23-NJI APREL “MILLI ÖZBAŞDAKLYK WE ÇAGALAR BAÝRAMY”

Dost-Doganlygyň Taryhy 17

23-NJI APREL “MILLI ÖZBAŞDAKLYK WE ÇAGALAR BAÝRAMY”

 

 

 

23-NJI APREL “MILLI ÖZBAŞDAKLYK WE ÇAGALAR BAÝRAMY”

 

Ynha, bu gün, mejlis açyldy,

Soňra derrew, patyşa kowuldy.

Bu gün ýigrimi üçünji aprel,

Şatlanyp, joşýar adamlar.

 

         Saip Egüziň ýigrimi üçünji aprele bagyşlap ýazan goşgusyndan alan bir bendimiz bilen başladyk. Nejaty Öngaýyň “Milli özbaşdaklygyň hözüri” atly goşgusynda belleýşi ýaly: Mundan ençeme ýyl öň, türk milletiniň täleýi ters gelende, türkleriň ýurdynda açylan güller solanda, adamlaryň öňünde-ardynda, ölüm ody uçganaklap uçan wagty, baharyň ýaşyl ýaýlalary, gyzyl gana doýan wagty, guşlaryň saýraýan sesini, toplaryň gümmürdisi basan wagty, baglar ýasa bogulyp, daglar dumana duwlananda, garaşylan gün ýetip gelýär. Ynha şol gün Atatürk, Ankarada täze döwlet gurýar, türk halky milli özbaşdaklygyň hözürini görmäge başlaýar. Aý-ýyldyzly baýdak asuda asmanda parlaýar.  

    

         Türkiýede, bu ýylyň aprel aýynyň ýigrimi üçünde, her ýyl bolşy ýaly, Milli özbaşdaklyk we çagalar baýramçylygy gutlanyp geçilýär.

 

         Hasan Ali Ýüjeliň ýigrimi üçünji aprele bagyşlap ýazan şygrynda:

 

         Ýurdy goraýan,

         Ertire barýan,

         Sen bol balam.

 

         – diýen setirlerinde çagalaryň ýurdy gorajak, ertire sary ser salýan berkarar döwleti gurjak nesillerdigi bellenip geçilýän bolsa, çagalaryň goralmagynyň gerekdigini Atatürk: “Watany goramak, çagalary goramak bilen başlanýandyr” diýip aýdyp geçmek bilen galman, eýsem, çagalar üçin baýramçylyk gününiň yglan edilmegini isläpdir. Şonuň üçin hem Türkiýäniň beýik millet mejlisi, mejlisiň açylan güni bolan 23-nji aprel gününi “çagalaryň baýramçylygy” hökmünde kabul edýär. Ynha şol günden bäri hem her ýyl 23-nji aprelde Baryş Mançonyň aýdymynda:

 

         Bu gün baýramçylyk,

         Irden turyň çagalar.

         Geýeliň iň owadan eşiklerimizi

 

         – diýişi ýaly, çagalar öz göwünleri ýaly arasa, çagalyk dünýäleri ýaly owadan eşiklerini geýip, Hasan Ali Ýüjeliň şygryndaky:

 

         Könäni unut,

         Täzäniň ýolyny tut,

         Türklige umyt,

         Sen bol balam.  

           

         – sözlerine eýerip, gelejege sary barýan ýolda könäni unudyp, täzäniň ýolyny tutmak üçin Türkiýäniň dört künjeginde 23-nji aprel mynasybetli gurnalýan baýramçylyga gatnaşýarlar.

 

         Bu goja dünýäde, sanasaň döwletleň sany köp, emma hiçbir döwletiň, çagalar baýramçylygy ýok. Suna Tunjanyň 23-nji aprele bagyşlap ýazan şygyrynda:

 

Nädip begenmesin ynsan?

Seret bezenipdir dört bir ýan,  

 

         – diýişi ýaly ýurdyň dört bir ýany baýdaklar bilen bezelip, çagalaryň şatlykly gülküleri bilen dolýar. Türkiýä dünýäniň ähli döwletlerinden çagalar bu baýramçylyga gatnaşmak, dünýä çagalarynyň şatlyklaryny paýlaşmak üçin çagyrylýarlar.  

