16-njy aprel: Türk demokratiýasy üçin taryhy günlerden biri

Referendumyň ýüze çykaran birnäçe möhüm netijesi bar

16-njy aprel: Türk demokratiýasy üçin taryhy günlerden biri

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde “Dailý Sabah” gazetinde çap edilen makalasy.

16-njy aprel: Türk demokratiýasy üçin taryhy günlerden biri

 

Sene 16-njy aprel, Türkiýänin içerki we sebitleýin meselelerde has giň ygtyýara eýe bolmagy üçin degişli şertleri döretjek we ýurduň demokratiýa medeniýetiniň ösmegine goşant goşar.

16-njy aprel güni millionlarça türk raýaty ses berip, parlamentar dolanşyk ulgamynyň ýerine prezident dolanşygy ulgamyna geçilmegi baradaky konstitutsion özgertmäni tassyklady. 86 göterime barabar gatnaşyk bilen geçirilen referendumda saýlawçylaryň 51,4 göterimi özgertmä goldaw berdi. Şeýlelikde döwrebap syýasy taryhynda täze sahypa açyldy.

Referendumyň ýüze çykaran birnäçe möhüm netijesi bar.

Ähli zatdan ozal 16-njy apreldäki referendum türk demokratiýa taryhynda öwrülşik nokadyny emele getirýär. Taryhda ilkinji gezek ýurduň haýsy ulgam bilen dolandyryljakdygyna huntaçylar däl, eýsem türk halky karar berdi. 1960-njy ýylda başdan geçirilen harby agdarlyşyk bilen Türkiýäniň demokratik şertlerde saýlanan hökümeti agdarylyp, prezidentlik wezipesiniň syýasy partiýalar bilen arabaglanşygy kesildi we ejiz koalision hökümetlerini ýüze çykarmagy nazarda tutýan partlamentar ulgam döredilipdi. Bu konstruktiw özgertme saýlananlaryň harby hökmürowanlyk ulgamyndan ejiz bolmagyny kepillendirip, hökmürowanlaryň syýasaty kesgitlemegine, hökümetlere basyş etmegine ýa-da saýlananlary agdarmagyna şert döredýärdi. Türkiýe 2002-nji ýyldan bäri Prezident R.T.Erdoganyň liderlik etmeginde syýasy durnuklylyga eýe bolan hem bolsa, ýurduň geljekde başarnyksyz koalision hökümetleri tarapyndan dolandyrylma howpy elmydama bardy. Türk halky 16-njy aprelde konstitutsion özgertmäni kabul edip, ýurtlarynyň geljeginiň durnuklylygyny kepillendirdi.

Türk halky 2019-njy ýylda ses berende gönüden halkyň öňünde jogapkär boljak täze prezidenti we täze halk deputatlaryny saýlar. Ýerine ýetiriji organyň ýolbaşçysy hökmünde saýlanjak nobatdaky prezident ýurdy dolandyrmak üçin saýlawçylaryň esasy böleginiň goldawyny almaly bolar. Täze ulgamda mejlisiň dolanşyk boýunça kanun çykarmak, prezidentler barada derňew işini gozgamak, hat-da ony wezipeden boşatmak ýaly ygtyýarlary bolar. Güýçli deňagramly we gözegçilik mehanizmine eýe bolan ulgamda prezident hem-de mejlis esasy meselelerde utgaşyklyk üçin bilelikde işleşmeli bolar.

