Aktual analiz 45

Eýrana garşy goýulan sanksiýalar

1085299
Aktual analiz 45

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Obamanyň iş başynda bolan döwründe 5+1 formatynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekişilen ýadro ylalaşygyndan bir taraply häsýetde çekilmeginden soň, ABŞ-nyň Gazna ministrligi Eýrana goýuljak sanksiýalaryň birinji tapgyryny 7-nji awgustda güýje girizipdi. Eýrana garşy sanksiýalaryň ikinji tapgyry bolsa ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň beýan eden 180 günlük möhletiň gutarmagy bilen 5-nji noýabrda başlady. ABŞ tarapyndan yglan edilen sanksiýalar esasanda Eýranyň energetika, bankçylyk, logistika, ätiýaçlandyryş firmalary ýaly ugurlara goýuldy.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ-nyň birinji tapgyrda yglan eden sanksiýalary bilen Eýranyň Amerikan dollaryna elýeterliligini, döwlet weksellerini satmagyny, altyn we beýleki magdanlar bilen polat, alliýumin, kömür ýaly metallaryň döwdasyny etmegini, ýolagçy uçaryny ýa-da ätiýaç şaýlaryny import etmeginiň öňü alynypdy. Sanksiýalaryň ikinji tapgyrynda bolsa Eýranyň Milli Nebit firmasy, Eýranyň Nebit söwdasy firmasy we Milli Tanker firmasyna halkara çäklendirmeler getirilip, ykdysadyýeti nebite esaslanýan Eýrandan nebit we nebit önümleriniň satuwyna sanksiýalar goýulmalydy.

Amerikanyň Prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygyndan bir taraply häsýetde çekilmegi bilen Eýrana goýulan sanksiýalaryň arasyndaky esasy ugurlardan biri hem dünýä derejesinde elektronik serişde transferini ýola goýýan SWIFT ulgamy. ABŞ-nyň sanksiýalarynyň çäginde SWIFT merkezinden berilen beýannamada; “SWIFT Eýranyň käbir banklarynyň ulgama elýeterliligini bes etdi” diýilipdi. Eýrana garşy goýulan sanksiýalaryň beýleki bir ugruny maliýe guramalary emele getirýär. Daşary ýurt maliýe guramalarynyň Eýranyň Merkezi banky we Eýranyň belli maliýe guramalary bilen edýän gatşygy çäklendirildi. Şeýle-de sanksiýalaryň çäginde 700-den gowrak eýranly adamyň we guramanyň gara sanawa girizilendigi ABŞ-nyň Gazna ministrligi tarapyndan habar berildi.

Erana garşy goýulan ähli sanksiýalara garamazdan Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton; “Eýrana has agyr sanksiýalar goýular. Ozalky prezident Barak Obama döwründe goýulan sanksiýalaryň çägi bilen kanagatlanmarys” diýmegi iňňän möhüm.

ABŞ tarapyndan yglan edilen sanksiýalardan wagtlaýyn sekiz ýurduň boşadylandygy yglan edildi. Hytaý, Hindistan, Italiýa, Gresiýa, Türkiýe we beýleki birnäçe ýurt wagtlaýynça sanksiýalardan boşadyldy. Şol çäkde Prezident R.T.Erdogana berilen soraga Prezident: “Bu sanksiýalar boýunça ähli zat kesgitli däl, emma dogursy biz bu sanksiýalary ýerlikli hasaplamaýarys. Çünki bize görä bu sanksiýalar dünýäniň durnuklylygyny bozmak ugrundaky başlangyçlar. Bular halkara hukugyna-da, diplomatiýa-da bap gelmeýär. Indi düýä parahatçlyga esaslanýan başlangyçlaryň edilmegini isleýär. Täze bir imperial dünýäde ýaşamak islemeýäris, imperialist basyşlara sezewar bolmak islemeýäris. Adamlaryň asuda, parahatçylykly we ynamly dünýäde ýaşamagyny isleýäris. “Meniň mümkinçiligim we şertim bar, eger şeýle bolsa men ähli zady ederin” diýlen düşünje bolmaly däl. Häzirki wagtda edilýän başlangyçlarda ÝB we ÝB-ne agza ýurtlaryň tas ählisi bu işe oňyn garamaýar. Olar bu meselä başgaça garaýar” diýip jogap beripdi.

Şeýle-de Türkiýäniň Eýrandan energiýa serişdeleriniň importyna ünsi çeken Prezident Erdogan; “Sanksiýalar boýunça biziň pozisiýamyz bellidir. Onda-da nebit bilen bagly meselede biz şuny beýan etdik; bular alternatiwsiz zat, şeýlelikde sanksiýany berjaý etmeris. Biz olardan häzirki wagtda 10 milliard m3 tebigy gaz alýarys. Biz şol tebigy gazy almasak, men raýatlarymy gyş aýlarynda sowukdan dondurmalymy? Biz şeýle zady ýerine ýetirmeris, kabul etmeris” diýipdi.

Edil şonuň ýaly-da Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň bikanun, legal däl we BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kararlarynyň basgylanmagy bolandygyny aýdypdy. Fransiýanyň, Hytaýyň we Germaniýanyň hem Eýrana garşy sanksiýalara närazylyk bildirendigini nygtap geçmek ýerlikli bolar. Emma ABŞ-nyň dünýä derejesindäki güýji, gegomoniýasy we täsiri sebäpli garşy durýan ýurtlaryň esasy firmalary sanksiýalary berjaý etjekdigini habar berdi.


Etiketkalar: #sanksiýa , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar