymlary, doganlyk buşluklary, denlik, paýlaşmak baradaky analizleri dykgatyňyza ýetirmek isleýärin.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gynansagam ABŞ-nyň, Russiýanyň Hytaýyň we beýleki güýçleriň gönükdirmesi bilen günsaýyn dartgynlaşýan dünýä tarap ýakynlaşýarys. Global aktýorlaryň ýany bilen şahsy ýa-da guramaçylykly terrorizm tapawutlyklarymyz bilen bilelikde ýaşamak isleýän adamzat maşgalamyzyň ýaşaýyş giňişligini günsaýyn daraldýarlar. Günbatar ýurtlarynyň günsaýyn 2-nji Jahan urşundan ozalky şertlere dolanmaga ýönelmegi, tapawutlyklara garşy pajygaly hüjümler, mankurtlaşan düşünjä eýe bolan DAIŞ, Täze Zelandiýada we Şri-Lankada başdan geçirilenler, Tarrantizm, ewangelizm ýaly wakalary ýada salanda adamyň ruhy dünýäsi hasam garalýar.

Gözýetimizi günsaýyn garaldýan bu wakalara garşy hem musulman dünýäsini hem-de global dünýäni asudalyga, jebislikde ýaşamaga çagyrýan has ähliumumy diskurs, çemeleşme iňňän möhüm. Has dogursy hemmeleri belli gymmatlyklary ykrar etmäge we ýaşamaga çagyrýan ähliumumy ahlak kadalary gerek.

Başga ugurlarda-da bolmagy, emma esasanda dini taýdan plýuralizmi kabul eden we içginlik bilen iş ýüzüne geçirilen şertler adamzat maşgalasynyň meseleleriniň esasy bölegini çözmezmi?

Adamlar özüne meňzeýäni has gowy görüp biler. Emma şeýle halatda çetleşdirmek, alalamak, duşmançylyk etmek nämä gerek?

Tapawutlyklary howp hökmünde görmegiň ýerine, olary pursat, baýlyk hökmünde görmek, olara hoş niýetlilik bilen çemeleşmek, parahatçylykdan we asudalykdan başga näme getirer?

Diňe almagy däl, bermegi, bölüşmegi pikirlenmek we iş ýüzüne geçirmek bagtyýarlygyň we durnuklylygyň gözbaşy dälmi eýsem?

Tapawutlyny kemsitmek, tapawutly dili, dini, reňki, milleti, ideologiýany we düşünjäni agalyk hökmünde görmezlik jebis ýaşamagyň başlangyç ýörelgeleri dälmi?

Aslyna seredilende ýokarda beýan eden gymmatlyklarymyzyň esasy bölegi şu günki günde ähliumumy gymmatlyklar hökmünde kabul edilýan gymmatlyklar. Emma gepleşigimiziň ozalky sanlarynda-da belläp geçişimiz ýaly hamala diýersiňiz “gymatlyklaryň soňunyň” yglan edilen döwründe ýaşaýarys. Ozallar ediljek kadasyzlyklar görünýän hem bolsa kanuna bap getirilýärdi. Emma ähli gymmatlyklaryň gönüden basgylanýan dünýäsinde ýaşaýarys. Beýleki tarapdan obstrakt kabul edilýän we belli şertnamalarda beýan edilýän, emma özleşdirilmedik gymmatlyklar ýa-da kadalar esasan kagyz ýüzünde galýar.

Şu gün ýetilen sepgitde çaknyşyk, radikalizm, assimiliýasiýa, çetleşdirme, basgylamak bütin dünýäde giňden ýaýbaňlanýar.

Eýsem ýokarda beýan edilen gymmatlyklaryň obstrakt beýanyndan daşgary ahlakly pozisiýa bilen goldanan taryhy tejribe barmyka?

