Afrodisias ady yşgyň we gözelligiň taňryçasy Afroditden gelip çykýan antiki şäher

Türkiýä gezelenç Türkiýä gezelenç 19

Afrodisias ady yşgyň we gözelligiň taňryçasy Afroditden gelip çykýan antiki şäher
Afrodisias ady yşgyň we gözelligiň taňryçasy Afroditden gelip çykýan antiki şäher
Afrodisias ady yşgyň we gözelligiň taňryçasy Afroditden gelip çykýan antiki şäher

Afrodisias ady yşgyň we gözelligiň taňryçasy Afroditden gelip çykýan antiki şäher

Ady yşgyň we gözelligiň taňryçasy Afroditden gelip çykýan antiki şäher: Antiki Afrodisias şäheri.

Rim imperatory Awgust:“Bütin Aziýada özüm üçin şu şäheri saýlap aldym” diýip, şäheri birinji asyrda gorag astyna alýar.

Afrodisias şäheri biziň günlerimize çenli gelip ýeten ýadygärlikleri bilen Anadolydaky esasy arheologik zolaklardan biri.

Türkiýäniň Egeý sebitinde, Aýdyn welaýatynyň Karajasu etrabynda, deňiz derejesinden 600 metr ýokardaky platoda ýerleşýär. Taryh boýy ýerleşýän sebitiniň gözelliklerinden beslenen şäheriň iň esasy baýlyk çeşmesi bolsa golaýdaky mermer känleri bolupdyr.

Ýerleşiş taryhy b.e.ozalky 5-nji müň ýyla çenli uzap gidýän Afrodisias b.e.ozalky 2-nji asyrda şäher döwleti derejesini alýar. Rim imperatory Awgust tarapyndan gorag astyna alynandan soň salgyt ýeňilligi we özbaşdaklyk ýaly aýratynlyklara eýe bolandan soň ýokary depginde ösýär. Soň Karia welaýatyna paýtagtlyk edýär. Wizantiýa döwründe syýasy, dini we ykdysady kynçylyklar sebäpli ähmiýetini ýitirmäge başlaýar. 7-nji asyrda bolan ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen kiçijik etrapça öwrülen şäher 12-nji asyrda doly terk edilýär.

Afrodisiasdaky mermer binalaryň, heýkelleriň, güberçekleriň we ýazuw ýadygärlikleriniň biziň günlerimize çenli gelip ýetmegi, antiki şäheriň arheologik taýdan eýe bolan ähmiýetini hasam artdyrýar.

Şäheriň golaýyndaky mermer känleriniň baýlygy heýkel sungatynda ýokary hili merkeze öwrülmegine sebäp bolupdyr. Esasanda 1-3-nji asyrlaryň aralygynda şäherdäki heýkeltaraşlyk mekdebi meşhur bolupdyr. Ortaýer deňziniň etraplarynda bilinýän we köp sanly möhüm eserleri ýasan onlarça heýkeltaraş bu şähere ýerleşipdir. Heýkeltaraşlykdaky öňbaşçylyk wagtyň geçmegi bilen “Afrodisias stili” atlandyrylýan ekoly ýüze çykarypdyr.

Gadymy asyryň belli binagärlik, sungat we dini merkezlerinden biri bolan Afrodisiasyň esasy binasy bolan Afrodit ybadathanasy ilkinji gezek Asuriler tarapyndan yşkyň we gözelligiň taňryçasy İştar üçin gurulýar. 1-nji asyrda Rimliler tarapyndan Afrodit üçin ýaňadandan gurlypdyr.

 

Afrodit ybadathanasy bäşinji asyryň ahyrynda şäherde hristianlygyň hökmürowan bolmagy bilen uly buthana öwrülýär we ybadathananyň galyndysy doly ýok edilipdir.

Sebastoion ybadathanasy, Hadrian hammamy, sport we bilim maksatly peýdalanylan bina, suw dolanşygy üçin gurlan howuz şäheriň güberçekler we heýkelleri bilen bezelen esasy monumentleri…

Jemlenşik we bazar hökmünde peýdalanylan 8 müň adamlyk agorada Rim imperatory Diokletianusyň mermere ýazydyrp diwara asdyran nyrh sanawlary bar. Şol sanaw şäheriň ykdysadyýetinden habar berýän esasy tapyndy.

Afrodisias stadiony gadymy dünýäniň iň gowy goralan stadionlaryndan biri. 30 müň adam üçin niýetlenip gurlupdyr. Antiki teatr bolsa Anadolynyň iň gadymy üç gatly sahnasyna eýe.

Şäheriň ýüzlerçe ýyl ozal gurlandygyna garamazdan biziň günlerimize çenli gelip ýeten monumental gapysy binagärligi we mermer oýmalary bilen görenleri haýran galdyrýar.

Antiki Afrodisias şäheri etrapda ýerleşýän mermer känleri bilen bilelikde 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Miras Sanawyna girizilýär.

Afrodisiasy görmek üçin Aýdyna barsaňyz Didimdäki Apollon ybadathanasyny, deňsiz taýsyz plýažlarda deňizde suwa düşünmegiňizi, ajaýyp tagamlardan dadyp görmegiňizi maslahat berýäris.

 



Degişli Habarlar