23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

Şu gün Türkiýe üçin möhüm baýramçylyklardan biri bellenilip geçilýär

717348
23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

Şu gün Türkiýe üçin möhüm baýramçylyklardan biri bellenilip geçilýär. 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylan güni soňky ýyllarda Milli häkimiýet we çagalar baýramy hökmünde bellenilmäge başlanýar. Bu gün Soltanlygyň bes edilip, Milli häkimiýetiň millet tarapyndan ulanylmagy we Azat edijilik söweşinde kakasy şehit bolan çagalary begendirmek üçin göz öňünde tutulan çagalar baýramynyň birleşmegi bilen ýüze çykdy. Türkiýänin çar tarapynda mekdep okuwçylary tarapyndan dabara bilen bellenilip geçilýär. Çagalar mugallymlarynyň guraýan çärelerinde maşgala agzalary bilen duşuşýar we baýramy şatlyk bilen belläp geçýärler.

 



Degişli Habarlar