Aktual Analiz 52

Türkiýe tutanýerli pozisiýasy bilen Siriýada uly bir ýeňiş gazandy

1115574
Aktual Analiz 52

2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň, amerikan esgerleriniň Siriýadan çekiljekdigini aýan etmegi bilen birlikde Siriýadaky ýagdaý täzeden  şekillenmäge başlady. Donald Trampyň beýanatyndan soňky etapda Türkiýäniň tutanýerliligi ünsleri özüne çekdi. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Ýewfrat derýasynyň gündogaryna garşy harby operasiýanyň geçirjekdigini aýan etmeginden soň, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bilen Türkiýäniň Siriýada bilelikde hereket edýän Milli Goşun operasiýa üçin taýarlyklarynyň gerimini artdyrdy. Türkiýäniň Harby howa güýçleri PKK-nyň Yrakdaky barlygyna garşy howa hüjümini gurady. Siriýa-Yrak serhediniň golaýynda ýerleşýän Sinjar dagy bilen birlikde, Mahmur bazasyndaky Karakajak dagyndaky terrorçylaryň ýerlerine hüjüm guralmagy, Türkiýäniň tutanýerliligini görkezdi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet gaznasynyň ylmy işgäri, ýazyjy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2018-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Prezident R.T. Erdogan bilen ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde, ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, amerikan esgerlerini Siriýada çykarmak barada karar kabul etdi. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Donald Tramp Prezident Erdogandan DAIŞ-e garşy göreşiň Türkiýe tarapyndan öz üstüne alynmagyny isledi we Prezident Erdogan bu islegi kabul etdi.

ABŞ-niň Siriýadan çekilmek barada karar kabul etmeginden soň, Amerikan guramalaryna, Siriýada we global derejede täsiri uly boldy.  ABŞ-niň Goranmak ministri Jeýms Mattis we DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekil Brett Makgark wezipelerinden çekildi. ABŞ-niň yzyna çekilmek baradaky kararynyň ÝPG/PKK agza terrorçylaryň karary tankyt edip, “Arkamyzdan pyçaklandyk” diýmeklerine sebäp döretdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Siriýadan çekilmek baradaky karary Siriýadaky deňagramlygy umuman alanda üýtgetjekdigini görkezýär. Amerikan esgerleriniň Siriýadan çykmagy bilen emele geljek boşlugyň kim tarapyndan dolduryljakdygy, Siriýanyň geljegi taýdan örän möhümdir.

Amerikan esgerleriniň çekilmegi, Türkiýäniň ÝPG/PKK-a garşy operasiýa geçirmeginiň öňüni açmak bilen birlikde, Russiýa we Eýran tarapyndan goldanýan Asada tabynlykdaky güýçleriň ÝPG bilen ylalaşyp Amerikan esgerleriniň boşaldan ýerlerine ýerleşmegine hem eltip biler.

PKK döredilen gününden bäri Başar Asad maşgalasy bilen gatnaşykda bolmak bilen birlikde, Siriýadaky söweşiň başlan mahaly, Asada tabynlykday güýçler Türkiýe serhedindäki üç aýry sebiti ÝPG-e berdi. Beýleki tarapdan taraplaryň arasynda geçirilen gepleşiklerde ÝPG-niň täze ýerleri almagy bilen birlikde awtonom gurulyş talap edendigi we bu talap Asad tarapyndan ret edilendigi bilinýär.

Amerikan esgerleriniň çekilmegi bilen Asada tabynlykday güýçleriň ÝPG bolan talaplary artar we bu ýagdaý taraplaryň Türkiýä garşy ylalaşmagyny kynlaşdyrar. Mundan başgada Russiýanyň we Eýranyň ÝPG bilen Asada tabynlykdaky güýçleriň arasyndaky ylalaşyga nähili garajakdygy hem örän wajypdyr.

Bolmagy ähtimal ÝPG-Asad ylalaşygyna böwet bolmak üçin Türkiýe ABŞ bilen amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmek etabyny koordinasiýa etmelidir. ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň sosial media hasabynyň üsti bilen beren beýanatynda, amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmek etabynyň haýal boljakdygyny we Türkiýe bilen ýokary derejede koordinasiýa etjekdigini bellemegi, boşaljak ýerleriň başga güýçler tarapyndan doldurylmagynyň öňüne geçilmegi taýdan örän wajypdyr.

Gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet gaznasynyň ylmy işgäri, ýazyjy Jan Ajunyň şu günki temamyz boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar