Dost-Doganlygyň Taryhy 18

SELJUK TÜRKMENLERI WE NOWRUZ

1199427
Dost-Doganlygyň Taryhy 18

 

 

SELJUK TÜRKMENLERI WE NOWRUZ

 

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Bulutlar owaz eýläp, dag kylar duman peýda.

 

         Magtymguly Pyragynyň “Jahan peýda” goşgusynda taryp edilen nowruz, seljuk türkmenleri tarapyndan hem ulu şowhun-şagalaň içinde bellenilip geçilýän baýramlaryň biri bolupdyr.

 

Nowruz baýramynyň taryhyna ser salan mahalymyzda, adamzat taryhynda bar bolan ýazuw çeşmelerinde ilkinjj gezek otparazlaryň «Awesta» atly kitabynda ýatlanýar. Nowruz baýram hökmünde Ahemeniler döwletinde, takmynan, biziň eýýamymzdan öňki 648-330-njy ýyllarda bellenipdir. Gündogaryň görnükli alymy Abu Reýhan Biruny özüniň X-XI asyrlaryň sepgidinde ýazan «öten nesilleriň ýadygärlikleri» atly ensiklopedik işinde «Horasanyň ilaty özleriniň ýylnamasynyň adamzadyň dörän gününden başlanýandygyny, ol günüňem ferwerdin aýynyň hurmuş günüdigini, şol gün bolsa, gije bilen gündiziň deňleşip, Günüň asmanyň ortasynda durýandygyny aýdýar» diýip ýazýar. Abu Reýhan Biruny täze ýylyň ilkinji güni, baharyň başlangyjy Nowruzyň Sasanylar döwletinde hem bellenýändigini belleýär. Sasanylar döwründe patyşalara Nowruz güni uly dabara bilen täç geýdirer ekenler. Patyşalar, köşk emeldarlary bir aýlap Nowruz baýramyny toý-dabara edip belläpdirler. Firdöwsiniň «Şanama» atly eserinde Nowruzyň baýramçylyk hökmünde bellenmegi Jemşidiň şalyk edip başlamagy bilen baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem otparazlaryň arasynda bu baýram «Jemşidi Nowruz» diýip atlandyrylýar.

 

Birunynyň döwürdeşi türkmen akyldary, Hoja Aly Termizi hem-de Gündögaryň iň görnükli şahslarynyň biri bolan Omar Haýýam özleriniň «Nowruznama» eserlerinde Nowruz baýramynyň döreýşi barada söz açyp, ol baýramyň döreýşini Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrypdyr. Orta Aziýa araplar gelmezinden ozal, türkmenleriň arasynda Aý hasabyndan Gün hasabynyň has ýörgünli bolandygyny gündogary öwreniji alymlar tassyklaýarlar. Omar Haýýam bolsa öňden gelýän Gün hasabyny ylmy taýdan has-da aýdyňlaşdyryp, täze müneçjimlik jedwelini düzüpdir. Omar Haýýamyň döwrüne çenli Nowruz baýramy mart aýynyň 14-16-sy aralygynda bellenýän bolsa, täze ýylnamadan soň bu waka aýyň 20-22-sine geçirilipdir.

 

Nowruz Gün hasaby boýunça pars we türki halklaryň täze ýyl baýramçylygydyr. Nowruz baýramy milli baýramçylyk bolup, onuň yslam dininiň däpleri bilen gös-göni baglanyşygy ýokdur.

 

       Nowruz, türkmenleriň iň gadymy baýramlarynyň biri bolup, ol ýazyna gije-gündiziň deňleşýän wagtynda, ýagny mart aýynyň 21-22-sine bellenýär. Abylgazy Bahadyr han «Şejere-ýi terakime» ýa-da «Türkmenleriň nesil daragty» diýen kitabynda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlaryň mart aýynyň ahyrynda uly ot ýakyp, onda demir bölegini gyzdyrandyklaryny hem-de ony çekiç bilen ýenjendiklerini belläpdir.

 

Nowruz halkymyzyň gadymy baýramlarynyň biri bolup, hiç bir döwürde-de öz ähmiýetini peseltmändir. Bu baýramyň türkmenleriň esaslandyran Seljuk döwletiniň çäklerinde bellenilişiniň özboluşly aýratynlyklary bolupdyr. Seljik hökümdary Togrul begiň döwründe Nowruz baýramy orän dabaraly bellenilip geçilipdir. Ýazyjy Osman Ödäýew “Altyn jan hatyn” romanynda Togrul begiň Nowruz mynasybetli “Talaň saçagy” baýramyny geçirişini giňişleýin beýan edip, şeýle ýazýar. “Bu gün nowruz! Bu gün täze ýyl! Her ýyl hutuň girmegi bilen nowruz, ýagny täze gün, täze ýyl başlanýar. Täze yylyň başlanýan güni şalykda, esasan hem köşkde köp-köp täzelikleriň başlanjak, yglan ediljek güni!

 

Hatda Togrul begiň 1058-nji ýylda Nowruz baýramy mynasybetli goşunyna rugsat berenligi sebäpli ýanynda diňe 2 müň atly goşun galypdyr.

 

Diňe bir Togrul beg däl, eýsem onuň goşuny we goşun serkerdeleri hem nowruza uly ähmiýet beripdirler. Nowruza hem baýram hökmünde, hem de harby tälim babatynda ähmiýet berendiklerine mysal hökmünde onun serkerdeleriniň Togrul bege ýazan hatyndan mysal getirip bileris.

 

Togrul beg, 1060-njy ýylda, Tebrizi gabamagy goýbolsun edip, goşuny bilen Besa şäherine gelýär. Esgerlerine Besada gyşlamalaryny tabşyrýar. Bu ýagdaý esgerler üçin kynçylyklary döredýär. Esgerleriň içinden sözi diňlenýänleri Togrul bege şeýle habar iberýärler: “Siziň gyşlamagy tabşyran şäheriňiz biziň galyp biljek ýerimiz däl. Bu ýerde biz özümiz we atlarymyz üçin iýer ýaly zat tapyp bilmeris. Bu ýerde galsak üstümize gar ýagar, biz sowukdan öleris. Biziň pikirimizi sorasaň, biz Reý şäherine gaýdaly we gyşy şol ýerde geçireli, nowruz gelende islän ýeriňize gidip bileris” diýip ýazmak bilen harby üstünliklerini hem nowruz bilen baglanyşdyrýarlar.

 

Türkmenlerde diňe bir harby üstünliklerini nowruz bilen baglanyşdyrmak däl, eýsem gelejeklerini, söýgülerini we ýarynyň jemalyny görmegi, ýaryna gowuşmagy hem nowruza goýup, garaşypdyrlar. Munyň mysalyny Magtymguly Pyragynyň “Nowruzdan seni” goşgusynda hem görmek bolýar:

 

Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,

Diýdiň: “Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni”.

 

Orta asyr türkmen döwletlerinde nowruz baýramy giňden bellenilip geçilipdir. Her döwlet aýratyn senenamalar döredipdir. Seljuk türkmen döwleti Jelaly senenamasyny ulanypdyr. Ony beýik seljuk soltany Mälik şanyň emri bilen ady belli alymlar bir ýere jemlenip döredipdirler.

 

Ärtogrul Gazynyň ýolbaşçylygynda seljuk türkmenleri XIII asyrda Anadola, Mälik şanyň Nowruzdan başlaýan senenamasynyň sähetli güninden ugur alyp aýak basypdyrlar.

 

Beýik seljuk hökümdarlary soltan Alp Arslanyň we Mälik şanyň weziri bolan Nyzamylmülküň “Syýahatnama” atly eserinde we biziň günlerimize çenli gelip ýeten taryhy çeşmelre ser salan mahalymyz, nowruz baýramynyň, seljukly türkmenler üçin uly baýramçylyklaryň biri bolandygyny görmek bolýar.

 


Etiketkalar: #Nowruz , #hökümdar , #senenama , #alym

Degişli Habarlar