Türkiýe, Rakka operasiýasy meselesinde ABŞ-na taýarlan ýörite meýilnamasy bilen jogap berdi

Türkiýe, Siriýanyň Rakka şäherine operasiýa guralmagy meselesinde tutanýerli tutum alyp barýan ABŞ-na taýarlan ýörite meýilnamasy bilen jogap berdi

669622
Türkiýe, Rakka operasiýasy meselesinde ABŞ-na taýarlan ýörite meýilnamasy bilen jogap berdi

Meýilnamada Rakkada DAIŞ-e uruljak zarbanyň Tel Abýadyň üsti bilen guraljak operasiýa arkaly amala aşyrlyp bilinjekdigi nygtaldy.

Meýilnamada terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölümi PÝD-siz howpsyz zolagyň döredilmegi islenýär.

Amerikaly ýolbaşçylara meýilleşdirilýän operasiýa hakynda ýörite habarnama hödürlän türk ýolbaşçylar, Amerikanyň Merkezi razwetka gullugynyň täze başlygy Maýk Pompeonyň Ankara guran resmi saparynyň çäginde meseläni gün tertibine getirdi.

Rakka operasiýasy baradaky meýilnamada logistiki we howpsyzlyk taýdan iň amatly liniýanyň “Tel-Abýad-Aýnel İsa-Rakkadygy” nygtaldy.

PÝD/ÝPG terror guramasynyň gözegçiligi astynda bolan Tel-Abýad liniýasynyň ulanylmagynyň ABŞ üçin içginligiň synagydygyny aýdan töwerekler, “Amerika DAIŞ-i Rakkadan kowup çykarmak meselesinde içgin çemeleşýän bolsa, Siriýanyň territorial bitewiligine sarpa goýan bolsa,  Rakka Tel-Abýadyň üsti bilen gidilmeli. Türkiýe bu meýilnamany durmuşa geçirýärkä Russiýa bilen Eýrany hem nazarda tutmalydyr” diýýär.

Al Babdan Rakka tarap barýan ýol, Tabka bendinden gidilen halatynda 170 kilometr.

Çobanbeýden Al Baba barýan 40 kilometrlik ýol nazarda tutulan halatynda logistiki taýdan 210 kilometr alyslyk ýüze çykýar.

Şol alyslyk sebäpli hem ýangyç üpjünçiligi hem-de ýolyň howpsyzlygynyň gözegçilik astyna alynmagy kyn bolup biler.

Operasion güýçler Rakka tarap barýarka Asada tabynlykdaky güýçlere gabat gelip biler we bu hem operasiýa taýdan howply bolup biler.

Şol ýoluň ugrunda DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky ýerlerden geçirilmegi hem operasiýanyň uzamagyna sebäp bolup biler.

Türkiýäniň kesgitlän Tel Abýad-Aýn El-İsa-Rakka liniýasy bolsa 90 kilometr.

Serhetden başlap şol ýoluň 70 kilometri PKK/PÝD-niň gözegçiligi astynda we ol ýerden Rakka barmak üçin 20-25 kilometrlik ýol geçilmeli.

ABŞ-nyň içginliginiň bu meselede synagdan geçjekdigine ünsi çekýan töwerekler, Türkiýäniň DAIŞ-e garşy göreşdäki içginligi bilen haýsydyr bir duzaga düşmezlik üçin ünsli çemeleşilmegi barada duýduryş berýär.

Şol çäkde 90 kilometr uzynlygyndaky meýilnamanyň we dünýä ýurtlary tarapyndan ýakyndan bilinýän Ýefrat derýasynyň günbataryndaky howpsyz zolagyň dolululygyna howpsyz ýagdaýa getirilmeginden soň Rakka operasiýa guralmalydygy nygtalýar.

Türkiýäniň taýarlan meýilnamasy Ýefratdyň günbataryndan Jarablus, Münbiç, Al Bab, Tel Rifat we Azez liniýasyny öz içine alýar.

Sebiti ýakyndan tanaýan töwerekler Türkiýe üçin şol sebitiň howpsyzlygynyň Rakkadan has möhümdigi barada duýduryş berýär.

Eýsem Rakka operasiýa Türkiýe üçin näme sebäpli möhüm?.

Türkiýe Rakka operasiýasynyň PKK/PÝD bilen birlikde guralmagyna garşy çykýarka, şol operasiýa bilen; Rakka saplanan halatynda terror guramasy DAIŞ-iň Türkiýe bilen arabaglanşykly ähli arabaglanşygynyň kesilmegini, PKK/PÝD güýçleriniň sebiti terk etmegini, sebitiň dolulygyna terrorçylardan saplanmagyny, PKK/PÝD we DAİŞ sebäpli öýlerini terk eden müňlerçe adam yzyna dolanmagyny göz öňünde tutýar.



Degişli Habarlar