Kalyn: “ABŞ terror guramalaryny legallaşdyrmagyny bes etmeli”

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň terror guramalaryny legallaşdyrmagyny bes etmelidigini nygtady

649819
Kalyn: “ABŞ terror guramalaryny legallaşdyrmagyny bes etmeli”

Twitter hasabyndan beýanat beren Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM-yň twitterdäki hasabyndan PÝD/ÝPG-niň hyýanatçy terror guramasy PKK bilen arabaglanşygynyň ýokdugyny öňe sürüp beren beýanatyna nägilelik bildirdi.

CENTCOM-yň beýanatynyň terror guramasyny duzdurmagyň ýerine kanunylaşdyrýandygyny bellän Kalyn: “Bu bir oýunmy ýa-da CENTCOM logikasyny ýitirdimi? Hakykatdanam muňa biriniň ynanjakdygyna ynanýarsyňyzmy? ABŞ terror guramalaryny legallaşdyrmagyny bes etmeli” diýdi.

CENTCOM düýn twitter arkaly beren beýanatynda aglaba bölegi PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD/ÝPG tarapyndan ybarat bolan Siriýanyň Demokratik Güýçleriniň (SDG) “PKK bilen arabaglanşygymyz ýok” diýip beren beýanatyny paýlaşyp PÝD goldaw berdi.

CENTCOM: “SDG-nyň PKK bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýa-da gatnaşygynyň ýokdugyny tassyklaýar” diýip PÝD goldaw berdi.


Etiketkalar: #CENTCOM , #SDG , #PÝD , #PKK , #ABŞ , #Ibrahim Kalyn

Degişli Habarlar