Bergama medeni peýzaž zolagy

Türkiýä Gezelenç

Bergama medeni peýzaž zolagy

Türkiýäniň günbatary, esasanda Egeý deňiziniň kenarýaka zolagyndaky etraplar arheologik taýdan iňňän baý. Köp gatlakly Bergama medeni peýzaž zolagy şol arheologik ýerlerden biri… Izmire 100 kilometre golaý alyslykda ýerleşýän zolak dürli döwürlerde köp sanly medeniýetiň höküm süren, adamzadyň möhüm ösüş tapgyrlaryny beýan edýän saýlama taryhy şäher panoramasyna eýe.

Swilizasiýalaryň iň bir ajaýyp medeni we sungat merkezlerinden biri bolan Bergama 2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna girizilýär.

Köp gatlakly Bergama medeni peýzaž zolagy Elenistik, Rim, Gündogar Rim we Osman döwürlerine degişli gatlaklary özünde jemleýär. Şol medeniýetleriň yzly-yzyna ýerleşmegi Bergama deňsiz taýsyz şäher biçüwini we monumental binagärlik görnüşini beripdir.

Sebit; Pergamon, Mukaddes Kibele zolagyndan, Ylýas depe, Ýygma depe, Ikili, Towşan depe, X depe, A depe we Maldepe gorganlary bilen jemi dokuz komponentden emele gelýär.

Gadymy tekstlerde Pergamon atlandyrylan şäher b.e.ozalky 200-nji ýyllarda Attalos hanadanlygyna paýtagtlyk edip, medeni, ylmy we syýasy taýdan merkeze öwrülipdir. Ybadathana, köşk we teatr ýaly binalaryň ýany bilen uly kitaphana gurlupdyr.

Bergama b.e.ozalky 133-nji ýylda Rimliler tarapyndan alynandan soň döwrüň esasy saglygy saklaýyş merkezlerinden biri bolan Asklepion gurlupdyr.

Şäher ähmiýetini Wizantiýa döwründe ýitirmäge başlaýar. Söwda ýollarynyň üýtgemegi, Bergamanyň orta ululykdaky etrapça öwrülmegine sebäp bolýar.

Gadymy şäher 14-nji asyryň başlarynda Osman imperiýasynyň garamagyna degişli bolýar. Şol döwürde giňeldilýär we täze medeni özgerlişi başdan geçirýär. Osman medeniýetini beýan edýän hammamlar, köprüler, kerwensaraýlar, myhmanhanalar, dükanlar we bazarlar gurlupdyr.

Bergamadaky ilkinji gazuw-agtaryş işleri 1870-nji ýyllarda başlaýar. Şu günki günde gadymy şäheriň esasy bölegi açylan. Gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylaryň bir bölegi Türkiýäniň ilkinji arheologiýa muzeýi bolan Bergama muzeýinde sergilenýär.

Şanyň maşgala agzalarynyň, ýolbaşçylaryň we serkerdeleriň ýaşan Bergama Akrapoly adatdan daşary binagärlik özboluşlygyna eýe. Iň esasy binasy bolan Atena ybadathanasyndan diňe galyndylar galypdyr. Asly Berlindäki Pergamon muzeýinde sergilenýär. Sews altary hem Berlinde sergilenýär.

 

Agora ybadathanasy, Dinisos ybadathanasy we döwründe 200 müň kitaby özünde jemlän kitaphana beýleki esasy binalar. Kitaplaryň rimli serkerdelerden Markus Antonius tarapyndan toý sowgady hökmünde Müsüriň Şasy Kleopatra sowgat edilendigi çaklanylýar.

Gadymy grek we rim swilizasiýalarynda ybadathanalardan soň gelen esasy binalar teatrlar. Bergama teatry, dik gaýa gurlan we dünýäde bilinýän iň dik oturyma eýe bolan teatr… 10 müňe golaý adam üçin niýetlenip gurlan.

Aşakky şäher atlandyrylýan bölümde agora, heýkel mekdebi, öýler we Serapis ybadathanasy ýerleşýär. Rimiň hristianlygy ykrar etmegi bilen buthana öwrülen ybadathana, Injilde agzalýan ýedi buthanadan bilinýän ýeke-täk buthana.

Demeter ybadathanbasy sport bäsleşikleri üçin gurlan Gimnaziýa şäheriň beýleki binalary.

Gadymy asyrlaryň ösen şäherinde bir sany saglyk merkezi bar. Saglyk we lukmançylyk taňrysy Asklepiosyň hormatyna gurlan gadymy saglyk merkezi Asklepion şol bir wagtda dünýäniň ilkinji psihiatriýa hassahanasy hökmünde kabul edilýär.

Anadolynyň möhüm gadymy şäherini görmek üçin Bergama gelmek isleýän diňleýjilerimize: şypaly ýyly suwlardan peýdalanmaklaryny, ýerli tagamlardan dadyp görmeklerini maslahat berýäris.



Degişli Habarlar