Aktual Analiz 26

Türkiýedäki saýlawda Erdoganyň we “Jemhur” arkalaşygynyň üstün çykmagy hem daşary syýasat hem-de terrorçylyga garşy göreş taýdan “dowam” häsýetli netijedir

1002997
Aktual Analiz 26

 

 

Türkiýe 24-nji iýunda hem Prezidentini hem-de halk deputatlaryny saýlady. Dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden netijelerde Prezident R.T.Erdogan 52,6 göterim ses mukdary bilen birinji tapgyrda täze ulgamyň ilkinji prezidentligine saýlanan bolsa, Adalat we ösüş partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasynyň döreden “Jemhur” arkalaşygy mejlisde esasy köplügi eýeledi. Türkiýäniň saýlawyň netijeleri bilen birlikde täze ulgama geçişi amala aşdy. Türkiýedäki saýlawlar ýurduň içinde 87 göterim gatnaşyk bilen uly gyzyklanma döreden bolsa, dünýä jemgyýetçiligi hem saýlawlar bilen ýakyndan gyzyklandy. Türkiýedäki saýlawda Erdoganyň we “Jemhur” arkalaşygynyň üstün çykmagy hem daşary syýasat hem-de terrorçylyga garşy göreş taýdan “dowam” häsýetli netijedir.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Soňky döwürde Türkiýe daşary syýasatda netijeli we proaktiw çemeleşmä eýe bolup, Türkiýäniň milli bähbitlerine laýyklykda köp ugurly hereket etdi. Bir tarapdan NATO-nyň agzalary, beýleki tarapdan Russiýa we Eýran bilen bilelikde işleşýän Türkiýe, şol bir wagtda-da Ýakyn Gündogarda, Balkanlarda, Aziýada we Afrikada netijeli daşary syýasat alyp barýar. Türkiýäniň netijeli daşary syýasatyny goldaýan esasy faktorlaryň hatarynda ynsanperwer kömegi we goranyş senagaty öňe saýlanýar. Dünýä boýunça ykdysady taýdan 13-nji orny eýeleýän Türkiýe ynsanperwer kömegini bermekde dünýäde birinji orny tutýar. Türkiýeden soň dünýäde ykdysady taýdan iň güýçli ýurt bolan ABŞ gelýär. Türkiýäniň ynsanperwer kömek işleri onuň adama goýýan sarpasynyň esasy görkezijilerinden biri.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň goranyş senagatynda edilen ösüşler daşary syýasatdaky pozisiýasyny görkezýän esasy görkeziji. Türkiýäniň Pakistana ATAK dik uçarlaryny satmagy, Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlara sowutly ulag satmagy we şol bir wagtda öz öndürýän ýaraglaryny we ýaragsyz, uçarmansyz howa ulaglary üçin isleg bildirilmegi Türkiýäniň gazanan tehnologik üstünligini görkezýär.

24-nji iýundaky saýlawyň netijesi Türkiýäniň ynsanperwer kömek we goranyş senagatynyň başda durmagynda daşary syýasatdaky çemeleşmesiniň dowam etmegi taýdan möhüm. Türk halky aslyna seredilende somalili kömege mtäç adamlara berilýän kömeginiň dowam etmegini isledi.

Türkiýedäki saýlawyň netijeleri şol bir wagtda terrorçylyga garşy göreş üçin iňňän möhüm. “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terror guramasy DAIŞ-iň Türkiýe serhedinden yza serpikdirilmeginden soň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen Afrin etraby terror guramasy PKK/ÝPG-den saplandy. Yrakda dowam edýän we PKK-nyň Yrakdan Türkiýä gidýän ýollary kesen we terror guramasynyň merkezi Kandili dolulygyny saplamagy maksat edinýän “Berkararlyk” operasiýasynyň saýlawyň netijesi bilen galan ýerinden dowam etjekdigini aýtsak ýalňyşmarys. Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşiň çäginde yglan eden täze doktrinasyna laýyklykda terror guramalaryna garşy serhetleriň daşynda-da alynyp barylar we serhediň aňyrsyndaky terror toparlary ýok ediler. Täze doktrina laýyklykda guralan we guralýan 3 operasiýa bilen şol bir wagtda Türkiýe serhetleriniň çägindäki terror aksiýalary diýseň azaldy. Terroryň gözbaşynda ýok edilmegi netijesinde Türkiýedäki terroryň dolulygyna ýok edilmegi nazarda tutulýar.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň ABŞ bilen kesgitlän iş meýilnamasyna laýyklykda terror guramasy ÝPG Manbij etrabyndan çekiler we NATO-nyň iki agzasy Manbijde howpsyzlygy we dolanşygy bilelikde amala aşyrar. 24-nji iýundaky saýlawlardan ozal gazanylan ylalaşyga laýyklykda güýje giren iş meýilnamasy Prezident R.T.Erdoganyň birinji tapgyrda täze dolanşyk ulgamynyň Prezidentligine saýlanmagy netijesinde bökdençsiz dowam edýär. Şol sanda Siriýadaky dartgynlygy azaltmak we parahatçylyk üçin şert döretmek üçin Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň hemaýatkärliginde döredilen we dowam edýän Astana tapgyry hem Türkiýedäki saýlawdan soň üznüksiz dowam eder.



Degişli Habarlar