Gymmatlyklaryň Soňy Gelýärmi?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

1132226
Gymmatlyklaryň Soňy Gelýärmi?

 

Gymmatlyklaryň Soňy Gelýärmi?

 

Globallaşma tapgyrlaryndan ýeterlik gazanç etmeýän günbatar globallaşmada el çekýärmi? Mill-döwlet zamanasyna gaýdyp gelinýärmi? Döwrebaplyk bilen maşgalanyň bölünmegi we gymmatlyklaryň ýoýulmagy netijesinde ýekelikde ýaşaýan adam has-da ownaýarmy? Emeli zehin bilen bagly barlaglar adamyň soňuny getirermi? Geljekki tapgyrda ylmy barlaglar ýeriň ýüzünden älem giňişligine göçürilermi? Globallaşmadan soň näme bolar? Dünýämiz haýsy tarapa barýar we ýaşaýan döwrümiz nähili atlandyrylmaly?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Sosial ylymlarda wagtal-wagtal dünýäniň haýsy tarapa barýandygy bilen bagly teoriýalar öňe sürülýär. Şol teoriýalar arkaly geljege has giňden göz ýetirmek üçin analizler berilýär. Olar elmydama günäsiz we öz-özünden ýüze çykan teoriýalar bolman bilýär. Şeýle-de degişli teoriýalar her bir ugurda düşündiriş özboluşlygyna hem eýe bolman biler. Köp taraply tankydy belliklere sezewar hem bolsa, ýene-de şol teoriýalar belli bir islege laýyklykda ýüze çykýar we şol sebäpli belli düşündiriş güýjüne eýedir.

Belli bir düşündiriş güýjüne eýe hem bolsalar adamzadyň eýe bolan depgini şol teoriýalaryň ulanyş möhletini has-da gysgaldýar. Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýalaryndaky ösüşler adamyň psihikasyny hem-de wagt düşünjesini doly özgertdi. Diýmek isleýänimizi has gowy düşündirmek üçin soňky ýarym asyrda, orta goýulanda iňňän ynandyryjy ýaly görünýän we tolgundyryjy teoriýalary nähili çaltlyk bilen sarp edendigimizi ýatlamak ýeterlik bolar.

1950-nji ýyllarda Daniel Bell tarapyndan “Ideologiýanyň soňy” yglan edilende, onuň tezisi giň seslenme döredipdi. Soň Paul Wirillo geografiýanyň soňuny yglan edýär. 1992-nji ýylda Frankis Fuluýama “Taryhyň soňuny” yglan edende, Daniel Bellden has uly seslenme döredipdi. Medeniýetara çaknyşyklardan ugur alyp günbatar medeniýetiniň ýeke-täkligine ünsi çeken Hantingtonyň 1993-nji ýazan “Medeniýetleriň çaknyşygy” tezisi uly diskussiýa döretmedi. Soňky gezek yglan edilen tezis bolsa hamala diýersiňiz iň çalt ýatdan çykarylan tezise meňzeýär: Keniçi Ohmaeniň 1996-njy ýylda ýazan “Milli döwletiň soňy” tezisi barada hiç kim dil ýarmaýar.

Geçmişiň mega hekaýatlarynyň, beýik ideologiýalarynyň hiç haýsy indi şu günüň kriteriýalarynyň başyny çekmeýär. Ugrunda jan berilen watan goranyşlary ýa-da basybalyjylykly hüjümler ýuwaş-ýuwaş hususy howpsyzlyk firmalaryna tabşyrylýar. Ýokarda beýan edilen we bir zadyň soňuna ünsi çekýän tezisler hem indi gyzyklanma döretmeýär.

Şu günki günde bolsa ýaşaýan döwrümiziň nähili atlandyryljakdygy bilen bagly barlaglar dowam edýär. Makalamyň başynda soran soraglarym täze döwürde adamzadyň düşünmäge-kesgitlemäge synanşýan temalarynyň umumy çarçuwyny beýan edýär.

