Aktual analiz 49

Argentinada geçirlen G-20 maslahaty

1103002
Aktual analiz 49

 

 

Argentinada geçirlen G-20 maslahatynda dünýäniň liderleri bir ýere jemlenişdi we ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. G-20-niň liderler maslahatynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady söweş, Stambuldaky Saudy Baş konsullygynda žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi barada görkezme berendigi öňe sürülýän Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salmanyň ýagdaýy meselesi ünsleri özüne çekdi.

Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasynyň ylmy barlagçysy-ýazyjy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda edilen Kaşykçy jenaýatyndan soň, türk ýolbaşçylarynyň alyp baran derňew işinden we derňew işiniň netijesini dünýä halk köpçüligine ýetirmeginden soň Saudy hökümeti jenaýaty kabul etmeli boldy. Waşington Post gazetiniň žurnalisti Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi bilen günäkärlenýän adamlaryň Saud Arabystanynyň Adalat organlary tarapyndan kazyýet işine çekilendigine garamazdan, Kaşykçynyň öldürilmegi görkezmesiniň kim tarapyndan berlendigi näbelli bolmagynda galýar. Saud Arabystany wakany käbir ýolbaşçylyklaryň geleňsizligi hökmünde görkezýän bolsa-da, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman ünsleri üzüne çekýär. ABŞ-nyň merkezi razwetka gullugy JİA-yň barlaglaryndaky Muhammed Bin Salmanyň jenaýatyň arkasyndaky adamdygy hakyndaky maglumatlary paş edildi.

Kaşykçy jenaýaty etabynyň dowam edýän günlerinde Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy ilki Arap ýurtlaryna sapar gurady, soň bolsa Argentinada geçirlen G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşdy. Arap dünýäsiniň emirleri we şalary bilen duşuşan Muhammed Bin Salman saparynyň soňky duralgasy bolan demokratiýa arkaly dolandyrylýan Tunise bardy. Tunisiň halky Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasyna garşy protest ýörişini geçirdi. Muhammed Bin Salmanyň Tunise guran saparyna araplar tarapyndan berk garşylyk görkezildi, protest ýörişlerinde Mirasdar Şazadanyň Kaşykçy jenaýatyndan jogapkärdigi barada aýdylan şygarlar ünsleri özüne çekdi.

Tunise guran saparyndan soň G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşan Muhammed Bin Salman Saud Arabystanynyň Argentinadaky ilçihanasynda bolmagy saýlap aldy. Argentinada Mirasdar Şazadanyň Kaşykçy jenaýaty bilen arabaglanşygynyň bardygy hakynda ýörite kazyýete ýüz tutulmagy we Argentinanyň adalat organlarynyň hem ýüz tutmany kabul etmegi ünsleri özüne çekdi.

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman G-20-niň çäginde käbir liderler bilen özara duşuşyk geçirdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Mirasdar Şazada bilen bolan duşuşygyndan soň bilelikdäki metbugat ýygnagynda Bin Salmany kameralaryň öňünde berk tankyt etdi. Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen bolan içgin duşuşygy ünsleri özüne çekdi.

G-20 maslahatyndan soň Kaşykçy jenaýaty we Muhammed Bin Salman meselesinde ABŞ-da täsin waka başdan geçirildi. JYA Amerikan senagadynyň käbir agzalaryna Kaşykçy jenaýaty hakynda ýörite maglumat beripdir. Metbugata ýapyk häsiýetinde berlen şol maglumatdan soň, žurnalistlere beýanat beren senator Jorker we santor Graham Kaşykçy jenaýatyndan Muhammed Bin Salmanyň jogapkärdigi meselesinde hiç hili aladalarynyň ýokdygyny beýan etdi. Mundan başgada Türkiýäniň adalat organlarynyň kabul edilen soňky karary bilen Muhammed Bin Salmana ýakynlygy bilen tanalýan iki adamyň tussag edilmegi, Muhammed Bin Salmanyň üçin gurşawyň günsaýyn daralýandygyny görkezýär.

ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady söweş meselesi G-20-niň liderler maslahatynda ünsleri özüne çeken başga bir mesele boldy. ABŞ-nyň Hytaý bilen edýän söwda gatnaşyklaryndaky import-eksport deňsizligi Amerikan hökümetini biynjalyk etdi we ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp kanuna üýtgetme girizmegi däl eýsem Hytaýy jezalandyrmagy saýlap aldy. ABŞ-nyň Prezidentiň Hytaýy jezalandyrmak üçin goýan sanksiýalaryna jogap hökmünde Hytaýyň hem Amerikan harytlaryna garşy sanskiýa goýmagy bilen iki ýurduň arasynda ykdysady taýdan söweş başlady. Ykdysady taýdan uly ösüş eden Hytaýyň ykdysadyýetiniň, ABŞ-nyň dünýädäki pozisiýasyna howp salýan ýagdaýa gelmegi bu meselede esasy rol oýnaýar. Amerikaly esasy firmalaryň önümçilik merkezi hökmünde Hytaýy saýlap almagy iki ýurduň arasyndaky bäsleşigi has-da güýçlendirýär.

Syýasat, ykdysadyýet jemgyýet gaznasynyň ylmy barlagçysy-ýazyjy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: #Argentina , #G-20 , #liderler , #maslahat

Degişli Habarlar