Stambul iki materigi, Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän şäher

Türkiýä Gezelenç 18

Stambul iki materigi, Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän şäher
Stambul iki materigi, Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän şäher
Stambul iki materigi, Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän şäher

Stambul iki materigi, Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän şäher

 

 

Stambul iki materigi, Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän şäher… Geografik ýerleşişi sebäpli taryh boýy elmydama möhüm ýaşaýyş merkezi bolupdyr.

B.e.ozalky 7-nji asyrda üç beýik imperiýa, Rim, Gündogar Rim we Osman imperiýalaryna paýtagtlyk edipdir. Şol ajaýyp geçmişi bilen tapawutly swilizasiýalaryň netijesinde ajaýyp binalary deňsiz-taýsyz sebitde özünde jemlän Stambul 1985-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Miras Sanawyna goşulýar.

Stabulyň demirgazykda Haliç, gündogarda Bosfor bogazy we günortada Mermer deňizi bilen gurşalan bölegi häzirki wagtda “Taryhy ýarym ada” atlandyrylýar.

Şol ýarym adadaky 4 zolak “Stambulyň taryhy ýerleri” hökmünde Dünýäniň miras sanawyna goşuldy. Olar Soltanahmet arheologik goraghanasy, Süleýmaniýe goraghanasy, Zeýrek goraghanasy, Stambulyň guryýer diwarlary goraghanasy.

Soltanahmet arheologik goraghanasy; Topgapy köşküni, Aýasofiýany, Gippadromy, Aýa Irini buthanasyny we Kiçi Aýasofiýa metjidini öz içine alýar.

Topgapy köşki Osman imperiýasynyň uzak taryhynda patyşalaryň ýaşan we imperiýanyň dolandyrylan esasy köşklerinden biri. Fatih Soltan Mehmet tarapyndan gurluşygy başladylan köşk, 15-nji asyryň ahyrynda gurlup gutarylýar we şol döwürde 4 müňe golaý adam ýaşapdyr.

80 müň inedördül metr meýdana eýe bolan köşk, täze köşkleriň gurulmagy bilen ozalky ähmiýetini ýitirýär. Emma mukaddes amanatlar, gazna we pul çykarylýan ýer şol ýerde galýar.

Topgapy köşki 1923-nji ýylda Osman imperiýasynyň synmagyndan soň muzeý hökmünde gorag astyna alynýar.

Uzak ýyllaryň dowamynda dünýä imperiýasynyň dolanşyk merkezi bolmagy taýdan ünsleri özünde jemleýän köşkde; Osman binagärligine we sungadyna degişli eserler, minýaturalar, yslamy gol ýazmalar, egin-eşikler, ýaraglar, diwar bezegleri, gündelik durmuşda peýdalanylan goşlar bilen Osman döwletiniň gaznasynyň we şaý-sepleriniň sergileýän uly kolleksiýalar ýerleşýär.

Aýasofiýa Sambuldaky esasy binalardan biri… Wizantiýa imperiýasy döwründe 500-nji ýyllarda gurluşygyna başlanan buthana, gümmezi bilen meşhur. Binagärlik taryhynda öwrülşik nokadyny emele getirýän Aýasofiýa häzirki wagtda muzeý hökmünde ulanylýar.

Gippadrom atlandyrylýan zolak 200-nji ýyllarda sport çäreleri we sosial merkez hökmünde gurlupdyr.

Aýa Irini we Kiçi Aýasofiýa Wizantiýa döwründe gurlan we binagärligi bilen ünsleri çekýän prowoslaw buthanalary.

Süleýmaniýe metjidi Kanuny Soltan Süleýman tarapyndan 16-njy asyryň ortalarynda Mimar Sinana gurdurlan metjit. Häzirki wagtda Stambulyň ajaýyp siluetini emele getirýän iň bir kaşaň binalardan biri. Şäheriň hem dini, hem-de sosial we medeni isleglerini kanagalandyrjak kompleks hökmünde meýilleşdirilipdir. Metjitden daşgary hassahana, hammam, kerwensaraý, dört sany medrese, lukmançylyk fakulteti we bir sany maýyplar öýi bar. Şol binalaryň esasy bölegi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Dünýäniň Miras Sanawyna goşulan zolaklardan biri, Zeýrek goraghanasyna gelenimizde; Zeýrek metjidi ýa-da Pantokrator manastyry üç sany prowoslaw buthanasyndan emele gelýän möhüm kompleks. 12-nji asyrda gurlan manastyr Stambulyň zabt edilmeginden soň medresä öwrülýär.

Etrapça Osmanly öýleriniň gurluşy, ýaşaýyş durmuşy we binagärligi taýdan nusgawy özboluşlyga eýe. Stambuldaky iň gadymy öýlerden biri hem şol ýerde ýeleşýär.

Zeýrek goraghanasy ÝUNESKO-nyň seýrek gabat gelýän ýadygärlikleri gorag sanawyna girizlen we düýpli abatlaýyş işleri geçirilipdir.

Stambulyň guryýer diwarlary goraghanasy şäheriň gurlan ýeri bolan taryhy ýarym adany guryýer we deňiz tarapyndan gurşap alýan diwarlar bilen ýanaşyk ýerlerini öz içine alýar.

Diwarlaryň gurluşygy 4-nji asyrda başlapdyr we taryh boýy ençeme gezek goşmaça diwarlar çekilipdir hem-de özgerdilipdir.

Gala diwarlaryndaky kaşaň gapylar şähere gelenlere döwletiň güýjüni görkezýän monumental özboluşlyga eýe… Gapylar häzirki wagtda-da ulanylýar. Osman imperiýasy zamanasynda gala diwarlary we gapylar eneçeme gezek abatlanypdyr, käbir bölümleri gaýtadan gurlupdyr.

Gözelligi şygyrlara, romanlara, kino filmlere tema bolan, tebigy we taryhy taýdan deňi-taýy bolmadyk Stambul şäheri geçen ýyl 14 milliona golaý daşary ýurtly syýahatçy tarapyndan gezildi.



Degişli Habarlar