 

         Çagalaryň şeýle şatlykly gününiň bolmagy, bu baýramçylygyň yglan edilmegi şeýleräk amala aşypdy: Bu baýramçylyk türk milletiniň ilkinji milli baýramçylygydyr. Bu baýramçylyk ilkinji gezek 1921-nji ýylda çykarylan kanun bilen „Milli özbaşdaklyk baýramy“ hökmünde yglan edilýär. Bu baýramçylyk diňe bir türk milletiniň ilkinji baýramçylygy bolmak bilen galman, Türkiýe Respublikasynyň hem ilkinji milli baýramçylygydyr.

 

         Respublikanyň baştutany, Mustafa Kemal Patyşanyň hem goldamagy bilen, 1925-nji ýylyň aprel aýynyň 23-den başlap bu gün „çagalar güni“ hökmünde, 1926-njy ýyldan başlap hem „çagalar baýramçylygy“ hökmünde gutlanmaga başlaýar. 23-nji aprel, resmi taýdan „Milli özbaşdaklyk baýramy“ hökmünde bellenilip geçilmäge dowam edilen hem bolsa, hakykatda „çagalar baýramçylygy“ hökmünde gutlanypdyr.

 

         Bu baýramçylyk ilkinji çagalar baýramçylygy hökmünde 1927-nji ýylda gutlanmaga başlanýar. Ilkinji gezek giň gerimli „çagalar baýramçylygy“ 1927-nji ýylda gutlanýar. Şol ýyl, „Çagalary gorama jemgyýeti“, 1927-nji ýyldaky 23 aprelde geçiriljek „Çagalar baýramçylygyny“ gutlamak üçin giň gerimli guramaçylyk işlerini amala aşyrýar. Jemgyýet tarapyndan, baýramçylygyň guramaçylyk işlerini amala aşyrmak maksady bilen dört adamdan ybarat topar döredilýär. Bu topar gutlanjak baýramçylygyň iň owkuk aýratynlyklaryny hem öz içine alýan meýilnama taýýarlaýar. Bu meýilnamada, çagalaryň oýnajak oýunjaklary we çagalaryň minjek pyrlanýan atlarynyň işleýşi ýaly aýratynlyklary öz içine alýan meýilnama taýýarlapdyrlar. „Sagdyn türk çagalary“ atly žurnalyň 1927-nji ýylyň 23-nji aprelindäki sany „Çagalar güni mynasybetli ýörite sany“ ady bilen neşir edýär. Žurnalyň şol sanynda, „Çagalary gorama jemgyýetiniň“ çagalar üçin öňde goýýan belent maksatlary, çagalar baýramçylygynyň nähili gutlanjakdygy hakyndaky düşündirişleri we suratlari ýerleşdirilipdir. „Çagalary gorama jemgyýetiniň“ 1927-nji ýylda geçiriljek 23-nji aprel baýramçylygynyň gutlanmagy üçin taýýarlan meýilnamasynda bezelen awtomobiller we orkestriň sazandarlyk etmeginde çagalaryň, çagalar köşgüne çenli äkidilmegi we olaryň oýun meýdançalarynda göwün solpularyndan çykýançalar oýnamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi hem göz öňünde tutulupdyr.   

 

         Ýokarda agzalyp geçilenlerden başga hem çagalar üçin gijeki el çyraly ýörişler, ýaryşlar, sergiler, mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly çykylary we dürli görnüşäki dynç alyş çäreleri geçirilýär. Döwlet derejesinde gurnalan çärelere gatnaşmaga mümkinçiligi bolmadyk mekdeplerde bolsa okuwçylar synplaryny baýdaklar we beýleki zatlar bilen bezäp her mekdepde öz çäreleri geçirilipdir. Baýramçylyk çärelerinde şygyrlar okalypdyr, döwlet senasy okalyp, döwletiň ýolbaşçylary zyýarat edilipdir.

 

         1979-njy ýyldan bäri, her ýyl, Türkiýäniň radio we teleýaýlymlar guramasy tarapyndan “Çagalar baýramçylygy” guramaçylyk işleri amala aşyrylýar we geçirilýär. Ynha indi kyrk ýyldan bäri geçirilip gelýän baýramçylyk, 2019-njy ýylda, TRT tarapyndan, 41-nji gezek gurnalýar. Bu ýylky Halkara 23-nji aprel Çagalar baýramçylygynyň dabaralary, 41 döwletden gelen, takmynan 800 çaganyň gatnaşmagynda, Samsun şäherinde geçiriler.

 

 



Degişli Habarlar