Täze döwrüň ruhy ýa-da kada taýdan başlangyç arkaly atlandyrylmaga synanşylmagy maňa artykmaç göwni açyklyk ýaly bolup görünýär. Käşgä ýaşaýan döwrümiz we ondan soň goşulmaýan ýa-da nädogry diýip tapýan hem bolsak, gymmatlyklara esaslanýan teoriýalar ýüze çykarylsa. Ruhylygyň, kadaçyllygyň gutaran döwrüne tarap barýarmykak öýdýärin. Täze bir döwre diýip bilemok. Çünki indi özgerlişikler beýle uzak dowam etmeýär.

Gymmatlyklaryň ýoýulýan, kadaçyllyk, ärdem, bölüşmek, adalat ýaly adalgalaryň unudulmaga başlan, adalgalara yzagalaklyk hökmünde garalýan döwre gadam basýarmykak diýýärin. Bu döwri jem bir “soňkyçylyk” çemeleşmesi bilen beýan edenimizde “gymmatlyklaryň soňy” hökmünde atlandyrmak has ýerlikli bolaýjak ýaly. Döwletler, guramalar özlerini beýan etmek üçin legal görünmäge, hakly şertlerde hereket etmäge islegli görünýän ýaly. Guş gözi bilen dünýä ser salanymyzda gymmatlyklaryň nähili ýoýulýandygyny artykmajy bilen görmek mümkin.

BMG

2-nji Jahan urşundan soň Milletler jemgyýetiniň ýerine döredilen BMG möwritini gutardy diýsek ýalňyşmarys. Siriýa, Mýanma, Krym, Ukraina ýaly çaknyşyk zolaklarynda hiç hili çäre görüp bilmeýändigi, bäş sany hemişelik ýurduň öz bähbitlerinden daşgary tas zada alada bildirmeýandigi BMG-niň adamzadyň gözünde legallygyny ýitirmeginiň esasy sebäplerinden biri.

BMG-niň görkezijilerine görä dünýäde 70 milliona golaý bosgun gidere ýer, ýaşara jaý tapmaýar. Şol mukdar 2-nji jahan Urşundan soňky iň ýokary çäk. BMG-niň bu meselede netijeli tagalla edendigini bilýän barmy? BMG tarapyndan pajygalara sebäp bolýanlaryň öňüni almaga, ejir çekenlere kömek berilmegi üçin düýpli çagyryş, iş meýilnamasy düzüldimi?

Adamlar, döwletler, guramalar tankyt edilip bilner, emma iň erbedi olar bolan umydyň gutarmagy.

ÝB

ÝB, aslyna seredilende biri-biri bilen iki gezek söweşen we şol söweşe bütin dünýäni goşan ýurtlaryň belli bir gymmatlyklar arkaly söweşiň öňüni almagy, abadançylygy, hyzmatdaşlygy, arkalaşygy güýçlendirmegi maksat edinýän bileleşikdi. Şu günki günde indi hiç kim ÝB-niň şol gymmatlyklar bileleşigidigini aýtmaýar. Dünýäde demokratik ýurtlaryň arasynda rasist partiýalaryň häkimiýet başyna gelýän, hökümete şärik bolýan ýurtlarynyň hatarynda ÝB öňde barýar. Indi bosgunlar, yslam we ýehudi duşmançylygynyň giňden ýaýran, daşary ýurt duşmançylygynyň howply çäge ýeten, dünýade ybadathanalaryň ýakylýan ÝB bar. ÝB geçmişde özünde we sebitinde parahatçylyga, asudalyga, abadançylyga, adam hukuklaryna, demokratiýa uly goşant goşdy. Emma häzirki şertlerde ÝB, ÝB-ne ýüz tutan halatynda öz goýan kriterlerinden iňňän daşda durýandygy sebäpli agzalyga kabul etmez.

ÝB-ne agza ýurtlar taýdan has-da howply bolan demokratiýa we azatlyklar giňişligi günsaýyn çäklenmegi, plýuralist we erkinlikçi gatlaklaryň ejizlemegi. Ýewropanyň iki jahan urşundan ozalkysy ýaly dartgynly şertlere ýokary depginde dolanyp barmagy. Emma ÝB-ni şol şertlerden halas etjek, oňa boýun egmedik 1-2 sany çykalgadan başga syýasy liderlik hem görünmeýär.

Global derejede gymmatlyklar, kadalar taýdan nähili ýitgi çekilýändigi gepleşigimiziň geljek sanynda-da seljermäge dowam ederis.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar