Ýene-de Oraz Aýy we Çökgünlikleriň Çözülmegi üçin tagalla edýän Türkiýe

Dartgynlyklaryň Ortadan Aýrylmagy Üçin Tagalla Edýan Türkiýe

990796
Ýene-de Oraz Aýy we Çökgünlikleriň Çözülmegi üçin  tagalla edýän Türkiýe

Ýene-de Oraz Aýy we Çökgünlikleriň Çözülmegi üçin

Tagalla Edýän Türkiýe

Dünýäniň barha dartgynlaşýan, terrorçylyk, içerki çakynyşyklar we söweşler bilen durnuksyzlaşýan döwründe mukaddes Remezan aýyny ýene-de dünýäniň ganaýan ýarasy bolan Gazadan şehit habarlary bilen garşy aldyk.

Ysraýylyň döredilen gününiň, 750 müňe golaý palestinalynyň wagşylarça watanlaryndan sürülen, öz watanlarynda bosgunlyga sezewar edilen gününde zulum bilen parahatçylygy buýurmaga synanşýanlar ýene-de işiň başyna geçipdi.

Iýerusalimiň Hukuk Derejesi

Asyrlardan bäri Ybraýym dinleriniň ählisi üçin mukaddes bolan Iýerusalime berilen ýörite dereje ýöne ýerden berilmedi. Dünýäniň ähli döwletleriniň Iýerusalimi haýsydyr bir döwletiň paýtagty hökmünde ykrar etmegi we haýsydyr bir döwletiň ilçihanasynyň Iýerusalimde bolmazlygynyň sebäbi bar. Şeýlelikde BMG-niň 1947-nji ýylda kabul eden 181 belgili karary Iýerusalim üçin BMG-niň dolandyrmagynda halkara rejimiň döredilmegini göz öňünde tutýardy. 1948-nji ýylda gurlan Ysraýyl ilki Günbatar Iýerusalimi, 1967-nji ýyldaky 6 Gün söweşinde bolsa Gündogar Iýerusalimi basyp alýar. BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi Ýakyn Gündogarda adalatly we durnukly parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin degişli ýörelgeleri beýan edýän 242 belgili kararynda Ysraýyly 1967-nji ýyldaky uruşda basyp alan ýerlerinden çekilmäge çagyran hem bolsa, şol seneden bäri Ysraýyl Iýerusalimi mejlisiniň we ministrlikleriniň ýerleşýän paýtagty hökmünde görýär. Ysraýyl 1980-nji ýylda çykaran Iýerusalim kanuny bilen Iýerusalimi dolulygyna paýtagt yglan edende, BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 478 belgili karary bilen ýazgarylyp, Iýerusalimde diplomatik wekilhanasy bolan ýurtlardan wekilhanalaryny Tel-Awiwe göçürmegi islendi. Geňeşin hemişelik agzasy ABŞ sese goýulşyga gatnaşmady, emma karary weto hem etmedi. Şol günden bäri Iýerusalimde ilçihanasy bolan Boliwiýa, Donimik Respublikasy, Ekwador, Guatemala, Haiti, Gollandiýa, Kolumbiýa, Panama, Çili, Uruguwaý we Wenesuela diplomatik wekilhanalaryny Tel-Awiwe göçürmäge başlady. 2006-nji ýylda El Salwador we Kosta Rika hem ilçihanalaryny Iýerusalimden Tel-Awiwe göçürdi. Şeýlelikde Iýerusalimde ýekeje ilçihana hem galmady.

ABŞ Näme Etmek Isleýär?

ABŞ-nyň Kongresi 1995-nji ýylda BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 478 belgili kararyna garamazdan Iýerulisami Ysraýyly paýtagty hökmünde yglan eden we Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel-Awiwden Iýerlisame göçürmek baradaky Iýerusalim ilçihana kararyny çykarýar. Kararda Iýerulisamde açyljak ilçihananyň 1999-njy ýylyň maý aýyna çenli gurulmalydygy nygtalyp, göçürilme meselesi şu günki güne çenli ähli prezidentler tarapyndan şertleriň ynjyklygy we Ýakyn Gündogar meslesinde sebäp boljak agyr netijeleri sebäpli birsydyrgyn yza süýşürildi.

