Diwrigi Uly metjidi we Darüşşifasy

Binalaryň 1985-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna alyndy

1175486
Diwrigi Uly metjidi we Darüşşifasy

Diwrigi Uly metjidi we Darüşşifasy, arhitekturasy we biri-birinden üýtgeşik gazma çeper nagyşlary bilen Anadolydaky iň ajaýyp gadymy binalaryň biridir. Takmynan 775 ýyl ozal gurulan bu eser, biri-birine seplenen metjitden we hassahanadan ybaratdyr. Binalaryň ikisi hem 1985-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkiýäniň merkezi sebitinde Siwas welaýatynyň Diwrigi etrabynda ýerleşýän metjit we Darüşşifasy, Anadoly Seljukly döwletine degişli bir beglik bolan Mengüjekogullary döwrüne degişlidir. Metjit 13-nji asyryň ortasynda, Mengüjek begi Ahmed Şa tarapyndan, Darüşşifasy bolsa şol ýyllarda Ahmed Şanyň aýaly Turan Melek tarapyndan gurduryldy. Binalaryň Baş arhitektory Ahlatly Hürrem Şa bolupdyr.

13-nji asyrda Anadoly-Türk binagärçilik eserleriniň arasynda aýratyn bir orna eýe bolan Diwrigi Uly metjidi we Darüşşifanyň iň uly aýratynlygy bolsa, gapylarynda we sütünlerinde ýerleşýän gazma çeper nagyşlardyr. Gazma çeper nagyşlaryň iň owadan nusgalaryny özünde jemleýän nagyşlarda ulanylan on müňlerçe motiwiň hiç biriniň biri-birine meňzemeýänligi bu ajaýyp eserlere aýratyn bir ähmiýet berýär.

Iki gupbaly bir aramgähe eýe bolan metjit, kesilen daşlar bilen örtülendir we göniburç şeklindedir. Metjidiň 3 aýry girelgesi bar. Esasy girelgede gülleriň, ýapraklaryň şekilleri suratlandyrylypdyr, esasy girelge “Jennediň gapysy” diýip hem atlandyrylýar.

Günbatar tarapyndaky gapy, esasan hem tornagyş nagyşlary bilen bezelen. Bezeginde çigildem gülleri ulanylan gapynyň üstünde, Anadoly Seljukly döwletini alamatlandyrýan iki kelleli bürgüt bilen Mengüjek begliginiň simwoly bolan başy öň tarapa egilip duran laçynyň figurasy bar.

Gündogar tarapynda ýerleşýän 3-nji gapy bolsa Şanyň metjide girmek üçin ulanýandygy çak edilýän “Şa gapysy” bar.

Dünýäniň iň uzak ömürli agajy bolan eben agajyndan ýasalan münber, metjit bilen deň ýaşa eýe bolup, şu günki günde hem öz durkuny kän bir bozmandyr we ulanylýar.

Metjidiň içinde bir bölek daşdan oýulan 2 sany sandyk bar. Bu sandyklara adamlar bir ýere çykan mahallary özüniň zatlaryny we gymmat bahaly daşlaryny goýupdyrlar. Metjidiň içinde ýerleşýän sadaka daşy bolsa haýyr-sahawatçy adamlaryň, mätäçlik çekýän adamlara sadaka goýmaklary üçin ýasalypdyr.

Umumy bir hassahana formasynda gurulan Diwrigi Darüşşifasy, Anadolydaky hassahanalaryň bizin günlerimize çenli gelip ýeten iň köne we iň möhümleriniň biridir.

Şypahana, gurulan mahaly hem beden hem-de ruhy bejergiler üçin hyzmat beripdir. Osmanly döwründe bolsa bejergiler dowam etdirilmek bilen birlikde, medrese hökmünde hem ulanylypdyr.

Diwrigi Uly metjidi we Darüşşifasyny görmek üçin Siwasa giden mahalyňyz şäheriň taryhy ýerlerine, medreselerine we galasyna gezelenç etmeden, buzly suwlara çümülýän ýer bolan Tödürge kölüne girmeden, peçde bişen çörek iýmeden, üzümiň ýapragyna saralan tagamlary, ýufka datlysy ýaly milli tagamlary iýmeden yzyňyza gaýtmaň.

 

 



Degişli Habarlar