Biziň medeniýetimiz taýdan bu soraga arkaýynlyk bilen hawa diýip bileris. Horosan sebitinden bütin dünýä ýaýran düşünje, garaýyş, çemeleşme esasan ýokarda beýan edilen we edilmedik köp sanly gymmatlyga, şol gymmatlyklaryň özleşdirilmegine, ahlaky pozisiýa bilen goldanmagyna gözbaş bolup durýar. Şol ekol Horosan ýoly, Ýasawyçylyk, Sufizm, Horosan erenleri, Möwlewilik ýaly tapawutly atlar bilen atlandyrylýar. Nähili atlandyrylýandygyna garamazdan mazmuny birmeňzeş. Men hem geografik sebite, hem-de şol sebitiň bütin dünýä ýaýran düşünjä we gumanitar akymy beýan edýändigi üçin Horosan ýoly diýmegi saýlap alýaryn.

Ilki bilen Horosanyň niredigini beýan edeliň. Eýran, Owganystan, Täjigistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan diýarlylarynyň bir bölegini öz içine alýan, Merw, Hyrat, Nişapur, Balh, Buhara, Samarkant şäherleriniň ýerleşýän taryhy sebiti Horosan atlandyrylýar. Howa Ahmet Ýasawynyň başda durmagynda Nakşybendi, Möwlana Jelaleddin Rumy, Hajy Baýram Weli, Hajy Bekdaş Weli ýaly ägirtler Horosandan gözbaş alyp, düşünjelerini bütin dünýä ýetirdiler. Ahi Ewran, Ýunus Emre, Sary Saltyk, Somunju Baba, Gül Baba ýaly ägirtler bolsa şol ýoly dowam etdirenler.

Şol ägirtleriň esasy özboluşlygy degişli bolan yslam medeniýetiniň ähliumumy düşünjesini ýaýbaňlandyrýarka asyl çetleşdirmezligi, alalamazlygy, tapawutlylary kemsitmezligi, dini, medeni, jemgyýetçilik plýuralizme hem-de hoş niýetlilige eýe bolmagy. Häzirki wagtda ähliumumy gymmatlyklar hökmünde kabul edilýän kadalary diňe bir ykrar etmek bilen çäklenmän, olary ýaşaýyş durmuşlarynyň, ahlaky pozisiýalarynyň talabyna öwürmekleri. Şol sebäpli günbatarda tapawutly dinlere uýýanlar engizisiýa ugradylýarka maýak ýaly ägirtleriň tagallasy we ýolbeletligi bilen Osman döwletinde esasy bölegi emele getirýän musulman bolmadyk halklar öz dini ygtykatlaryny arkaýynlyk bilen berjaý edip bilýärdiler. Häzirki döwürde ähliumumy gymmatlyklary ileri tutýandyklaryna garamazdan Horosan ýolunyň ýüze çykaran garaýyşa köp sanly ýurtda gabat gelmeýäris.

Horosan ýolunyň esasy kadalaryny Möwlanyň ýedi öwüdi şeýle beýan edýär:

Jomartlykda we ýardam bermekde akaba ýaly bol.

Şowkatda we merhemetde güneş ýaly bol.

Başgalarynyň kemçiligini ýapmakda gije ýaly bol.

Gahar-gazapda öli ýaly bol.

Kiçi göwünlilikde we pespällikde toprak ýaly bol.

Hoşniýetlilikde deňiz ýaly bol.

Ýa bolşuň ýaly görün, ýa görünşiň ýaly bol.

 

Hezreti Alynyň “Adamlar ýa ýaradylyşda ýanýoldaşyň, ýa-da dinde doganyňdyr” diýen sözi, Horosan ýolunyň başlangyç pelsepesini beýan edýär.

Türkiýe tejribesi şol sebäpli şu günki günde hem musulmanlaryň hem-de adamzadyň başdan geçirýän çetleşdirmäni, üzňeleşmegi çözme potensialyna eýe bolan belki ýeke-täk tejribelerden biri bolsa gerek. Orta we uzak möhletde adamzadyň geljegi taryhy tejribesi bolan, ahlaky taýdan özleşdirilen Horosan ýoly hökmünde-de beýan edilýän çemeleşmededir.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret BülbüliňTürkiýe Tejribesi: Horosan Ýoly” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar