Aktual Analiz 47

Golaýda Türk Akymy tebigy gaz geçirijisiniň deňizden geçýän böleginiň tamamlanmagy mynasybetli dabara guraldy

1094145
Aktual Analiz 47

Golaýda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bilen Przident Erdoganyň gatnaşmagynda Türk Akymy tebigy gaz geçirijisiniň deňizden geçýän böleginiň tamamlanmagy mynasybetli dabara guraldy. Stambulda geçirilen dabarada çykyş eden liderler iki ýurduň arasyndaky ösýän hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Türk Akymy taslamasy Türkiýäniň energetika merkezine öwrülmek boýunça maksatnama taýdan möhüm başlangyç hökmünde kabul edilýär. Şeýlelikde Azerbaýjanyň gazyny Türkiýä we geljekde Ýewropa akdyrmagy meýilleşdirýän TANAP, Yragyň netibini dünýä bazarlaryna ýetirýän Jeýhan geçirijisiniň ýany bilen Türkiýe energetika syýasatlarynyň çäginde edýän başlangyçlary bilen pozisiaýasyny berkidýär we öz energiýa islegini diwersifikasiýalaşdyrýar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2014-nji ýylyň dekabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan teklip edilen Türk Akymy taslamasy, Russiýanyň Anapa şäherinden başlaýan Türk Akymynyň 930  kilometri Garadeňizden geçip, Stambulyň günbataryndaky Kyýyköýe gelip ýetýär. Ady Prezident R.T.Erdogan tarapyndan dakylan Türk Akymy jemi 1100 kilometr uzynlyga ýeter. Türk Akymy biri-birine parallel iki ugurdan ybarat. Birinji ugruň ýylda 15,75 milliard m3 tebigy gaz göteriş mümkinçiligi bilen Türkiýäniň energiýa islegini kanagatlandyrmagyna garaşylýar. İkinji ugruň bolsa geljekki tapgyrda Ýewropa çenli ýetirilmegi meýillaşdirilýär.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow hem käbir ýurtlaryň Türk Akymyna goşulmagy nazarda tutýandygyny belläp, tebigy gaz geçirisiniň 5 ugurdan bäş Ýewropa ýurduna ýetirilip bilinjekdigini beýan etdi. Mysal üçin Serbiýanyň Energetika ministri Antiç beren beýanatynda Türk Akymy Serbiýa çenli gelip ýeten halatynda Ýewropanyň energiýa howpsyzlygyny üpjün etjekdigini gürrüň berdi. Anti: 10-15 milliard m3 rus gazynyň Türkiýäniň üstaşyr Bolgariýa, Serbiýa, Wengriýa we Awstriýa çenli ýetirilmegi energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi taýdan iňňän uly mümkinçilik. Taslama gaz söwdasynyň we gaza esaslanýan ykdysadyýetleriň ösdürilmegi üçin hem şert döredýär. Şol ýurtlar Türk Akymyna birigip, gazyň üstüaşyr akdyrylmagyndan uly girdeji alarlar” diýdi.

Beýleki tarapdan Türk Akymy taslamasynyň Türkiýeden soň Ýewropa haýsy ugurdan çekiljekdigi entek näbelli bolmagynda galýar. Esasanda Gresiýa bilen Bolgariýanyň arasynda bäsdeşlik bar. Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Sipras Türk Akymynyň Gresiýanyň üstaşyr geçmegini isleýändigini nygtap; “Türk Akymynyň Gresiýanyň üstaşyr geçmegi üçin Brýusselde işjeň tagalla edýäris” diýdi.

Türk Akymy Türkiýäni energetika merkezine öwrülme maksadynda öňe alyp gidýän bolsa, beýleki tarapdan Russiýanyň gönüden Balkan ýurtlaryna tebigy gaz eksport etmegine şert döredýär. İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birnäçe ugurda ösdi. Prezident Erdogan ösýän ykdysady hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň 100 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetmegi maksat edinýändigini beýan etdi. Şol bir wagtda rus metbugaty hem Putin bilen Erdoganyň arasyndaky duşuşyklaryň ýygylygyna ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösendigini beýan edýär.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşklar esasanda energetika syýasaty taýdan ösýän hem bolsa, özara gatnaşyklar henizem möhüm meseleler bar. Russiýanyň Krymy anneksirlemegi, Ukrainada dowam edýän söweş, Russiýanyň Krym tatarlaryna bolan çemeleşmesi we Siriýadaky tapawutly pozisiýalar özara gatnaşyklarda çözülmeli meseleleriň başyny çekýär. Esasanda Siriýada iki ýurt Astana tapgyry we Soçi ylalaşygyna laýyklykda näçä utgaşykly hereket etmäge synanşýan hem bolsa, käbir garaýyş tapawutlyklary sebäpli düşnüşmezlikler ýüze çykýar.



Degişli Habarlar