“Türkiýe Stipendiýalary

Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 10

1160211
“Türkiýe Stipendiýalary

 

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimizde Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halkar edarasyny tanyşdyrmaga dowam edýäris. Gepleşigimiziň bu sanynda edaranyň esasy işlerinden biri bolan “Türkiýe Stipendiýalary” hakynda maglumat bermek isleýäris.

Türkiýe Stipendiýalary: dünýäniň dürli ýurtlaryndan üstünlikli ýaşlara Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda doly ýa-da gysga möhletli maksatnamalardan peýdalanmak üçin berilýän hem-de döwlet tarapyndan goldanýan stipendiýadyr.

Türkiýe Stipendiýalarynyň maksady; özüni hem ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de jemgyýetleriň arasyndaky jebisligiň güýçlenmegine bagşeden, geljegiň liderlerini ýetişdirmek we şol liderleri öz içine alýan arkalaşyk toruny döretmekden ybarat.

Türkiýe Stipendiýalary ýokary bilimiň her bir basgançagyndaky ýokary hili, talyplara diňe bir okuw stipendiýasyny bermek bilen çäklenmän, şol bir wagtda olaryň uniwersitete taýarlanyş we ýerleşdirliş tapgyryny hem öz içine alýar.

Türkiýe Stipendiýalary üçin ýüz tutma möhletleri onuň internet sahypasyndan türk, arap, iňlis, fransuz, rus, boşnýak, pars we ispan dillerinde yglan edilýär. Häzirki wagtda 16 müňden gowrak talyba stipendiýa mümkinçiligi döredilen bolsa, her ýyl 5 müňe golaý talyp şol mümkinçilikden peýdalandyrylýar. Şu ýylky ýüz tutmalara seredilende 167 ýurtdan 145,700 ýüz tutma bilen rekord goýulandygyny görýäris.

Ýokary bilim, magistrlik we doktorlyk derejelerinde bolan stipendiýalara Türkiýe Respublikasynyň raýaty bolmadyklar ýüz tutup bilýär.



Degişli Habarlar