2017-nji ýylyň 6-njy dekbarynda Osman döwletine degişli taryhy ýerde ýehudiler üçin milli ýurduň gurulmagyny wada berýän Balfur jarnamasynyň kabul edilmeginden 100 ýyl soň ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Tramp Tel-Awiwdäki Amerikan ilçihanasyny göçürmek baradaky kararyny yglan etdi. Şol beýannama Ýakyn Gündogar parahatçylygyna we sebitde möhüm bolan durnuklylyga ýetirjek zyýany taýdan taryhy, edil şonuň ýaly hem ýerliksiz beýannama. Şol göçürilme ýönekeý ýer çalşygy däl, basyp alyjylyga halkara legallyk döretme tagallasynyň bir bölegini emele getirýär.

ABŞ sebitde durnuksyzlygyň möwjejekdigini, çaknyşyklara sebäp boljakdygyny bilýändigine garamazdan, halkara jemgyýetçiliginiň garşylygyna seretmezden halkara hukugyna bap gelmeýän kararyny iş ýüzüne geçirip, Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerlisame göçürdi.

Palestinalylar üçin gurlan diwar, gabaw näme many aňladýan bolsa, şol karar hem edil şony aňladýar. Halkara jemgyýetçiliginiň berk garşylygyna seretmezden egilşik etmedik ABŞ-nyň şol göçümi tebigy ýagdaýda palestinalylarda gahr-gazap döretdi. Netijede jemgyýetçilik garşylyk we passiw göreş ýollary bilen hak-hukuk hem-de adalat üçin çagyryş eden müňlerçe adama garşy aşa güýç ulanyldy. Palestinalylar halkara jemgyýetiniň we medianyň gözüniň öňünde Ysraýylyň polis güýçleri tarapyndan şehit edildi, müňlerçesi ýaralandy. Ysraýylyň gurulmagyndan soň gyrylan, öýlerinden we ýerlerinden zor we mekirlik bilen sürgün edilen, öz watanlarynda bosguna öwrülen, hatda-da watansyz galan palestinalylar üçin “uly apat” manysyny aňladýan  Nekbeniň üstünden 70 ýylyň geçendigine garamazdan bar agramy bilen henizem dowam edýändigi ýene-de bir gezek görüldi.

Ýakyn Gündogardaky Ýangyna Suw Daşaýan Türkiýe

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde Hormatly Prezidentimiziň çagyryşyna laýyklykda 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda geçirilen Iýerusalim maslahaty başdan geçirilen şol ýerliksiz we hukuksyz çemeleşmelere “dur” diýmek taýdan iňňän möhümdi. Bütin dünýäde seslenme döreden maslahat köp sanly sebitleýin we halkara guramasynyň hötdesinden gelip bilmedik işini amala aşyrdy.

Türkiýäniň ünsliligi we gumanitar meselelerdäki öňbaşçylygy netijesinde Iýerusalimiň hukuk derejesiniň aň-düşünjä we hukuga bap gelmeýän çemeleşmeler bilen üýtgedilip bilinmejekdigi ýene-de bir gezek subut edildi.

Türkiýe edilen şol başlangyçlaryň esasan Ysraýyl üçin zyýanlydygyny, BMG döredileli bäri çözülmedik Palestina meselesiniň çözülmegine goşant goşmajakdygyny, tersine meseläni has-da çykgynsyzlaşdyrjakdygyny we sebiti hasam dartgynlaşdyrjakdygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Sebitde durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy, çaknyşyklaryň we çökgünlikleriň öňüniň alynmagy üçin uly tagalla edýän ýurt Türkiýedi. Gynansagam şol tagallalar degişli taraplardan goldaw tapmady we parahatçylyk umydy biperwaýlyk bilen puja çykarylmaga dowam edildi.

Zulum çekenleriň ejirini diňdirmek üçin “Mawy Marmara” gämisi ugradylanda bigünä we ýaragsyz adamlar öldürilipdi. Başdan geçirilenleriň gam-gussasy entek ýatdan çykarylmanka palestinalylaryň edilýän basyşyň ýeňledilmegi üçin Türkiýe Ysraýyla jerime we ötünç soramak arkaly meseläni çözme pursadyny hödürledi. Emma ýene-de edilen kömekler töhmet, gara propoganda bilen bökdelmäge synanşyldy. Bombalaryň aşagynda uruşdan ejir çeken adamlara ýyly nahar ýetirilýärkä; “Nahar mätäç adamlara däl, terrorçylara berilýär” diýlen töhmetler atyldy. Agzybir maşgalalaryň gurulan, adamlaryň radikallaşmadyk jemgyýet gurluşynda tertip-düzgüniň we parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda iş alyp barýan we ýaşlardan 4000 sanysynyň öýli-işikli bolmagyny üpjün eden TIKA terrorçylara goldaw bermekde aýyplandy.

Parasatlylyk bilen pikir edilende Türkiýäniň berýäň kömekleriniň dartgynlygy gowşadýandygy, çökgünligiň netijelerini azaldýandygy görülýär. Türkiýe ähli kynçylyklara garamazdan sebitde asudalygyň we parahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi üçin bar güýji bilen işlemegä dowam edýär. Şu remezan aýynda-da ýaralylaryň öýlerine saglyk hyzmatlary getirilýär, derman we saglyk enjamlary Gaza ugradylýar, bir aýyň dowamynda 1000 maşgala jemi 200 müňe golaý adama ýyly nahar paýlanar we 12 müň maşgala azyk kömegi beriler. Berilen gyssagly ynsanperwer kömekleri bilen esasanda Gazadaky günsaýyn agyrlaşýan şertleriň azda-kände hem bolsa gowulanmagy nazarda tutulýar, uzak möhletde ýaýbaňlanýan ösüş kömekleri bilen palestin halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna goşant goşular.

Türkiýäniň şol tagallalary adalata we parahatçylyga esaslanýan iki döwletli çözgüdi goldap, bir tarapdan Ysraýylyň sebitdäki legallyk gözleglerine hem jogap berýar we Ysraýylyň halkyna hem goldaw bermekdir. Ysraýyl aýralyk diwarlary bilen, diýdimzorlyk bilen, ýaraglar we bombalar bilen palestinalylary ýok etmäge synanşmak arkaly däl; döwleti adalat bilen, merhemet bilen dolandyrmark arkaly legallygy üpjün edip biljekdigine göz ýetirmeli.

Dartgynlyklaryň Ortadan Aýrylmagy Üçin Tagalla Edýan Türkiýe

Adalat we merhemet gymmatlyklaryny goramagy taryhy missiýasy we döwlet däbi hökmünde kabul eden Türkiýe din, dil we millet tapawudyny goýmazdan elmydama zulumyň garşysynda, zulum çekeniň ýanynda durdy. Onuň ençeme mysalymyny taryhda görmek mümkin. 1492-nji ýylda 200 müňe golaý ýehudi Ispaniýada duçar bolan basyşy we gynamalary sebäpli Osman döwletine sygyndy. Ýehudiler Osman imperiýasynda jemgyýetde we döwletde möhüm wezipeleri eýelemegiň hötdesinden geldiler. Şeýle mysallary respublika ýyllarynda hem görmek mümkin. Türkiýe ýehudileriň 2-nji Jahan urşunyň dowamynda faşistleriň zulumyndan goralmagy üçin elinden gelen tagallany etdi. Şol döwüde Türkiýäniň Marsiliýadaky konsuly bolan Nejdet Kent Faşistiň Germaniýa tarapyndan basylyp alynan Fransiýada ýaşaýan we nemes konslagerlerine ugradyljak köp sanly ýehudä türk pasportyny çykartdyryp, olary şol zulumdan halas edipdi. Şol döwürde Türkiýäniň Rodosdaky başkonsuly we Türk Şindleri atlandyrylýan Selahattin Ülkümen Germaniýa bilen Türkiýäniň arasynda gatnaşyklaryň dartgynlaşma ähtinallygyna garamazdan Rodos adasyndan konslagerlere alynyp gidilmek islenen türk ýehudilerini nemes generalyna bermändi. Taryhdaky şol mysallara seredilende Türkiýäniň şu günki tagallasyna has-da gowy düşünmek bolar.

Türkiýäniň özüni aýrylmasyz bir bölegi hökmünde kabul edýän sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna sarpa goýulmaly hem-de şol taryhy pursatdan ýerlikli peýdalanylmaly. Şu günki günde çaknyşyk we durnuksyzlyk merkezi hökmünde görülýän sebiti 400 ýylyň dowamynda adalatlylyk bilen dolandyran we tapawutly dinlere ynanýan etniki gatlaklaryň parahatçylykly, asuda şertde ýaşamagyny üpjün eden Osman imperiýasynyň mirasyna eýe bolan döwlet, şübhesiz sebitiň başdan geçirýän durnuksyzlygyna çözgüt tapmaga uly goşant goşar.

