Özbegistandan bellikler 1

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň  Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Özbegistandan bellikler 1

Sözbaşysy “Ýiten medeniýetin yzynda” hem bolup bilerdi. Belki bu has ýerlikli bolardy. Emma bu soňky döwürde Maturide ýada Türkistanda hem gözlenýän görnüşinde Fredrik Starryň ylmy işinde bolşy ýaly “Ýiten Aýdynlanma” bolup bilmez. Sebäbi Aýdynlanma Günbatary öz däbinden goparan, akylyň ýolbelentliginden başga hiçbir legallygy kabul etmeýä adalga ýada Günbatary şu günki güne çenli getiren ýol kartasydyr. Adamoglynyň başdan geçiren iki jahan urşy hem şol aýdynlanma sebäpli başdan geçirildi. Emma biz ýiten medeniýeti, adalatly başga bir ýol gözleýäris

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň  Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Howa, size Özbegistana guran iş saparym barada gürrüň bermek isleýärin.

Türk iş hyzmatdaşlygy utgaşdyryjy agetnligi TİKA-nyň goldaw bermeginde,  ADAM ýagny Ankara ylmy barlag merkezi, Sabahattin Zaim uniwersiteti we Özbegistanyň Milli uniwersiteti tarapyndan geçirlen simpoziuma gatnaşmak üçin geçen hepde Özbegistana gitdik.

Ynsan özüni müň asyr ozal atalarynyň ýaşap geçen toparlaryna gitmezden öň özüni ata-babalaryndan çakylyk alan ýaly duýýar. Elbetde ynsany asyrlyk hesretiň berýän gam gussasy, tolgunma we gyzyklanma gurşap alýar.

Özbegistana gitmezden ozal sebit hakynda biraz maglumat edinmek isledim.  Emma esasan  Özbegistan we umuman alanymyzda Orta Aziýa barada türk dilinde ýazylan ylmy işler, bellikler gaty az.  Ataýurdumyz däl eýsem Meksika hakynda maglumat gözleýän ýaly. Emma iňlis dilinde ýazylan Ýuri Bregeliň “A Historijal Atlas of Jentral Asia”sy atly eseriniň başda durmagynda birnäçe ylmy iş bar.

Türkistan

Türkiýede we Özbegistanda taryh bilen ýakyndan gyzyklanýar, şu günki günde Türk dilli döwletler hökmünde atlandyrlan giň geografiýanyň ozallar Türkistan hökmünde atlandyrlandygyny, Sowet basyp alyşlygyndan soň, sowetleriň şol sebiti bölmek üçin dürli atlaryň dakylandygyny ýygýygydan beýan edýär. Wagtyň geçmegi bilen Türkistan sözü hem şol geografiýada  umuman unudylypdyr, gynansakda ýatdan çykardylypdyr. Türkiýe türkleri hökmünde biz Türk dünýäsini merhum Turgut Özal bilen, Sowet soýuzynyň dargamagyndan soň tanamaga başladyk. Simpoziýuma gatnaşyjylardan biriniň ýatlamasy meseläniň nähili möhümdigini görkezýär: “Men Özaldan soň, ýaponlar tarapyndan taýarlanan Ýüpek ýoly baradaky dokumenal filmde gazaklary, gyzgyzlary, özbekleri tanadýarka namaz okaýan adamlary görenimde gaty geň galdym. Şol halklary alan bilimimiziň hem täsiri bilen taryhda bir wagtlar ýaşap geçen emma wagtyň geçmegi bilen ýok bolan jemgyýetlerdir öýdýärdim. Emma henizem öz barlyklaryny dowam etdirýärlermiş”.

Şübhesiz geçmişi bilmek, başdan geçirlen wakalara doly göz ýetirmek diýseň möhüm. Hawa şu günki günde Gündogar Türkistan hökmünde atlandyrylýan sebiti hem öz içine alýan Türkistan sözi geçmişde şol jemgyýetleriň ýaşan geografiýalaryny beýan etmek üçin ulanylýardy.

Emma bu ýagdaý diňe Sowet Soýuzynda başdan geçirilmedi. Milli döwlet etabynda dünýäniň çar tarapyndan şuňa meňzeş bölünşikler başdan geçirildi. Bir wagtlar Osmanly geografiýasy hökmünde atlandyrlan sebitde şu gün günde 52 döwletiň bardygy aýdylýar. Başdan geçirlen wakalardan soň gynanmagyň ýerine gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösdürmek üçin tagalla edilmeli. Şu günki günde edil iňlisleriň Kommon Welth, Fransiýanyň fransuz dilinde gepleşýän ýurtlar bileleşigi bilen durmuşa geçirşi ýaly, taryhy jebislikler köp ugurly hyzmatdaşlyklar üçin pursat hökmünde görülmeli.