Referendumyň getiren beýleki bir möhüm netijesi bolsa şundan ybarat; Türkiýede kürtleriň köpçülikleýin ýaşaýan etraplarynda “kabul” kapaniýasy garaşylýanyndan has ýokary goldaw tapdy. Entek anyk bolmadyk netijelere görä 2015-njy ýyldaky umumy saýlawda Adalat we ösüş partiýasynyň 24,8 göterim ses alan Muş welaýatynda saýlawçylaryň 50,8 göterimi konstitutsion özgertmäni goldady. Diýarbakyr, Siirt, Wan we Mardin welaýatlarynda şeýle netijeler görüldi. Bu netije saýlawçynyň terror guramasy PKK-ny we Halklaryň demokratik partiýasynyň terrory aklama syýasatyny ret edendigini görkezýär. Kürtleriň esasy bölegi demokratik özgertmeleri, maýa goýumlaryny, döwlet ulgamyny we PKK garşy göreşi goldaýar. Kürtler bilen PKK-nyň arasynda çürt-kesik tapawut goýýan Prezident Erdogan we hökümet ýaňadandan kürt saýlawçysynyň ynamyna girdi.

Şeýle-de günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we Ýewropaky käbir hökümetler Türkiýede uly ygtybar ýitirdi. Ýewropadaky käbir hökümetleriň referendum kampaniýasynyň dowamynda eýelän pozisiýasy Türkiýede berk garşylyk döretdi we Ýewropa bilen gatnaşyklaryň geljeginde sorag belgisini ýüze çykardy. Aç-açan aýdylanda ýewropaly liderler diňe “garşy” kamapiýa goldaw berip, referenduma goşulyşmak bilen çäklenmedi, şol bir wagtda-da diplomatik kadalary bozup, türk ministrleri bilen birlikde konstitutsion özgertmäni goldaýanlaryň daşary ýurtlarda ýaşaýan millionlarça türk saýlawçysyna maglumat bermegini bökdedi.

Beýleki mesele bolsa iki standartlylyk bilen bagly: ÝB-nin İtaliýada syýasy durnuklylygy üpjün etmek üçin saýlaw kanunynyň özgerdilmegine beren goldawyny ýatlanymyzda türk halky şol Ýewropanyň Türkiýede ediljek birmeňzeş başlangyçlara näme sebäpden garşy durýandygyny bilesi gelýär. Bu tapgyrda halkara mediasy Türkiýä düşünmekde we referendumyň netijesini çaklamakda başarnyksyz boldy. Konstitutsion özgertme teklibini üns bilen okap, oňa düşünmegiň ýerine köp sanly habarçy we analitik referendumy Türkiýäniň Prezidentini ygtybarsyzlaşdyrmak üçin täze “pursat” hökmünde gördi. Günbataryň gazetlerinde çap edilen habarlary we analizleri okan köp sanly türk okyjysy hamala diýersiňiz “garşy” kampaniýasy tarapyndan paýlanan broşuralary okan ýaly boldular.

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň we Ýewropa geneşiniň Parlamentarlar geňeşiniň synçy wekiliýetleri hem şol meseleden jogapkär ýaly. Duşenbe güni beýan edilen alynky habarnamada referendumyň “tehniki taraplarynyň başarnykly gönükdirilendigi”, emma kampaniýanyň deň bolmadyk şertlerde geçirilendigi öňe sürüldi. Bu habarnamada, habarnamany ýazan wekiliýetiň käbir agzalarynyň Türkiýe we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilýän PKK sosial mediada aç-açan goldaw berendigi ýüze çykdy. Ol hem olaryň tarapsyzlyklarynda şübhe döretdi.

Prezident dolanşygy ulgamyna berilen goldawyň entek geçen aýlardaky 30 göterimlik derejeden 50 göterimden gowraga ýetip, 25 milliondan gowrak adama ýetendigini ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Şübhesiz täze ulgamyň Türkiýä goşjak goşantlary we geljegimizi nähili ynamly ýagdaýa getirendigi görenlerler konstitutsion özgertmägeni goldamaga başlarlar. Bir tarapdan prezident dolanşygy ulgamyna geçmek üçin kanuny özgertmeler edilýärkä, beýleki tarapdan-da Türkiýe ýekşenbe güni geçrilen taryhy referendumyň netijesinde içerki we sebitleýin meseleler boýunça has depginli we netijeli çäreleri görüp biler.


Etiketkalar: referendum , netije , makala

Degişli Habarlar