Global Perspektiwa 50 Ýewropa Synýarmy?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

1105610
Global Perspektiwa 50  Ýewropa Synýarmy?

 

Ýewropa Synýarmy?

Fransiýada we käbir Ýewropada ýurtlarynda birnäçe hepdeden bäri dowam edýän “sary ýeňsizliler” atlandyrylan ýokary derejeli protestler, talaňçylyklar başdan geçirilýär. Adam pidalarynyň çekilmegine sebäp bolan wakalarda Fransiýada diňe geçen hepdäniň ahyrynda resmi beýanatlara görä ýüzlerçe demonstrant ýaralandy, müňlerçesi saklandy.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

Ýewropada nämeler başdan geçirilýär? Gepleşiklerimiziň geçen sanlarynda Ýewropanyň dünýäden üzňeleşmegine, 2-nji Jahan urşundan ozalkysyna meňzeş döwri başdan geçirýändigine ünsi çekipdik. Bosgunlara, daşary ýurtlylara, yslama, ýehudilige garşy durmak hökmünde beýan tapýan we barha güýçlenýän reaksiýalaryň, hüjümleriň sebäpleriniň has çuňluklardan gözlenmelidigi barada aýdyp geçipdik. Esasy meseläniň bosgunlar däl, Ýewropanyň özidigini, bosgunlary ýa-da musulmanlary günäkärlemek bilen, öz-özi bilen ýüzleşmekden gaça durýandygyny ençeme gezek nygtap geçdik. Meseläniň Ýewropanyň geljegi bilen baglydygyny, Ýewropanyň ýakyn geçmişde bolşy ýaly “ÝB arkaly jebisleşdiriji gymmatlyklara eýe çykýan Ýewropamy ýa-da syýasy genetikasynda bar bolan faşizime we nasizme boýun egýän Ýewropa bolarmy” diýlen soraga jogap bermeli boljakdygyny beýan etdi. Şol sepgitde ýewropaly erkinlikçi gatlaklar işe girişmän halatynda giç galynjakdygyny aýratyn nygtapdyk.

Fransiýada wakalar

Fransiýadaky wakalar Ýewropanyň dünýäden üzňeleşmeginiň, bosgunlara garşy durmagyň, ýigrenjiň we ekstremizmiň adaty häsýete eýe bolmagynyň sebäbiniň Ýewropanyň özi bilen baglydygynyň ýuwaş-ýuwaş görülmegini üpjün edýär. Sary ýeňsizliler wakalarynda garşylyk bosgunlara görkezilmeýär. Reaksiýa görkezýänlerem bosgunlar däl. Globallaşma tapgyrlaryndan ýeterlik bähbit gazanmazlyk, ykdysady durgunlyk, fransuzlaryň ozalky ýaşaýyş durmuşyny dowam etdirme tamalary reaksiýalaryň sebäplerini emele getirýär. Emma indi ösýän başga ýurtlar we beýleki global wakalar diňe bir fransuzlaryň däl, beýleki Ýewropa ýurtlarynyň hem ozalky eşretli we sosial döwlet aýratynlygyny dowam etdirmeklerini tas mümkin däl ýagdaýa getirýär.

 

Wakalar we media

Stambuldaky “Gezi” wakalarynda tas bütin dünýä mediasynyň gelip ornaşandygyny, üznüksiz ençeme sagat göni ýaýlym berendiklerini, demonstrantlary nähili gahrymanlaşdyrandyklaryny entegem ýatdan çykarmadyk. Gyzyl fulýarly gyz, duran adam simwollary henizem gözümiziň öňünde. Media organlary ulaldyp görkezmelerini polise we Türkiýä garşy berk adam hukuklary tankydy bilen bilelikde berdiler.

Pariždäki Sary ýeňsizliler wakalary bolsa dünýä mediasynda iňňän az orun eýeledi. Liseý okuwçylarynyň gatnaşan wakalarynda polisiň aşa güýç ulanmagyna we adam hukuklaryny basgylamagyna degişli tankydy bellikler tas görkezilmedi.

Sary ýeňsizliler näme isleýär?

Sary ýeňsizliler syýasy partiýalaryň maksatnamasy ýaly isleglerini 42 maddada beýan etdiler. Şol islegler diňe bir nebitiň nyrhynyň aşakladylmagyndan has köp. Durmuş şertleriniň agyrlaşmagyndan salgytlaryň aşakladylmagyna, iş şertleriniň gowulandyrylmagyndan bosgunlar baradaky syýasata, saýlaw kanunyndan Prezidentiň iş möhletiniň ýedi ýyla göterilmegine çenli diňe syýasy partiýalar tarapyndan iş ýüzüne geçirilip bilinjek tapgyrlaýyn syýasy, jemgyýetçilik, adminstratiw, ykdysady islegi beýan edýärler.

Hökümeti saýlawda däl, köçede agdarmak…

Şübhesiz demokratik reaksiýa görkezmek hukugy eldegirilmesizdir. Demokratik jemgyýetlerde ähli talaplar beýan edilmeli. Şonuň üçin ýygnanşyk we ýöriş geçirme azatlygy doly peýdalanylmaly. Şol usul bilen hökümete saýlaw geçirmek üçin basyş hem edilip bilner. Demokratik reaksiýalara garşy aşa güýç ulanma, demonstrantlaryň hukuklarynyň basgylanmagy elbetde jenaýatdyr.

Bular bilen birlikde demokratik ýurtlarda syýasy hökümetleri çalyşmagyň ýoly bellidir. Demokratiýalarda islenmeýän syýasy hökümetler köçelerde däl, saýlawlarda agdarylýar. İslegleriň kanagatlandyrylmaýandygy sebäpli iş ýerleriniň talanmagy, binalary ýykmak, ýakmak, bigünä adamlara hüjüm etmek we beýleki ýollar bilen syýasy hökümeti saýlaw arkaly däl, eýsem köçeden agdarmak diňe anarhiýa we faşizme sebäp bolar. Şu günlerde saýlawda esasan faşizm saýlanan halatynda wandalizme tarap gönügen köçe aksiýalarynyň nire baryp ýetjekdigi belli däl.

Fransuz ynkylabynyň adamzada goýan mirasy

Fransiýa gynansagam köçe hereketleriniň ýüze çykarmagy ähtimal netijeleri taýdan özüne we adamzada iňňän agyr pajygalary hödürlän ýurt. “Azatlyk, deňlik, doganlyk” ideýalary bilen başlan fransuz ynkylabynyň adamzadyň başdan geçiren iň bir pajygaly gyrgynçylyklary we giotinler bilen tamamlanandygy bilinýär. Şol ynkylap bilen gelen nasionalizm bütin dünýäni böleklemäge dowam edýär. garaşsyzlyklaryny almagyň şatlygyny başdan geçirýärkä adamlary täze şahsyýetleri we döwletleri bilen bölmek hem-de böleklemek olaryň has erkin dolandyrylmagyny hem üpjün edýär.

Şeýle-de fransuz tipli aýdyňlanma hem adamzada aňyň esaslandyryjy rasionallygyna boýun egip, öz pozisiýasyny mukaddesleşdirip, rasional kabul etmeýän ähli zadyny çetleşdirýän, öjükdiriji garaýyşy ýüze çykardy. Adamzat taryhynyň iň bir pajygaly söweşleriniň, elhenç gyrgynçylyklaryň, giotinleriň “aýdyňlanan” aň döwründe başdan geçirilendigini ýada salanymyzda, däp-dessur, ahlak, din, taňry ýaly özüni çäklendirýän ähli zatdan üzňeleşen halatynda aýdyňlaşan aňyň nähili frankeştaýna öwrüljekdigini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek.

Häzirki döwürde adamyň embriosyny üýtgedip, emeli adam ýasalmagyna her bir adam aladaly garaýar. Adamzadyň soňuna çykmagy ähtial bolan bu tapgyrda aňyň ähli gymmatlyklardan saplanmagyny isleýän fransuz tipli aýdyňlanmanyň täsiri uly. Emeli adamda indi adamyň aňyňyna hajat ýok.

Köçe hereketleriniň ýa-da ynkylabyň ýoly hökümeti iş başyndan çetleşdirmegiň legal görülmeginiň emele getirjek pajygaly netijelerini entek ynkylap dowam edýärkä ýazan “Fransiýadaky ynkylap baradaky garaýyşlar” kitabynda Edmund Burke iňňän ýerlikli beýan edipdi. berat Özipegiň nygtaşy ýaly Burke olara ünsi çekýän mahaly entek Ýakobenler häkimiýet başyna geçmändi, azatlyk, deňlik, doganlyk ideýalary gana bulanmandy. Şa we aýaly bilen birlikde diňe asylzadalardan hem-de ruhanylardan däl, adaty adamlardan müňlerçesi giotinlere ugradylypdy. Robespierre “adalatly terror usuly” bilen parasatly bäsdeşlerini öldürtmändi. Şol ölümlerden soň Robespierräniň özi hem ölüm jezasyna höküm ediländi.

Fransiýadan ýaňadandan täze bir bidüzgünçilik tolkun tolkun bolup, dünýä ýaýrajaga meňzeýär. Şol bidüzgünçilik beýleki günbatar ýurtlaryna, hat-da köp sanly başga ýurtlara we jemgyýetlere uly zyýan ýetirip biler. Hawa, şuňa meňzeş wakalar Türkiýede ýa-da günbatarly bolmadyk ýurtlarda ýüze çykan bolsady, ol has-da ulaldylyp, demonstrantlar ideallaşdyrylyp, wakalaryň ýüze çykan döwleti we jemgyýetleri kemsidilip görkezilerdi. Şeýle bolandygyna garamazdan “gowy boldy” diýmäliň. Sebäbi günbatar ýa-da fransuzlar biziň mugallymymyz däl. Biz her bir şertde imperial tagallalara garamazdan günbatar ýurtlarada adalatly bolup, günbatar jemgyýetlerini we adamzady pikir edeliň.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň Ýewropa synýarmy temaly synyny dykgatynyza ýetirdik.



Degişli Habarlar