Mardin medeni gurluşy we geografik ýerleşişi taýdan iň bir özboluşly şäherlerden biri…

Türkiýä gezelenç

Mardin medeni gurluşy we geografik ýerleşişi taýdan iň bir özboluşly şäherlerden biri…
Mardin medeni gurluşy we geografik ýerleşişi taýdan iň bir özboluşly şäherlerden biri…
Mardin medeni gurluşy we geografik ýerleşişi taýdan iň bir özboluşly şäherlerden biri…

Mardin medeni gurluşy we geografik ýerleşişi taýdan iň bir özboluşly şäherlerden biri…

 

 

Mardin medeni gurluşy we geografik ýerleşişi taýdan iň bir özboluşly şäherlerden biri… Türkiýäniň Günorta-gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýär. Messopotamiýa düzlügine seredip duran şäher, özüne mahsus binagärligi bilen ünsleri çekýär we gelenleri gündogaryň bilesigelijik dörediji mistiki geçmişine alyp gidýär.

Tigr we Ýefrat derýalarynyň arasynda ýerleşýän Mardin; dürli medeniýetlere, dini ynançlara gujak açan taryhy şäher… Sebitdäki ýaşaýyşyň 3000 ýyl ozal başlandygy çaklanylýar. Nobaty bilen Asur, Hitit, Urartu we Medlerin häkimiýeti astynda bolupdyr. Anadolyny alan rimlileriň häkimiýetine şaýatlyk edipdir. Wizantiýalylardan soň 11-nji asyrda türk topragyna birikdirilýär.

Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Mardin Ýokary Messopotamiýanyň gadymy ýaşaýyş merkezlerinden biri… Şäheriň umumy panoramasyna seredilende ilki bilen ünsüňizi sary kalker ýagny hek daşyndan gurlan öýler çekýär. Dünýä meşhur şol öýleriň gapylary Messopotamiýa düzlügine tarap açylýar. Depäniň öwrümlerine gurlandygy üçin iň belendi iki gatly we biriniň kölegesi beýlekisi düşmeýär. Sary hekdaşyna Messopotamiýanyň güni düşen mahaly şäher sary, ertekilerdäki ýaly görnüşe eýe bolýar we Mardine “güneşiň şäheri” diýilmeginiň sebäbine düşünýärsiňiz.

Açyk howa muzeýini ýada salýan Mardinde gezip, görere ýer köp. Şolardan biri hem gadymy Dara şäheri. Mardin ýaly gadymy Messopotamiýanyň iň gadymy ýaşaýyş ýerlerinden biri bolan Dara esasanda 40 metr çuňlukdaky ýerasty şäheri bilen sizde uly täsir galdyrar. Şäheriň degirmeni, buthanasy, bazary we kärizleri bar.

Mardiniň simwolyna öwrülen binalardan biri Deýrulzafaran manastyry… 5-nji asyrda gurlan, emma soňky ýyllarda goşmaça binalaryň gurulmagy bilen häzirki durkuna eýe bolan Manastyr Sürýani prawoslawlarynyň dini merkezlerinden biri. Häzirki wagtda ybadathana hökmünde ulanylýar.

Ulujami metjidi Mardiniň şäher merkezindäki esasy eserlerinden biri. Anadolynyň iň gadymy metjitlerinden biri bolan Ulujami 12-nji asyrda gurulýar. Kaşaň minarasy bilen şäheri siluetini gözelleşdirýär. Şehidiýe metjidi, Mälik Mahmyt metjidi, Latifiýe metjidi bilen Nejmeddin metjidi hem görülmäge mynasyp ýerlerden.

Zinjiriýe medresesi 14-nji asyrdan biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp binalardan biri.

Kasymiýe medresesi bolsa döwrüň esasy bilim ojaklaryndan biri bolupdyr. Metjidi we türbedi bilen 23 sany dersligi bolan medrese ylym we bilim kompleksi hökmünde gurlupdyr.

Mardiniň Midýat etrabyndaky Mor Gabriel manastyry, gadymy sürýani jemagatynyň meşhur we esasy binalaryndan biri. Dünýäniň biziň günlerimize gelip ýeten iň gadymy sürýani prawoslaw manastyry. Düýbi 397-nji ýylda tutulypdyr we birnäçe aýyň dowamynda gurlup gutarylypdyr.

Mor Benham ýa-da beýleki ady bilen Kyrklar buthanasy 6-njy asyrdan biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Mardin 13-nji asyrda Gadymy sürýani patriarhlyk merkezi bolandan soň halkyň ruhany we edara işleri şol buthanadan ýöredilipdir.

 

Mardin medreseleri, metjitleri, buthanalary, manastyrlary bilen sizi dini ynançlaryň eriş-argaç we parahatçylyk bilen ýaşalýan şäheri. Taryhy döwürlerde gezelenje çykan ýaly duýgy döredýän dar köçeleri, daşdan gurlan öýleri, şähere ýokardan esewan edýän galasy, taryhy bazarlary, çaýhanalary sizi jadylaýjy atmosfera alyp gitmek üçin garaşýar.

Dünýäniň ençeme ýurdundan syýahatçylary özüne çekýän Mardine barsaňyz, Mardin muzeýini, Midýat etrabyny görmegiňizi maslahat berýäris.

Mardin “telkari” atlandyrylýan kümüş zergärligi bilen meşhur. Ezber ussalaryň ýasan şaý-seplerinden almagyňyzy maslahat berýaris. Elbetde süýji tagamlardan dadyp görmegi ýatdan çykarmaň.

 



Degişli Habarlar