Milletiň baýlygy millete dolanyp barýar: “Milli Gazna”

“Milli Gazna” näme diýmek? Geliň ýakyndan ser salalyň

667239
Milletiň baýlygy millete dolanyp barýar: “Milli Gazna”

“Milli Gazna” näme diýmek? Geliň ýakyndan ser salalyň.

Milli gaznalar, dürli maliýe serişdeleriniň girdejisini maýa goýuma gönükdirmegi nazarda tutýan, döwlet eýeçiliginde we dolanşygynda işleýän gaznalardyr.

Türkiýe hem şol çäkde 2016-njy ýylyň awgust aýynda türk ykdysadyýetiniň güýjüni görkezmek, käbir daşarky basyşlara garşy güýçlendirmek üçin “kepillik” häsýetinde bolan “Türkiýäniň Milli Gaznasy Paýdarlar Jemgyýetini” döretdi.

Ministrler kabinetine tabynlykdaky bu gaznanyň esasy iş ugry täze gaznalaryň döredilmegi we dolandyrylmagy, inwistisiýa bazarlaryndaky serişdeleriň köpdürliligine we çuňlugyna goşant goşmak, ýurduň içinde döwlet eýeçiligindäki serişdeleri ykdysadyýete degişli etmek, daşardan serişde getirmek, strategik we uly göwrümli maýa goýumlaryna şäriklik etmek hökmünde beýan edilip bilner.

Ykdysadyýetiň milli tarapyny güýçlendirmek üçin döredilen gaznanyň esaslandyryjy serişdesi Hususylaşdyryş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi.

“Türkiýäniň Milli Gaznasy Paýdarlar Jemgyýeti” bilen oňa tabynlykdaky firmalary ýa-da şärikleri bilen gaznalary we çäginde dörediljek aşakky gaznalary öz içine alýan 3 ýyllyk strategik maýa goýum meýilamasy, 5 ýyllyk Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan taýarlandy we Ministrler kabinetiniň tassyklamagyndan soň güýje girdi.

Inwistisiýa bazary kanunyna laýyklykda konstruktiw dolandyryş düzgünlerine tabyn bolan paýdarlar jemgyýeti, Türkiýe Milli gaznasy we dörediljek aşakky gaznalar garaşsyz gözegçilige tabyn bolar.

Şeýle gazna dolanşyklarynyň esasy hereket nokady serişdelerden howp we girdeji deňagramlygyna görä gazanç maksatly peýdalanmakdyr.

Ine Türiýe hem şol maksada laýyklykda Ziraat Banky, Halkbank, Türk Howaýollary, Turba geçirijiler bilen nebit akdyryş paýdarlar jemgyýeti, Türkiýe nebitleri paýdarlar jemgyýeti, PTT, Birža Stambul paýdarlar jemgyýeti, Türksat Uýdunet Aragatnaşyk Kabel TW we dolandyryş paýdarlar jemgyýeti, Eti magdan bilen jemi ululygy 2,2 million inedördül metrden köp bolan 46 gozgalmasyz emlägi Türkiýe Milli gaznasynyň garamagyna berdi.

Şeýlelikde girdejilerinin ählisini maýa goýum hökmünde peýdalanmaýan şol edaralaryň serişdeleri bir ýerde jemlenip, geljegi uly bolan ugurlara sarp ediler.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş şol firmalaryň Milli gazna degişli edilmegindäki maksadyň, döwletiň elinde güýçli serişde döretmek we “ykdysady salwolara garşy özüni gorajak işjeň struktura” döretmekden ybaratdygyny aýtdy.

Prezidentiň baş geňeşçisi Jemil Ertem bolsa halkara gözegçiligine açyk boljak Milli gaznanyň, türk maliýe bazarlarynyn has önjeýli işlemegini, bank ulgamynyň inwistisiýa bazarlary tarapyndan goldanmagyny üpjün etjekdigini nygtady.

Ertem: “Şeýlelikde Türkiýede blok hususylaşdyrma döwrüniň ýapylandygyny, milletiň baýlygynyň ýaňadandan millete dolanyp barmagyny ýola goýjak täze hususylaşdyrma döwrünin başjakdygyny aýdyp bileris. Türk serişdeleriniň daşary ýurtlarda peýdalanyljak döwrüne gadam basýarys. Türk serişdeleri dünýä bazarlaryna çykar” diýdi.



Degişli Habarlar