Şri-Lanka Tarrantizmi

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1189340
Şri-Lanka Tarrantizmi

Täze hepdäni täze bir terror hüjümi bilen başladyk. Bu gezek Hindistana goňşy bolan günorta Aziýa ýurtlaryndan Şri-Lankada terror hüjümi guraldy. Paýtagt Kolomboda we üç şäherde hristiýanlar üçin mukaddes bolan Paska gününde üç buthana we dört myhmanhana guralan sekiz hüjümde häzirki wagta çenli 350-den gowrak adam pida boldy. Bäş ýüzden gowrak adam ýaralandy.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Şri-Lanka we içerki çaknyşyklar

Hüjümler sebäpli Şri-Lankanyň halky uly gynanjy hem-de näbelliligi başdan geçirýär. Şol sebäpli şu gün Şri-Lankalylaryň arkalaşyk güni.

Hüjümlerde häzirki wagta çenli 36 sany daşary ýurtly pida boldy. Aralarynda türkleriň we musulmanlaryň bolan ölen daşary  ýurtlaryň hatarynda amerikalylar, iňlisler, hindistanlylar we daniýalylar hem bar.

Hüjümlerden soň hökümet kömendat sagadyny yglan etdi. Ähli sosial media aragatnaşygy bes edildi.

Şri-Lanka 22 milliona golaý ilatly ada döwleti. İlatynyň 70 göterimi budistlerden, 12 göterimi induslardan, 9 göterimi musulmanlardan, 6 göterimi bolsa hristiýanlardan ybarat.

Şri-Lanka 1983-2009-njy ýyllaryň aralygynda butbaraz sinhalar bilen indus tamilleriň arasynda içerki urşy başdan geçiren ýurt. Şol uruş hökümete degişli güýçleriň 2009-njy ýylda gazanan üstünligi bilen tamamlandy.

Hüjümiň sebäpleri we kimler tarapyndan guralandygy barada henize çenli beýannama berilmedi. Häzirki wagta çenli elhenç terror hüjümini boýun alan gurama hem ýok. Şri-Lankada wagtal-wagtal butparazlar tarapyndan hristiýanlara we musulmanlara hüjümler guralýar. Ýakyn geçmişde butparazlar tarapyndan 26 gezek buthanalara hüjümler guralandygy aýdylýar. 2013-nji ýyldaky butparaz hüjümleribde bolsa 40 musulmanyň öldürilendigi bilinýär.

Dünýäden reaksiýalar

Bir aý golaý ozal Täze Zelandiýada metjide guralan hüjüme terror hüjümem diýip bilmedik, tas dymmagy saýlap alan dünýä liderleri bu gezek hüjümi berk ýazgardylar. Şol çemeleşmäniň ähli hüjümlerde-de görkezilmegini we hyzmatdaşlygyň artmagyny arzuw edýäris.

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan hem hüjümi berk ýazgardy. Erdogan beýanatynda şol hüjümiň bütin adamzada guralandygna we terrorizme garşy global hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi: “Şri-Lankada Paska baýramynda guralan terror hüjümlerini berk ýazgarýaryn. Bu hüjüm bütin adamzada garşy guraldy… Barbarlarça hüjüm, terroryň ähli görnüşlerine garşy egilşiksiz göreşiň möhümdigini ýene-de bir gezek görkezdi. Adamzadyň we global parahatçylygyň umumy duşmany bolan terrorizme garşy Şri-Lanka bilen arkalaşýandygymyzy beýan etmek isleýärin.”

Şri-Lanka Tarrantizmi

Täze Zelandiýada metjitlerde ybadat eden bigünä musulmanlaryn gyrylmagyndan bir aý golaý wagt soň Şri-Lankada buthanalarda ybadat eden bigünä hristiýanlaryň gyrylmagy üns çekiji. Täze Zelandiýa gyrgynçylygy sebäpli ozalky gepleşigimizde gyrgynçylyklary akýagyz rasizminiň üstün çykmagy taýdan guralandygyny manifesto bilen bütin dünýä yglan eden terrorçy Brenton Tarrantdan ugur alyp şeýle rasist hüjümleri Tarrantizm hökmünde häsýetlendiripdik. Döwlet rasizmini faşizm, millet rasizmini nasizm, dini rasizmi sionizm hökmünde kabul eden halatymyzda akýagyz rasizmini hem özboluşly kesgitlemek gerek bolupdy.

Şri-Lankadaky pespäl hüjümi hem näme üçin, kim tarapyndan guralandygyna garamazdan Täze Zelandiýadaky hüjümiň jenaýatkäri Tarrantyň mentalitetinden tapawutly görünmeýär. Hüjüm berk ýazgarylmaly, edenler agyr jezalandyrylmaly.

Adalat çagyryşy

Ýaşaýan döwrümizde adamlar yslam, hristiýanlyk, ýehudilik, budizm, sekulýarizm ýa-da başga dinleriň we ideologiýalaryň adyndan terrorizme ýüz tutup bilýär. Şübhesiz terroryň haýsydyr bir sebäbi ýa-da tutarygy bolmaz. Şonuň bilen birlikde adalatsyzlyk duýgusyny ýüze çykaran halatynda-da terrora ýüz tutulýandygyny hem görmek ýerlikli bolar. Elbetde adalat üpjün edilen halatynda-da käbir adamlar terrora ýüz tutup biler. Emma terrory mümkin gadar azaljak zat terroryň panzäheri bolan adalatdyr. Edilmeli zat, ilki bilen adamlaryň radikallaşmagynyň öňüni aljak adalat gözleginde bolmakdyr. Öliwer Roýyň “Yslam radikallaşýar, radikalizm yslamylaşýar” sözi, köp sanly terror hüjüminiň sebäbi üçin iňňän aýdyňlaşdyryjy. Adamlar radikallaşdyrygy saýyn uýýan dinleri we ideologiýalary arkaly terrory legallaşdyrma tagallasyna girişýärler. Global derejedäki adalat çagyryşymyz we tagallamyz bilen radikalizm dolulygyna ýok edilmeli.

Global derejede adalat gözlegimiz bolmasa, diňe öz milletimiz we öz territoriýamyz üçin tagalla eden halatymyzda dünýämiz günsaýyn ynamsyzlaşar. Çünki global aragatnaşyk we maglumatlar döwründe adalatsyzlar, zulumlar iňňän çalt görülýär, adamlaryň olara geçirimlilik etme çägi bolsa günsaýyn azalýar.

11-nji sentýabrda ABŞ-da DAİŞ-iň hüjümleri sebäpli Parižde, Londonda we Ankarada Tarrantyň metjide guran hüjümi sebäpli täze Zelandiýada, soňky buthana hüjümleri bilen Şri-Lankada bolşy ýaly terror hüjümleri çar tarapda adamlara wehim salýar. Haýsy ýurtda ýaşaýandygymyza garamazdan bu hüjümler sebäpli durmuşyzy has howply. Şol sebäpli bir tarapdan adalat tagallamyzy güýçlendirip, terrorizme garşy bütin adamzat bilelikde göreşmeli. Terror hüjümleriniň käbirlerini görmediksiremek, ünssiz çemeleşmek durmuşymyza howp salmakdan başga many aňlatmaýar.



Degişli Habarlar