Türkiýäniň maksady hiçbir şertde we wagtda başga ýurtlary häkimiýeti astyna alyp, olary ekspluatirlemek we öz bähbitlerine ýetmek bolmady. Tersine öz milli serhetleriniň çägindäki adamlar üçin hem dünýäniň adalatly we eşretli bolmagy ugrunda göreşýär. Şeýlelikde Türkiýe 80 milliony däl, 7,5 milliard adamy gyzyklandyrýan global maksada ýetmek isleýär. Bu meseledäki içginligini Mýanmada we Bangladeşde görkezdi. Arakanda gyrgynçylyga sezewar bolan we ýüzlerçe müňi Bangladeşe gaçyp baran adamlara Türkiýe müňlerçe kilometr alysdan gujak açdy. Prezidentimiz meseläniň başyndan bäri ýokary derejede diplomatik tagalla girişdi we dünýäniň ünsüni sebite çekmäge synanşdy. Bangladeşe sygynyp, lagerlerde ýaşamaga başlan ýüzlerçe müň bosguna TIKA-nyň ýyly nahar kömegi her gün dowam edýär. Türkiýäniň 5,500 kilometr alysdan şeýle kömegi berip, öz bähbidine ýetmek isleýändigini kim aýdyp biler? Türkiýäniň tagallasy bar bolan ulgamyň öz bähbitleri üçin dünýäni barha çykgynsyzlaşdyrma tagallasyna baş götermekden başga zat däl.

Türkiýe-Ysraýyl Gatnaşyklary

Türkiýe Respublikasy Ysraýyl bilen bolan diplomatik gatnaşyklaryny sebitiň parahatçylygyna we durunklylygyna goşant goşjak tagallalaryň bir bölegi hökmünde kabul edýär. Ysraýylyň sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen eden uruşlary we başdan geçiren dartgynlyklary göz öňünde tutulanda gatnaşyklary kadaly dowam etdirilmegi Ysraýylyň sebitde ýekirilmeginiň öňüni alýar.

Palestinada başdan geçirilen çökgünlikden  soň Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklary dartgynlaşýar. Türkiýäniň pozisiýasy we gumanitar çemeleşmesi wagtal-wagtal Ysraýylyň hökümetiniň göwnünden turmaýar we ol iki ýurduň özara gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirýär. Gazada başdan geçirilen soňky wakadan soň ilçileriň wagtlaýynça ýurtlaryna dolanmaklary, diplomatik gatnaşyklaryň derejesiniň peseldilip-peseldilmejekdigini gün tertibine getirdi. İlçileriň wagtlaýynça yzyna çagyrylmaklary ýerlikli bolar, emma diplomatik gatnaşyklaryň uzak möhletli kesilmegi başdan geçirilýän wakada ejir çekýän palestinalylara sanksiýa goýulmagy manysyny aňladar. “Mawy Marmara” hüjüminden soň 6 ýyl dowam eden dartgynlyk, ilçileriň iki taraply bellenmegini ýola goýan ylalaşyk netijesinde gowşapdy. Gaýtadan başlan diplomatik gatnaşyklar Türkiýäniň Palestina meselesine goşant goşmagyny we kömekleriň ýetirilmegini ýeňilleşdirdi. Şeýlelikde Iýerusalim basylyp alyndy, Gaza gabaw astynda, Günbatar Şeria bolsa gurşaw astynda. Palestina barýan ýollar hukuga bap gelmeýän hem bolsa Ysraýylyň gözegçiliginde. Bu sepgitde duýguly çemeleşmekden çetde durulmaly, parasatlylyk bilen hereket edip, meseläni çykgynsyzlaşdyrjak başlangyçlardan gaça durulmaly. Guramalarymyz hem utgaşykly hereket etmeli, işlerini diplomatik wekilhanalarymyz we işjeň tagalla edýan TIKA bilen geňeşmeler netijesinde meýilleşdirilmeli.

Ysraýylyň hökümeti şu günki güne çenli etmedik hem bolsa, indi halkara jemgyýetçiliginiň sesine gulak asmaly we palestinalylara edýän zulumyny bes etmeli. Taryhda uzak dowam eden sürgünlere duçar bolan milletiň agzalary geçmişde başdan geçiren gam-gussasyny başgalaryna ýaşatmasyn. Beýleki tarapdan dartgynlyklary möwjedýän, adamlara meçew berýän we sebiti durnuksyzlaşdyrýan ýurduň “töwellaçylyk” edip bilmejekdigi indi kabul edilmeli. 100 ýyldan bäri parahatçylygyň hesreti çekýän Iýerusalimde geçmişde bolşy ýaly dürli dine uýýan halklar parahat we asuda şertlerde ýaşamaly.

 

 

 

 



Degişli Habarlar