Binägärlik

Ir ertir paýtagt Daşkende gonanymyzda bizi gam-gussaly ýagýan ýagyş, mylaýym bahar güni garşy aldy. Özümi ata-babalarymyzyň bizi  begenjinden aglaýan göz ýaşlary bilen garşylaýan ýaly duýýaryn. Howa menzilinden myhmanhana tarap barýarkak we saparyň dowamynda Daşkent, Samarkant we Buhara şäherlerinde Özbegistanyň al-ýaşyla bürendigini gördük. Giň ýollar, uzyn boýly agaçlar, seýilgähler we şäherleriň taryhy gurluşy öz durkuny gorap saklaýar. Gezip gören ýerlerimizde, agaçlaryň boýyny geçýän beýle belent bina görmedim diýsem öte geçmermikäm öýdýän. Daşkendiň, Samarkandyň we Buharanyň taryhy ýerleri açyk howa müzeýi ýaly. Ynsan özüni arkaýyn duýýar. Ynsan şol ýerleri görenden soň Türkiýede nämeleri ýitirendigine has gowy göz ýetirýär.  Kämahal sowet döwründen galan sowuk, ruhsyz binalara gabat gelsekde, ýurduň taryhy gurluşyny bozýan şol binalaryň ýerine täze döwrebap binalar gurulýar. Täze binalaryň hem taryhy gurluşa görä gurulýandygy ünsleri özüne çekýär.

Bilim we medeniýet

Özbebistandaky medreseler ünsleri özüne çekýär. Şol topraklarda 15-nji asyrda bilime, ylyma, medeniýete uly ähmiýet berlendigini, uly öňe gidişlikleriň edilendigini görmek, uly açyşlar diňe Günbatar ýurtlarynda edilýändir öýdýän biziň ýalylaryň göz ýetimini has-da giňeldýar. Daşkentde 16-njy asyrdan galan Kukeldaş medresenini görenimizde Prof. Dr Mehmet Emin Göktaş “16-njy asyrda Günbatarda şeýle kaşaň we uly mümkinçilige eýe bolan bilim ojagy ýok” diýýär.

Samarkant şäherindäki jadylaýjy Registan meýdanyny gören mahalyň ynsanyň birnäçe gün şol meýdanda galyp bu ajaýyp peýzaža syn edesi gelýär. Meýdan 2001-nji ýylda UNESKO tarapyndan Dünýäniň medeni miras sanawyna alynýar. Registan meýdany aslynda kompleksden, Ulug beg, Şirdor we Tilkary medreselerinden ybarat. Ulug beg medresesi 1420-njy ýylda Timur imperiýasynyň 4-nji Soltany Ulug beg tarapyndan gurdurylýar.

Ulug beg bu medresede matematika we astranomiýa derslerini beripdir. Medrese döwrüniň iň uly uniwersitetlerinden biri hökmünde görülýär. Ýokarda ady agzalýan üç medresäniň ululygy, binagärligi şol ýyllarda ylyma we bilime uly ähmiýet berilýändigini açyk aýdyn görkezýär.

Özbegistandaky ýüzlerçe medreseden diňe Daşkentdäki Kukeldaş we Buharadaky Mir Arap medresesinde şu günki günde bilim berilýär. Ynsanogly elbetde muňa gynanýar, emma Türkiýedäki medreseleriň hiç birinde bilim berilmezligi has-da gynandyryjy. Emma Oxford we Harward ýaly taryhy uniwersitetler, taryhy binalarynda bilim bermäge dowam edýär.

Taryhyň we medeni gymmatlyklaryň goralyp saklanmagy üçin Özbegşstandaky we Türkiýedäki medreseleriň, Günbatarda bolşy ýaly uniwersitetler bilen has ýakyn arabaglanşykda bolmagy, azyndan bir böleginde bilim berilmegi diýseň möhüm.

Orta Aziýada uly açyşlar eden, döwrüniň tanymal matematigi Ulug begiň durmuşy hakyndaky söhbedimizi  Özbegistan hakyndaky indi gepleşigimizde dowam etdireris.

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň  Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik

 

 

 

 



Degişli Habarlar