Özbegistandan Bellikler 2

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bübüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Özbegistandan Bellikler 2

 

“15-16-njy asyrlarda ylymda, bilimde, medeniýetde ägirt uly ösüşler edendigine garamazdan Özbegistandaky şol ösüş näme üçin dowam etmändir? Näme üçin türk we musulman dünýäsi soňky asyrlarda şol parlak zehinden alysa düşýär?”

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bübüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ylym, taryh, syýasat ýa-da syýasy durnuklylygyň ähmiýeti

“Emir Timur” özbekler üçin uly many aňladýar. Özbegistana Timur ülkesi hem diýmek bolar. Hökümdarlyk eden döwründe köp sanly alymy, ylmy barlagçylary ýurduna çagyrypdyr. Häzirki wagtda Buharadaky, Samarkantdaky köp sanaly taryhy eser Timur döwründe gurlupdyr. Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Kerimow özüni däl, eýsem Timury we onuň döwründe gurlan eserleri ileri tutmagy saýlap alypdyr. Timur döwründe döwletiň serhetleri İzmirden Hindistana çenli uzap gidýär. Timur Osman döwletini baş-başdaklyk döwrüne sezewar eden bolsa, Altynorda döwletini syndyrýar. Emma şeýle giň sebiti dolandyrmak üçin döwlet mehanizmi bolmandygy üçin 1405-nji ýylda dünýeden ötmeginden soň döwleti dargamaga başlaýar. Osman döwleti gysga möhletde bökdençlikleri ortadan aýyryp, ýoluny dowam etdirýär. Emma Altynorda döwletiniň territoriýasynda emele gelen boşlugy ruslar doldurýar. Timur emele getiren boşluk sebäpli rus imperiýasynyň döremegine sebäp bolmakda günäkärlenýär.

Timuryň döwründe we ondan soň uly ylmy barlag geçirilen hem bolsa, soňky ýyllarda onuň dowam etmändigini görýäris. Onuň esasy sebäplerinden biri syýasy durnuklylyk. Syýasy durnuklylyk bolmasa ylym, bilim, sungat, medeniýet hiç zat durnukly bolmaýar. Onuň iň gussaly mysalyny Timuryň agtygy Ulug Bekiň durmuşynda görmek bolýar. Döwlet ýolbaşçysy, döwrüniň belli alymy, atronom bolandygyna garamazdan ogly özüne garşy baş galdyrýar. Oglundan ýeňilip, boýun egýär. Tagt işlerinden el çekýändigini, haja gitmek isleýändigini beýan edýär. rugsat berilýär. Emma Samarkantdan çykan badyna oglunyň buýrugy boýunça öldürilýär. Birnäçe aý soň ogly hem esgerleri tarapyndan öldürilýär.

Şeýle ynamsyzlyk we näbellilik şertlerinde hiç zat durnukly bolmaz. Başdaky soragyň esasy sebäbi syýasy durnuklylykdyr. Ehli sünnet ulamasynyň syýasy durnuklylyga goýýan sarpasyna Özbegistanda-da gowy düşünilýär. Döwlet bolmasa başga hiç zat bolmaýar. Osman döwletiniň we onuň edaralarynyň durnukly bolmagynyň esasy sebäbi hem syýasy durnuklylykdyr.

FETÖ

FETÖ-niň nähli uly howpdygyna Özbegistanda Türkiýeden ozal göz ýetirýär. 1999-njyýylda FETÖ-niň mekdepleri dolulygyna ýapylýar. İçalylykda günärkärlän mugallymlaryny ýurtdan çykarypdyr. FETÖ-niň 2016-njy ýylda Türkiýede guramak islän agdarlyşygyny ozal Özbegistanda synandygy we başarnyksyz bolandygy beýan edilýär. FETÖ-niň Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklaryna ýetiren zyýanyna hem Özbegistan düşünjämiz we hem-de ol ýerde diňlänlerimiz arkaly has gowy düşünýäris.

Buhari, Şahy Nakşybendi, Maturidi

Şübhesiz Özbegistan baradaky makala Buharisiz, Nakşybendisiz, Maturidisiz ýazylmaz. Döwrebap dünýäde radikallaşmagyň öňüni alýan, çetleşdirmeýän yslamy analizleriň özenini emele getirýän şol ägirtler barada başga bir gepleşigimizde gürrüň bereris. Häzirlikçe özbekleriň şol ägirtleriň türbetlerine uly gyzyklanma görkezýändiklerini beýan edesimiz gelýär.

Türk dili we Türk dünýäsi

Türki dilli döwletleriň arasynda gatnaşygy, düşünişmegi ösdürmek aslyna seredilende kyn däl. Üç esasy başlangyç birek-birege düşünmegimizi hasam ýeňilleşdirer.

Ilki bilen latyn elipbiýini kabul etmeli. Özbegistan latyn elipbiýine geçdi. Gazagystan bilen Azerbaýjanam geçdiler. Emma olar wagtal-wagtal krill elipbiýinem ulanýarlar. Latyn elipbiýine geçilende ýazuw diline düşünmek ýeňilleşer.

Ikinjisi ýüz ýyl ozal ulanan sözlerimizi has giňden ulanmaly. Soňky asyrda Türkiýede iňlis we fransuz sözleri, beýlekilerde bolsa rusça sözler alyndy. Ählimiz atalarymyzyň dilinde gepleşsek, arkaýyn düşünişeris. Özbegistanda ýaşulylaryň gepleşikleri, egin-eşikleri mehum atamyňka we enemiňkä şeýle meňzeş welin, şolary gören ýaly boldum.

Üçünjiden Türkiýe türkçesi ýazylyşy ýaly okalýar, okalşy ýaly ýazylýar. Ol hem dili sadalaşdyrýar. Beýleki dillerdäki sadalaşdyrmalar hem düşünişmegi ýeňilleşdirer. Häzirki wagtda köne türkçäni bilýän bolsaňyz, düşünişmek kyn däl.

Türk uniwersitetleriniň şahamça açmagy

Duşuşan adamlarymyzyň ählisi türk uniwersitetleriniň Özbegistanda şahamça açmalydygyny aýtdylar. Putiniň 150 rektor bilen sapar gurandygy beýan edilýär. Günbatar ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlary şahamçalaryny bir wagt açypdyr. Uniwersitetlerimiziň Özbegistanda şahamça açmaklarynyň öňünde bökdençlik bar bolsa, gyssagly aýrylmaly. Belli uniwersitetleriň Özbegistanda şahamça açmaklary gyssagly höweslendirilmeli. Russiýanyň, günbatar ýurtlarynyň öňde barýan pudagynda artykmaç giç galynmaly däl.

2-nji Türkiýe

Özbegistanda görenlerim, aslyna seredilende 2-nji Türkiýe. Hamala diýersiňiz 2-nji bir Türkiýäni açan ýaly bagtyýar we huzurly duýýaryn özümi. Ýa-da o taýy ata ýurdumyz bolsa, Türkiýä 2-nji Özbegistan diýsegem bolar.

Zehin kodlary günbatarda kesgitlenen Türkiýe

Gitmezden ozal özbek talyplar bilen söhbetdeş boldum. Talyplar Türkiýede adamlaryň günbatar bilen has ýakyndan gyzyklanýandyklaryny, gündogardaky wakalary ýok hasap edýändiklerini aýdypdy.

Buharanyň we Samarkandyň bizde galdyran çuňňur täsiri bilen gelenimden soň talyplaryň näme diýmek isländigine has gowy düşündim. “Mediada türk dünýäsine näderejede orun berilýär” diýlen ýönekeýje garaýyş şertleri aýdyňlaşdyrýar. Sport, sungat, edebiýat gepleşiklerinde türk dünýäsi barada tas dil ýarylmaýar. Özümize soralyň, günbatarda köp sanly türgeni bilýän bolsak, türk we musulman dünýäsinden näçesini tanaýarys? Kabelli teleýaýlymda günbatardan birnäçe ýaýlym bar, emma türk dünýäsinden ýok diýsegem ýalňyşmarys.

Ata ýurdumyza bolan bu pes gyzyklanma bizi gynandyrýar. Eýsem ýönekeýje zatlar bilenem türk dünýäsini gün tertibine getirmek bolar. Türk geňeşiniň guramagynda her ýyl türk dünýäsiniň çempion klublary, çempion türgenleri bäsleşikler geçirseler. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem şeýle çäreleri geçirse nähili ýerlikli bolar.

Aňymyzyň diňe günbatar bilen şekillenmegi Türkiýäni peselder. Taryhy köklerinden üzňeleşen Türkiýe özünden köp zat ýitirer. Eger Türkiýe ÝB-ne agza hem bolsa, adaty ýurtlardan biri bolar. Türkiýe günbatar bilen edýän gatnaşyklary ýaly türk we musulman dünýäsi, Afrika ýurtlary bilen hem gatnaşyk açsa, ine şeýle bolanda missiýasyny berjaý eder.


Etiketkalar: günbatar , talyp , taryh , Özbegistan

Degişli Habarlar